img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Guramanyň gurluşy Umumy maglumatlar

Milli Maglumat Merkezi

2022-nji ýylyň 20-nji noýabrynda  Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda kanuna gol çekdi. Şeýle hem, berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň orta we ýokary hünär bilimli işgärler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakynda resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegi kämilleşdirmek hem-de Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýadan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýada görkezilen milli maglumat merkezleriniň wezipelerini amala aşyrýan ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda gol çeken Karary esasynda döredildi.

Merkeziň işiniň esasy maksady bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, bilim edaralaryna sanly ulgam üçin zerur bolan elektron okuw-görkezme esbaplary, okuw wideo we audio materiallary, elektron okuw kitaplary we gollanmalary taýýarlamaga ýardam bermekden, bilim edaralarynyň maglumat we innowasiýa tehnologiýalary babatdaky işlerini utgaşyklylykda alyp barmakdan hem-de bilim maksatnamalary boýunça bilim bermekden ybaratdyr.