Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň aprel aýynyň «19-na» çykaran 12973 belgili karary bilen tassyklandy
Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakynda Düzgünnama
- Şu Düzgünnama daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim almaklarynyň tertibini düzgünleşdirýär.
Şu Düzgünnamanyň kadalary Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa raýatlygy bolmadyk adamlara hem degişlidir.
- Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda okamaga hukuklary bardyr.
Türkmenistanyň raýatlary bolmadyk türkmen milletiniň wekilleriniň Türkmenistanyň bilim edaralarynda Türkmenistanyň raýatlary üçin bellenilen şertlerde bilim almaga hukuklary bardyr.
- Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, „Bilim hakynda“ Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň beýleki kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryna, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerine, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
- Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ugratma işleri Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen baglaşan halkara şertnamalaryna laýyklykda bellenen tertipde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.
Hünärmenleri okatmak, gaýtadan taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak barada baglaşylýan şertnamalar Türkmenistanyň Bilim ministrligi we garamagynda okuw mekdepleri bolan ministrlikler we pudak edaralary bilen ylalaşylýar.
- Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilen daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hukuklar we azatlyklar kepillendirilýär, olaryň bilim almaklary we saýlan ugurlary boýunça ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär.
Daşary ýurtly talyplar degişli Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň umumy ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilýärler.
- Daşary ýurtly talyplaryň okuwy şu aşakdakylaryň esasynda amala aşyrylýar:
-Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen baglaşan döwletara, hökümetara we pudagara şertnamalaryna laýyklykda tölegsiz esasda (gaýtadan taýýarlyk we hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak);
- taraplaryň şertnamalaryna laýyklykda okuw üçin edilen harajatlaryň talyp tarapyndan öwezini doldurma esasynda (tölegli esasda);
- fiziki ýa-da ýuridiki şahslaryň hasabyna, şeýle-de daşary ýurt döwlet, jemgyýetçilik guramalarynyň we gaznalaryň hasabyna.
- Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagy tölegli we tölegsiz esasda alnyp barylýar. Tölegleriň möçberleri degişli her okuw ýyly üçin ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň derejesine laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary tarapyndan tassyklanylýar.
- Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan umumy orta bilime laýyk bilimi bolan hem-de bilim derejesi bildirilýän talaplara laýyk gelýän, ýaşy 25-den uly bolmadyk daşary ýurt raýatlary okuwa kabul edilýärler.
- Daşary ýurt raýatlarynyň bilim derejesini barlamak we olary saýlap-seçip almak işi degişli okuw mekdepleriniň döwlet kabul ediş toparlary tarapyndan amala aşyrylýar.
- Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmek isleýän daşary ýurt raýatlary degişli okuw mekdepleriniň döwlet kabul ediş toparlaryna resminamalary tabşyrmalydyrlar:
- arza, terjimehal, öwrenilen dersleriň we olardan alnan bahalaryň (ballarynyň) görkezilmegi bilen bilim hakyndaky resminamanyň asyl nusgasy we bellenilen tertipde tassyklanylan döwlet dilindäki terjimesi;
- saglygy goraýyş edarasy tarapyndan tassyklanan, adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän kesel (AIW ýokuşmasy) bilen kesellemändigi, weneriki kesellerden, neşekeşlikden ýa-da Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň ilatynyň saglygyna zyýan ýetirýän keselleriň sanawyna girizilen başga kesellerden ejir çekýmeýändigi we saglyk ýagdaýy barada öz ýurdunyň saglygy goraýyş edarasyndan alnan kepilnama (talyp her okuw ýylynyň başynda Türkmenistanyň çäginden çykyp, gaýdyp gelen halatynda bu kepilnama täzeden tabşyrýar);
- bellenen görnüşde doldurylan maglumatnama;
- 4*6 sm ölçegdäki 12 sany fotosurat.
- Ýeterlik derejede türkmen dilini bilmeýän daşary ýurtly talyplar ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň dil taýýarlyk okuwlaryna kabul edilýärler. Dil taýýarlyk okuwynyň möhleti bir ýyl. Dil taýýarlygy boýunça gutardyş synaglaryny üstünlikli tabşyran daşary ýurtly talyplar degişli okuw mekdebiniň birinji ýyllygyna kabul edilýärler.
- Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan daşary ýurtly talyplar okuw tejribeliligini Türkmenistanda, önümçilik tejribeliligini bolsa, öz hemişelik ýaşaýan ýurdunda geçýärler.
Daşary ýurtly talyplar jemleýji döwlet synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýlarynda, olara degişli hünär bilimini (ýokary ýa-da orta hünär bilimini) alandyklaryny kepillendirýän we degişli okuw mekdebiniň möhüri bilen tassyklanýan döwlet nusgasyndaky diplom berilýär.
- Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan daşary ýurtly talyplaryň:
- ylmy gurnaklaryň we merkezleriň ylmy-barlag işlerine gatnaşmaga;
- sport klublaryna we bölümlerine, çeper höwesjeňler toparyna gatnaşmaga.
- Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan daşary ýurtly talyplaryň:
- Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň kanunçylygyny berjaý etmäge, türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryna hormat goýmaga;
- daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmeginiň, onda bolmagynyň we Türkmenistandan gitmeginiň tertibini berjaý etmäge;
- saýlan hünäri boýunça nazary bilimleri we amaly endikleri yzygiderli we çuňňur öwrenmäge;
- okuw düzgünlerini berjaý etmäge, talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýynyň we okuw mekdebiniň içki tertip-düzgünlerini ýerine ýetirmäge, okuw mekdebiň ýolbaşçylarynyň talaplaryny we buýruklaryny ýerine ýetirmäge borçludyrlar.
- Daşary ýurtly talyplar Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara şertnamalarynda bellenen tertipde okuwdan çykarylýarlar.
- Okuw mekdepleri daşary ýurtly talyplara Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan hukuklaryny we borçlaryny öz wagtynda düşündirmäge, olaryň Türkmenistanyň kanunçylygyny berjaý etmegini üpjün etmäge, şeýle hem olaryň wagtynda hasaba alynmagy we Türkmenistanda bolmagyň, okamagyň, ýurduň çäklerinde hereket etmegiň, ýurtda bolmagyň kesgitlenen möhletiniň tamamlanmagy bilen hasapdan çykarmak üçin hem-de Türkmenistanyň çäklerinden gitmegi bilen baglanyşykly resminamalary resmileşdirmek boýunça çäreleri görmäge borçludyrlar.
Ýükle