img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Ykrar etmek işiniň guralyşy Ykrar etmek işiniň tertibi Zerur resminamanyň sanawy Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji

Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň TERTIBI

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 16-njy martynda çykaran 1176-njy karary bilen tassyklandy.

Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň tertibi:

Şu Tertip daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary (mundan beýläk - Resminamalar) Türkmenistanda ykrar etmek bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Türkmenistanyň raýatlaryna, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara daşary ýurt döwletlerinde 1993-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň berlen Resminamalar ykrar edilmäge degişlidir. Şunda 1993-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan öň okuwa girip, bu seneden soň alnan Resminamalar Türkmenistanyň Döwlet synaglary tabşyrylmazdan ykrar edilýär.

Resminamalary ykrar etmek işi Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar. Resminamalary ykrar etmek üçin bildirilýän talaplar:

Resminamalar şu hünär bilimi edaralary tarapyndan berlen bolmalydyr:

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar üçin döwlet hünär bilimi edaralary, beýleki daşary ýurt döwletleri üçin şol döwletlerde resmi ygtyýarlygy bolan hünär bilimi edaralary tarapyndan;

Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň hem-de ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatorlarynda görkezilen jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary boýunça Resminamalar dünýäniň okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň kesgitleýän sanawyna giren ýokary okuw mekdepleri tarapyndan;

okuwlar gündizki (önümçilikden aýrylmak şerti bilen) görnüşinde bolmalydyr.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar üçin hünär bilimi maksatnamasyny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen möhletlerden az bolmaly däldir. 

Beýleki daşary ýurt döwletleri üçin hünär bilimi maksatnamasyny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (UNESCO) tarapyndan tassyklanan Bilim klassifikasiýasynyň Halkara standartynda bellenen möhletlere laýyk gelmelidir.

Şu Tertibiň dördünji böleginiň: 

1-nji bendinde görkezilen talaplar şu Tertip herekete girmezden öň hereket eden kanunçylyga laýyklykda okuwa girenleriň Resminamalaryna degişli däldir;

1-2-nji bentlerinde görkezilen talaplar aşakdakylara degişli däldir:

Türkmenistanyň hökümetara, pudagara halkara şertnamalaryna laýyklykda okuwa iberilen adamlara berlen Resminamalara;

2014-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndan öň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet ýa-da döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk döwlet akkreditasiýasyny ýa-da halkara akkreditasiýasyny geçen hünär bilimi edaralaryna, beýleki daşary ýurt döwletleriniň bolsa, şol döwletlerde resmi ygtyýarlygy bolan bilim edaralaryna okuwa girip, okuwyň gündizki-gaýybana ýa-da gaýybana görnüşi boýunça okuwy tamamlap alnan Resminamalara;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarynyň çözgüdi esasynda ykrar edilýän Resminamalaryna;
ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlere bolan zerurlyklaryny esaslandyryp beren ýüztutmasy boýunça, degişlilikde Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň bölümleriniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarynyň rugsady ýa-da iki ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolup, okuwa girenleriň Resminamalaryny ykrar etmek barada iş berijisiniň towakganamasy bolan ýagdaýynda, 2014-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndan şu Tertip herekete girýänçä okuwyň gündizki-gaýybana ýa-da gaýybana görnüşine okuwa girip, okuwy tamamlap alnan Resminamalara.

3) 3-nji bendinde görkezilen talaplar aşakdakylara degişli däldir:

hünär biliminiň binýadynda okuwyň gysgaldylan görnüşinde okalyp alnan Resminamalara;

aýratyn tapawutly ukyplylaryň okuw maksatnamasyny özbaşdak okuw meýilnamasy boýunça wagtyndan öň özleşdirip alan Resminamalaryna.

Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň hem-de ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatorlarynda görkezilmedik hünärler (taýýarlygyň ugurlary) boýunça daşary ýurt döwletleriniň hünär bilimi edaralarynyň beren Resminamalary degişli ugurdaş hünär boýunça ykrar edilýär.

Hünärleriň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, degişli (ugurdaş) hünär bilimine bildirilýän talaplara laýyk getirmek maksady bilen, bir ýyla çenli möhletde goşmaça tölegli okuwlar guralýar.

Daşary ýurt döwletiniň bilim ýa-da bilim çygrynda dolandyryşy amala aşyrýan edarasynyň beren resmi haty ýa-da arhiw kepilnamasy uçurymyň hakykatdan hem okandygyny, okuw meýilnamasyny doly özleşdirendigini we onuň adyna Resminama berlendigini, Resminama bolsa, uçurymyň taýýarlygynyň mazmunynyň we hiliniň döwlet bilim standartlaryna laýyklygyny tassyklamak üçin esas bolup durýar.

Resminamalary ykrar etmek üçin olaryň eýeleri Türkmenistanyň jemgyýeti öwreniş we hünär ugruna degişli dersle boýunça Türkmenistanyň Döwlet synaglaryny bellenen tertipde tabşyrýarlar.

Döwlet synaglary ýylda 4 gezek (fewral, maý, sentýabr we noýabr aýlarynda) döwlet dilinde geçirilýär.

Türkmenistanyň Döwlet synaglaryndan üstünlikli geçenleriň ýa-da şu Tertibiň ikinji bölegine laýyklykda synaglardan boşadylanlaryň Resminamalarynyň ykrar edilendigi barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky ykrar şahadatnamasy berilýär.

Şu Tertibi ulanmak boýunça gözükdiriji Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bellenen tertipde tassyklanylýar.


Ýükle