img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Ykrar etmek işiniň guralyşy Ykrar etmek işiniň tertibi Zerur resminamanyň sanawy Resminamalary ykrar etmek boýunça gözükdiriji

Ykrar etmek işiniň guralyşy

Ykrar etmek işiniň guralyşy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2019-njy ýylyň 29-njy martynda çykaran 80 belgili buýrugy bilen tassyklanylan “Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça gözükdiriji” (Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2021-nji ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 46 belgili, 2023-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda çykaran 20 belgili buýruklary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2021-nji ýylyň 1-nji martynda 1450 bellige alyş hem-de 2023-nji ýylyň 1-nji fewralynda 1685 belgisi bilen döwlet belligine alnan) esasynda ýerine ýetirilýär.

Ykrar etmek işiniň guralyşy

Daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri tarapyndan berlen Resminamalary ykrar etmek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň amala aşyrýan işleri:

1) Daşary ýurt döwletlerinde berlen Resminamalary Türkmenistanyň çäginde ykrar etmek baradaky iş toparyny düzmek;

2) Şu Gözükdirijiniň “Ykrar etmek işini geçirmek üçin zerur resminamalaryň sanawy” atly III babyna laýyklykda, resminamalary kabul etmek işini guramak (hasaba almak);

3) Ykrar etmek bilen bagly resminamalary kabul etmek üçin ýokary okuw mekdepleriniň jogapkär wekillerini işe çekmek;

4) Kabul edilen resminamalary şu Gözükdirijiniň bäşinji bölegine laýyklykda, seljermek, şeýle hem netijenama taýýarlamak we Döwlet synaglaryny geçirmek üçin Türkmenistanyň degişli ýokary we orta hünär okuw mekdebine ibermek;

5) Daşary ýurt döwletlerinde berlen Resminamalary ykrar etmek baradaky Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň iş toparlarynyň netijenamalaryna garamak we Döwlet synaglarynyň netijeleri boýunça karar kabul etmek;

6) Daşary ýurt döwletlerinde berlen Resminamalary ykrar etmek hakyndaky buýrugy çykarmak hem-de Daşary ýurt döwletlerinde berlen bilim hakyndaky resminamanyň ykrar edilendigi barada Ykrar şahadatnamasyny (mundan beýläk - Ykrar şahadatnamasy, şu Gözükdirijä goşundy) doldurmak üçin degişli ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ibermek we doldurylan Ykrar şahadatnamasyna gol çekip tassyklamak;

7) Ykrar şahadatnamasyny bermek;

8) “Hukuk işi” hünäriniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, daşary ýurt döwletlerinde “hukuk işi” ugry boýunça Türkmenistanyň raýatlaryna berlen ýokary hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmek üçin 3 aý möhletli tölegli okuwlary öz içine alýan okuw meýilnamasyny düzmek we Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde tassyklamak;

9) Daşary ýurt döwletlerinde “hukuk işi” ugry boýunça berlen ýokary hünär bilimi hakyndaky resminamalaryň Türkmenistanda ykrar edilmegi üçin ýüz tutýan Türkmenistanyň raýatlaryndan synaglary kabul etmek üçin Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekillerinden ybarat Döwlet synag toparyny döretmek we onuň düzümini degişli tertipde tassyklamak baradaky teklibi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlarynyň garamagyna hödürlemek;

10) Resminamalary ykrar edilen raýatlaryň sanawyny resmi “Iş üpjünçilik” portalynda ýerleşdirmek üçin Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine ibermek;

11) Resminamalary ykrar etmegiň we okuwlary guramagyň tertibine degişli maglumatlary Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Internet torundaky resmi web - saýtynda ýerleşdirmek.

Daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri tarapyndan berlen Resminamalary ykrar etmek boýunça Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň amala aşyrýan işleri:

1) daşary ýurt döwletlerinde berlen Resminamalary, Türkmenistanyň çäginde ykrar etmek işlerini alyp barmak üçin iş toparyny düzmek;

2) Şu Gözükdirijiniň “Ykrar etmek işini geçirmek üçin zerur resminamalaryň sanawy” atly III babyna laýyklykda resminamalary kabul etmek (hasaba almak) üçin jogapkär wekilleri bellemek;

3) Resminamalaryň şu Gözükdirijiniň bäşinji böleginiň talaplaryna laýyklygyny barlamak;

4) Daşary ýurt döwletleriniň bilim maksatnamasynyň hünär ýa-da taýýarlyk ugry boýunça berilýän bilimlere we her bir kär üçin bildirilýän talaplara laýyk gelşini seljermek;
Türkmenistanyň hünär bilimi edarasynda taýýarlanylmaýan hünärler (taýýarlygyň ugurlary) boýunça okalyp ýa-da okuw döwründe hünärini (taýýarlygyň ugruny) üýtgedip, daşary ýurt döwletiniň okuw mekdebini tamamlap, alnan Resminamany Türkmenistanyň çäginde ykrar etmek meselesine bilimiň mazmuny boýunça iň ýakyn taýýarlyk ugruna (hünärine) laýyklykda ýa-da önümçilikden degişli wekilleriň (hünärmenleriň, alymlaryň, professor-mugallymlaryň) gatnaşmagynda okalan dersleriň sanawyny, olara berlen akademiki sagatlaryň sanyny, tejribelikleri we beýlekileri öwrenmek arkaly iş topary çözgüt kabul edýär. Ykrar etmek işiniň dowamynda aýratyn ýüze çykýan meseleler bilim edarasynyň alymlar geňeşinde (mugallymlar ýa-da usulyýet geňeşlerinde) seredilip bilner;

5) Resminamanyň goşundysynda okuw ýüki kreditler (hasap birligi) bilen görkezilen ýagdaýynda okuw sagatlarynyň möçberini Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ulanylýan kredit ulgamy boýunça hasaplamak;

6) Türkmenistanyň kanunçylygyna we alnan hünärine (taýýarlygyň ugruna) laýyklykda, bilimiň basgançagy barada teklipnama görkezilen netijenamany taýýarlamak we Türkmenistanyň Bilim ministrligine ibermek;

7) Bilim maksatnamasynyň milli bölegi boýunça bar bolan tapawutlaryň öwezini dolmak üçin maslahat okuwlary hem-de käbir hünärleriň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, gerek bolan halatynda, bir ýyldan köp bolmadyk möhletli hünär (taýýarlyk ugry) boýunça goşmaça tölegli okuwlary guramak;

8) Türkmenistanyň jemgyýeti öwreniş dersleri boýunça Döwlet synagyny geçirmek;

9) Alnan hünärine (taýýarlygyň ugruna) degişli dersler boýunça Döwlet synagyny geçirmek;

10) Daşary ýurt döwletiniň hünär bilim edarasyna okuwa girip, adatdan daşary ýagdaý sebäpli elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanmak arkaly dowam edip alnan Resminamanyň eýesiniň elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanmak boýunça sowatlylygyny barlamak;

11) Döwlet synaglarynyň netijeleri baradaky maglumatlary Türkmenistanyň Bilim ministrligine bellenen nusga laýyklykda ibermek;

12) Ykrar şahadatnamasyny resmileşdirmek (daşary ýurt döwletlerinde berlen bilim hakyndaky resminamanyň ykrar edilendigi barada Ykrar şahadatnamasyny doldurmak) we Resminamalary ykrar etmek meselesine garamagyň netijeleri barada Resminamanyň eýesine, degişli ministrlige ýa-da pudak edarasyna habar bermek.

Ýokary we orta hünär okuw mekdepleri kabul edilýän resminamalaryň şu Gözükdirijiniň talaplaryna laýyklygyna, olaryň dolulygyna we dogrulygyna jogapkärdirler.


Ýükle.