img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Halkara bilim ulgamy boýunça resminamalar Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda

Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda Düzgünnama

...

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň aprel aýynyň «19-na» çykaran 12972 belgili karary bilen tassyklandy

Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy hakynda Düzgünnama

  1. Şu Düzgünnama Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibini kesgitleýär.
  2. Türkmenistanyň raýatlary ministrlikleriň, pudak edaralaryň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň ýollamasy boýunça, şeýle hem hususy tertipde daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine bilim almagyň ähli görnüşleri (gündizki, gündizki-gaýybana (agşamky), gaýybana) boýunça okamaga gidip bilerler.

Daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa gidýän raýatlar Türkmenistanyň Bilim ministrliginden ýa-da Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdürliklerinden daşary ýurtlara okuwa gitmegiň tertibi, şeýle hem gitjek ýokary we orta hünär okuw mekdebi baradaky maglumatlary alyp bilerler.

  1. Türkmenistanyň raýatlary şular tarapyndan daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa iberilýär:

- Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan - döwletara (hökümetara) şertnamalaryna, şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň daşary ýurt döwletleriniň degişli edaralary, guramalary, halkara guramalary hem-de gaznalary bilen baglaşan şertnamalaryna laýyklykda;

- Türkmenistanyň ministrlikleri, pudak edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan - Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ýurt we halkara guramalary, edaralary hem-de gaznalary, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri bilen baglaşylan göni şertnamalaryň esasynda;

- Döwlete dahylly bolmadyk kärhanalar we guramalar tarapyndan - hususy tertipde.

Türkmenistanyň raýatlary hususy tertipde daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okamaga gidip bilerler.

  1. Türkmenistanyň raýatlaryny daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa iberýänler bilen okuwa iberilýän Türkmenistanyň raýatynyň arasynda taraplaryň özara borçlary hem-de hukuklary, okuw mekdebinde okamagynyň şertleri hakynda nusgasy Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanýan şertnama baglaşylýar.
  2. Türkmenistanyň Bilim ministrligi şu Düzgünnamanyň 3-nji bölüminiň ikinji we üçünji bentlerine laýyklykda, döwletara, hökümetara we pudagara şertnamalarynyň esasynda daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa iberilýän Türkmenistanyň raýatlaryny degişli ministrlikler we pudak edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri hem-de Baş bilim müdürlikleri bilen bilelikde bellenen tertipde bäsleşik esasynda seçip alýar we okuwa iberýär.

Bäsleşigi yglan etmek, geçirmek we onuň netijesinde okuwa iberilýän Türkmenistanyň raýatyny seçip almak, Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başga ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň tertibinde amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň halkara şertnamasynda daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdebine okuwa iberilýän Türkmenistanyň raýatynyň bilim derejesini barlamak şert hökmünde kesgitlenýän ýagdaýynda, bäsleşige degişli daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň, halkara guramalarynyň we gaznalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdebine okuwa ibermek üçin Türkmenistanyň raýatlaryny bäsleşik esasynda seçip almakda dersler boýunça halkara we döwlet bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan dalaşgärler ileri tutulýar.

  1. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa iberiljek Türkmenistanyň raýatlarynyň ýaş çäklendirmeleri okuwa kabul edýän taraplaryň berýän talyp ýerleriniň şertlerine laýyklykda bellenilýär.
  2. Daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine hususy tertipde okamaga gidýän Türkmenistanyň raýatlarynyň sany, okuw möhleti, töleg möçberi çäklendirilmeýär.
  3. Daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okamaga gidýän Türkmenistanyň raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek, aljak hünär ugurlaryny anyklamak we olary iş ýerleri bilen üpjün etmegi meýilleşdirmek maksady bilen, olar Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan (şol sanda Internet arkaly) hasaba alynýar.
  4. Daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okamaga baran Türkmenistanyň raýatlary okaýan okuw mekdeplerinde bellenen tertibe laýyklykda bilim alýarlar. Olar okuw mekdebiniň içerki tertip-düzgün kadalaryny berjaý etmelidirler.
  5. Daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär mekdeplerinde okaýan Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara hukugyna laýyklykda Türkmenistanyň goragyndan peýdalanýarlar.

Daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär mekdeplerinde okaýan Türkmenistanyň raýatlary özleriniň goraglylygynyň üpjün edilmegi üçin Türlmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynda ýa-da konsullyk eadaralarynda hasaba durýarlar.

Türkmenistanyň raýatlarynyň okaýan daşary ýurt döwletlerinde adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, şol daşary ýurt döwletlerindäki Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary we kosullyk edaralary bilen bilelikde raýatlarymyzyň goraglylygyny üpjün etmek maksady boýunça degişli guramaçylyk işlerini geçiýär.

  1. Daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan Türkmenistanyň raýatlary bolýan ýurtlarynyň kanunçylygyna, milli gymmatlyklaryna hormat goýmaga, islendik bikanun iş bilen meşgullanmazlyga we şeýle işlere gatyşmazlyga, şeýle hem Türkmenistanyň abraýyna şek ýetirip biljek hereketleri etmezlige borçludyrlar.
  2. Daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda okuw we önümçilik tejribeliligini geçip bilerler.
  3. Daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň okamagyny maliýeleşdirmek boýunça Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, döwlet jogapkärçilik çekmeýär.
  4. Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy bilen bagly maliýe çykdajylary (okuw tölegi, umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamagy, lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy üçin we Türkmenistandan okuw mekdebiniň ýerleşýän ýerine çenli we gaýdyşyn ýol harajatlary) baglaşylan şertnamalaryň talabyna laýyklykda dolulygyna ýa-da çykdajylaryň kesgitli görnüşleri boýunça şularyň hasabyna tölenip bilner:
  1. Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň esasynda Türkmenistanyň raýatlaryny daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okatmak üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligine, beýleki ministrliklere, pudak edaralaryna hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Türkmenistanyň Döwlet býujetinden berilýän serişdeleriniň, şeýle hem ministrlikleriň, pudak edaralarynyň öz serişdeleriniň hasabyna;
  2. Daşary ýurt döwletleriniň hökümetleri, halkara guramalary we gaznalary tarapyndan Türkmenistana berilýän talyp haklarynyň hasabyna;
  3. Döwlete dahylly bolmadyk kärhanalaryň we guramalaryň, şeýle hem şahsy taraplaryň öz serişdeleriniň hasabyna.

       Okuwa iberilýän talyp bilen baglaşylýan şertnamada onuň üçin töleniljek maliýe çykdajylarynyň görnüşleri jikme-jik kesgitlenmelidir.

  1. Daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň Türkmenistanyň raýatyna beren bilim hakyndaky resminamalaryny Türkmenistanyň çäklerinde ykrar etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

 

Ýükle