4116
Lissabon, 1997-nji ýylyň 11-nji apreli
Şu Konwensiýany kabul edýän Taraplar, bilim almaga bolan hukugyň adam hukuklarynyň hukuklarynyň biridigine we ýokary bilimiň bilimleri giňeltmegiň hem-de ösdürmegiň esasy faktory bolup hyzmat edýändigine, onuň her bir adam üçin hem, jemgyýet üçin hem aýratyn gymmatly medeni we ylmy baýlykdygyna doly düşünmek,
ýokary bilimiň parahatlygy, özara düşünişmegi we sabyrlylygy berkitmekde, halklaryň we ýurtlaryň arasynda özara ynanyşmagy döretmekde iňňän möhüm ähmiýete eýedigini nazara almak, Ýewropa sebitinde bilim ulgamlarynyň örän köpdürli bolmagynyň onuň medeni, durmuş-ýaşaýyş, syýasy, filosofik, dini we ykdysady köpdürliligiň şöhlelenmesi bolup durýandygyny hem-de onuň hemmetaraplaýyn sarpa goýulmagyny talap edýändigini nazara alyp,
her döwletiň ýaşaýjylarynyň we her Tarapyň bilim edaralarynyň okuwçylarynyň beýleki döwletleriň bilim gorlaryna elýeterliligini üpjün etmek arkaly bu köpdürlilik çeşmesinden doly derejede peýdalanmaga, has anyk aýdylanda, bu beýleki Taraplaryň okuw edaralarynda bilim almak ýa-da okuw döwrüni tamamlamak boýunça tagallalaryna ýardam bermek arkaly sebitiň adamlarynyň hemmesine mümkinçilik bermegi islemek bilen, Ýewropa sebitiniň haýsydyr bir ýurdunda geçilen okuw sapaklaryň, alnan şahadatnamalaryň, diplomlaryň we derejeleriň ykrar edilmegini Taraplaryň arasynda akademiki alşygy giňeltmäge ýardam bermäge gönükdirilen möhüm çäre hasap etmek bilen, bilim edaralarynyň özbaşdaklygy ýörelgesine uly üns bermek we bu ýörelgäniň ykrar edilmeginiň hem-de goralmagynyň zerurdygyna aň ýetirmek bilen, kärleriň adalatly ykrar edilmeginiň bilim almaga hukugyň esasy elementidigine, edil şonuň ýaly-da jemgyýetiň borjudygyna ynanmak bilen, Ýewropada akademiki ykrar etmäge degişli Ýewropa Geňeşiniň we ÝUNESKO-nyň aşakda beýan edilen konwensiýalaryny göz öňünde tutmak bilen:
- Uniwersitetlere elýeterlilige alyp barýan diplomlaryň ekwiwalentliligi baradaky Ýewropa konwensiýasy (1953-nji ýyl, ETS 15) we oňa goşulýan Beýan (1964-nji ýyl, ETS 49);
- Uniwersitet biliminiň döwürleriniň ekwiwalentliligi baradaky Ýewropa konwensiýasy (1956-njy ýyl, ETS 21);
- Uniwersitetleriň berýän kärleriniň akademiki taýdan ykrar edilmegi baradaky Ýewropa konwensiýasy (1959-njy ýyl, ETS 32);
- Ýewropa sebitiniň döwletlerinde geçilýän okuw sapaklaryň, berilýän ýokary bilim hakyndaky diplomlaryň we alymlyk derejeleriň ykrar edilmegi baradaky Konwensiýasy (1979-njy ýyl);
- Uniwersitet biliminiň döwürleriniň umumy ekwiwalentliligi baradaky Ýewropa konwensiýasy (1990-njy ýyl, ETS 138);
şeýle-de, ÝUNESKO-nyň çäklerinde kabul edilen we belli bir derejede Ýewropada ykrara edilmäge degişli arap hem-de Orta ýer deňziniň ýakasyndaky ýewropa döwletlerinde geçilýän okuw sapaklaryň, berilýän ýokary bilim hakyndaky diplomlaryň we alymlyk derejeleriň ykrar edilmegi baradaky Halkara konwensiýasyny (1976-njy ýyl) göz öňünde tutmak bilen, şu Konwensiýanyň dünýäniň beýleki sebitlerine degişli konwensiýalar we ÝUNESKO-nyň Halkara teklipnamalary bilen bilelikde garalmalydygyny hem-de bu sebitleriň arasyndaky maglumatlary alyşmagy gowulandyrmagyň zerurdygyny ýatladyp, ýokarda agzalyp geçilen konwensiýalar kabul edilenden bäri Ýewropa sebitinde ýokary bilim ulgamynda giň özgertmeleriň bolup geçendigini, olaryň milli ýokary bilim ulgamlarynyň çäginde we olaryň arasynda ýokary derejede diwersifikasiýanyň döremegine getirendigini, hukuk namalaryny we iş tejribesini bu hadysalara laýyk getirmegiň zerurdygyna düşünmek bilen, Ýewropa sebitinde ykrar etmegiň amaly meseleleriniň bilelikdäki çözgütlerini gözlemegiň zerurdygyna düşünmek bilen, ykrar etmegiň häzirki iş tejribesini kämilleşdirmegiň we onuň has açyk-aýdyň hem-de Ýewropa sebitiniň ýokary biliminiň häzirkizaman ýagdaýyna has gowy uýgunlaşdyrylmagynyň zerurdygyna düşünmek bilen, Ýewropa Geňeşiniň we ÝUNESKO-nyň bilelikdäki howandarlygynda işlenip taýýarlanan, kabul edilen we Ýewropa sebitinde ykrar etmek iş tejribesiniň mundan beýläk hem ösdürilmeginiň çäklerini kesgitleýän Konwensiýanyň peýdaly ähmiýetiniň boljakdygyna ynamly bolmak, şu Konwensiýanyň ýörelgeleriniň we düzgünleriniň durmuşa geçirilmegi üçin hemişelik mehanizmleriň döredilmeginiň möhümdigine düşünmek bilen, şu aşakdakylar barada ylalaşdylar:
I bölüm. Kesgitlemeler.
I madda.
Şu Konwensiýanyň maksatlary üçin aşakda beýan edilen adalgalar degişli manylara eýedirler:
Elýeterlilik (ýokary bilime) – degişli käre eýe bolan adamlaryň özüni dalaşgärlige hödürlemäge we ýokary okuw mekdebine kabul edilmek üçin dalaşgär hökmünde garalmagyna bolan hukugy.
Okuwa kabul etmek (okuw edaralaryna we ýokary bilimiň maksatnamalaryna) –degişli käre eýe bolan dalaşgärlere ýokary bilimini belli bir okuw edarasynda we / ýa-da ýokary belli bir maksatnamasy boýunça dowam etmäge rugsat berýän hereket ýa-da ulgam.
Bahalandyrmak (ýokary okuw mekdeplerini we maksatnamalaryny) – anyk bir ýokary
okuw mekdebinde bilimiň ýa-da ýokary bilimiň belli bir maksatnamasy boýunça hilini kesgitlemek.
Bahalandyrmak (hususy kär derejelerini) – daşary ýurtlarda alnan kär derejelerine berilýän ýazmaça netijenama ýa-da ygtyýarly edaranyň bahalandyrmasy.
Ykrar etmek meseleleri boýunça ygtyýarly edara – daşary ýurtda berlen kärleri ykrar meseleleri boýunça borçly edýän häsiýetli çöllükleri kabul etmäge resmi taýdan ygtyýarly edilen edara.
Ýokary bilim ulgamynyň düzüm bölekleri hökmünde Tarapyň degişli edaralarynyň ykrar edýän orta bilim derejesinden soňky okuw sapaklaryň ýa-da okatmak sapaklaryň toparlarynyň, şeýle hem hünärmenleri ýa-da ylmy barlagçylary taýýarlamagyň ähli görnüşleri.
Ýokary okuw mekdebi ýokary bilim berýän we ýokary bilim ulgamynyň düzüm bölegi hökmünde Tarapyň ygtyýarly edarasynyň ykrar edýän edarasy.
Ýokary bilimiň maksatnamasy – Tarapyň öz ýokary bilim ulgamynyň düzüm bölegi hökmünde ygtyýarly edarasynyň ykrar edýän we tamamlanandan soňra ýokary bilim hakynda talybyň kär (kär derejesini) alýan okuw sapagy.
Okuwyň döwri bahalandyrylan we resminamalarda beýan edilen, okatmagyň maksatnamasy görnüşinde bolmasa-da bilimleriň ýa-da endikleriň düýpli özleşdirilmegini üpjün edýän ýokary bilim maksatnamasynyň islendik düzüm bölegi.
Kär:
A. Ýokary bilimiň berýän käri – ygtyýarly edara tarapyndan berilýän we ýokary bilimiň maksatnamasynyň üstünlikli tamamlanmagyny tassyklaýan derejäniň berilmegi hakyndaky islendik resminama diplom ýa-da beýleki şahadatnama.
В. Ýokary bilime elýeterlilik hukugyny berýän kär – okatmagynyň maksatnamasynyň üstünlikli tamamlanmagyny tassyklaýan we eýesine ýokary okuw mekdebine okuwa girmek maksady bilen dalaşgär hökmünde garalmagyna hukuk berýän ygtyýarly edaranyň berýän islendik diplomy ýa-da beýleki şahadatnamasy (“elýeterlilik” adalgasynyň kesgitlemesine seret).
Ykrar etmek – eýesine bilim we / ýa-da hünär işine elýeterliligi bermek maksady bilen ygtyýarly edaranyň daşary ýurt bilim baradaky kär derejesiniň ähmiýetliliginiň resmi taýdan tassyklanmagy.
Talaplar.
A. Umumy talaplar – ýokary bilime ýa-da onuň belli bir derejesine, ýa-da ýokary bilimiň belli bir derejesiniň kärini almak üçin elýeterliligiň berilmeginiň ähli halatlarynda hökman ýerine ýetirilmeli şertler.
B. Aýratyn talaplar – ýokary bilimiň ýörite ugurly maksatnamasyna okuwa kabul etmegi ýa-da bilimleriň belli bir ulgamynda ýokary bilimiň ýörite ugurly kär derejesiniň alynmagyny üpjün etmek üçin bildirilýän umumy talaplara goşmaça hökman ýerine ýetirilmeli şertler.
II bölüm. Döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklary
II.1 madda
1. Taraplaryň haýsydyr biriniň merkezi edaralary ykrar etmek meseleleri boýunça çözgütleri kabul etmäge ygtyýarly bolan halatynda bu Tarap şu Konwensiýanyň düzgünleri bilen gös-göni baglanyşykly bolýar we öz çäklerinde onuň düzgünleriniň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görýär. Tarapyň düzüm bölekleri ykrar etmek meseleleri boýunça çözgütleri kabul etmäge ygtyýarly bolan halatynda, bu Tarap gol çekýän pursadynda ýa-da özüniň tassyklaýyş hatyny, kabul edýändigi, makullaýandygy ýa-da goşulýandygyny hakyndaky resminamasyny berýän pursadynda, ýa-da geljekde islendik pursatda depozitariýlaryň birine özüniň konstitutsion gurluşy baradaky beýannamasyny berýär. Bu halatlarda talaplaryň düzüm bölekleriniň şeýle görnüşde bellenen ygtyýarly edaralary öz çäklerinde şu Konwensiýanyň düzgünlerini ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görýärler.
2. Ykrara etmek meseleleri boýunça çözgütleri kabul etmek ygtyýarlyklaryna aýry-aýry ýokary okuw mekdepleri ýa-da beýleki edaralar eýe bolan halatynda her Tarap öz konstitutsion gurluşyna ýa-da düzümine laýyklykda şu Konwensiýanyň tekstini şeýle okuw mekdeplerine we edaralaryna berýär hem-de onuň düzgünleriniň bu okuw mekdepleri we edaralary tarapyndan oňyn garalmagyna hem-de ulanylmagyna ýardam bermek maksady bilen ähli zerur çäreleri görýär.
3. Şu maddanyň birinji we ikinji bentlerindäki düzgünler şu konwensiýanyň soňky maddalaryna laýyklykda Taraplaryň öz üstüne alýan borçnamalaryna goşmaça mutatis mutandis görnüşinde ulanylýar.
II.2 madda
Her döwlet, Mukaddes tagt (Watikan) ýa-da Ýewropa bileleşigi kabul edýändigi, makullaýandygy ýa-da goşulýandygy hakyndaky tassyklaýjy hatyna gol çekýän pursadynda ýa-da ony saklamaga berýän pursadynda, ýa-da mundan beýläk islendik pursatda şu Konwensiýanyň depozitariýleriniň birine ykrar etmek meseleleri boýunça çözgütleriň dürli görnüşlerini kabul etmäge ygtyýarly edaralar barada habar berýär.
II.3 madda
Taraplaryň biriniň beren kär derejesini ykrar etmäge degişli, şu Konwensiýanyň Tarapy bolup durýan ýa-da bolup biljek gatnaşyjynyň baglaşyp hereket edýän ýa-da geljekde baglaşjak şertnamasynda beýan edilen ýa-da ondan gelip çykýan islendik has amatly düzgünleriň hiç biri şu konwensiýada olary ýatyrýan diýip hasap edilmeýär.
III bölüm. Kär derejesini bahalandyrmaga degişli esasy ýörelgeler
III.1 madda
1. Taraplaryň biriniň beren kär derejeleriniň eýeleri degişli edara haýyş etmek boýunça bu kär derejeleriniň bahalandyrmalaryna elýeterli bolup bilýärler.
2. Bu babatda islendik alamat boýunça – jynsy, derisiniň reňki, maýyplygy, dili, dine ynanjy, syýasy ýa-da beýleki garaýyşlary, milli, etniki ýa-da sosial degişliligi, milli azlyga degişliligi, emläk, jemgyýetdäki gatlaga degişli ýa-da beýleki ýagdaýy ýa-da ykrar edilmegi soralýan kär derejesiniň ähmiýetliligine degişli bolmadyk islendik beýleki ýagdaýlar bilen baglanyşykly islendik alamat boýunça hiç hilli kemsitmelere ýol berilmeýär. Bu hukugy amala aşyrmak maksady bilen here Tarap kär derejesini ykrar etmek baradaky arza garanda diňe alnan bilimleriň we endikleriň esasynda degişli çäreleriň görülmegini üpjün edýär.
III.2 madda
Her Tarap kär derejeleri bahalandyrylanda we ykrar edilende geçirilýän iş çäreleriniň we görkezijileriniň açyk-aýdyň, ylalaşykly we ygtybarly bolmagyny üpjün edýär.
III.3 madda
1. Ykrar etmek baradaky çözgütler ykrar edilmegi soralýan kär derejeleri baradaky degişli maglumatlaryň esasynda kabul edilýär.
2. Degişli maglumatlary bermek ilkinji nobatda arza berijiniň borjudyr, ol şeýle maglumatlaryň hakykylygyny üpjün edýär.
3. Arza berijiniň borçludygyna garamazdan, görkezilen kär derejelerini beren okuw edaralary arza berijiniň soramagy boýunça we mümkin bolan çäklerde işe degişli maglumatlaryň ählisini käriň eýesine, ykrar edilmegi soralýan ýurduň okuw edarasyna ýa-da ygtyýarly edarasyna bermäge borçludyr.
4. Taraplar öz bilim ulgamynyň düzüm bölümleri bolup durýan okuw mekdepleriniň ählisine ýokarda agzalyp geçilen okuw edaralarynda alnan kär derejelerini bahalandyrmak maksady bilen maglumatlary bermek baradaky esaslandyrylan ýüz tutmalaryň ählisini kanagatlandyrmagy tabşyrýarlar, degişli halatlarda ol ýüz tutmalary kanagatlandyrmaga çagyrýarlar.
5. Arzanyň degişli Taraplara laýyk gelmeýändigini subut etmek üçin jogapkärçilik bahalandyrmak işini amala aşyrýan edaranyň üstüne ýüklenýär.
III.4 madda
Kär derejelerini ykrar etmäge ýardam bermek maksady bilen her Tarap öz bilim ulgamy baradaky degerli we takyk maglumatlaryň berilmegini üpjün edýär.
III.5 madda
Ykrar etmek baradaky çözgütler ykrar etmegi amala aşyrýan ygtyýarly edaralaryň öňünden ylalaşan we şu ýüz tutma boýunça zerur maglumatlaryň ählisi berlen wagtyndan hasaplanyp başlanýan möhletlerde kabul edilýär. Eger ykrar etmekden ýüz dönderilen bolsa, onda onuň sebäpleri düşündirilýär we soňky döwürde arza berijiniň ykrar etmek üçin görüp biläýjek çärelerine degişli maglumatlar habar berilýär. Eger ykrar etmekden ýüz dönderilen ýa-da hiç hili çözgüt kabul edilmedik bolsa, arza beriji bellenen möhletlerde çözgüdiň üstünden şikaýat edip biler.
IV bölüm. Ýokary bilime elýeterlilik hukugyny berýän kär derejelerini ykrar etmek
IV.1 madda
Her Tarap beýleki Taraplaryň beren we bu Taraplarda ýokary bilime elýeterlilik üçin umumy taraplara laýyk gelýän kär derejelerini, kär derejesi alnan Tarapda we bu kär derejesiniň ykrar edilmegi soralýan Tarapda umumy talaplaryň arasynda düýpli tapawutlaryň bardygy subut edilen halatlardan beýleki ýagdaýlarda öz ýokary bilim ulgamyny düzýän maksatnamalara elýeterliligi bermek maksady bilen ykrar edýär.
IV.2 madda
Munuň deregine Tarap beýleki Taraplaryň biri-birinde berlen kär derejesiniň eýesine onuň soramagy boýunça bu kär derejesini bahalandyrmaga mümkinçilik bermegi ýeterlikdir, VI.1-nji maddanyň düzgünleri bolsa bu ýagdaý üçin mutatis mutandis ýörelgesine esaslanyp ulanylýar.
IV.3 madda
Kär derejesi alnan Tarapda kär derejesi diňe ýokary okuw mekdepleriniň ýa-da ýokary bilim maksatnamalarynyň belli bir görnüşine elýeterlilik hukugyny berýän halatynda, her bir beýleki Tarap şeýle kär derejeleriniň eýelerine, kär derejesi alnan Tarapda we bu kär derejesiniň ykrar edilmegi soralýan Tarapda umumy talaplaryň arasynda düýpli tapawutlaryň bardygy subut edilen halatlardan beýleki ýagdaýlarda öz ýokary bilim ulgamyny düzýän maksatnamalara elýeterliligi bermek maksady bilen ykrar edýär.
IV.4 madda
Ýokary bilimiň ýörite ugurly maksatnamalaryny kabul etmek umumy talaplara goşmaça elýeterlilige bildirilýän aýratyn talaplaryň ýerine ýetirilmegine bagly bolan halatynda, degişli tarapyň ygtyýarly edaralary beýleki taraplarda alnan kär derejeleriniň eýeleri babatda şunuň ýaly goşmaça talaplary belläp bilerler ýa-da beýleki Taraplarda alnan kär derejeleriniň eýeleriniň-arza berijileriň ekwiwalent talaplara laýyk gelýändiginiň bahalandyrmasyny geçirip bilerler.
IV.5 madda
Haýsydyr bir tarapda alnan orta bilim hakyndaky şahadatnama elýeterliligiň deslapky şerti hökmünde diňe goşmaça synaglar bilen utgaşdyrylmagynda ýokary bilime elýeterlilik hukugyny berýän halatynda, beýleki taraplar hem elýeterliligi şeýle talaplara garaşly edip bilerler ýa-da öz bilim ulgamynyň çäklerinde goşmaça talaplary kanagatlandyrmak üçin alternatiw (başgaça) çözgüt teklip edip bilerler. Islendik döwlet Keramatly tagt (Watikan) ýa-da Ýewropa bileleşigi öz tassyklaýjy hatyna, konwensiýany kabul edýändigi, makullaýandygy ýa-da oňa goşulýandygy
hakyndaky resminama gol çekýän pursadynda ýa-da olary saklamaga berýän pursadynda, ýa-da geljekde islendik pursatda özüniň bu maddanyň düzgünlerini ulanýandygy, bu maddany haýsy Taraplar babatda ulanmaga meýliniň bardygyny, şeýle hem munuň bilen baglanyşykly sebäpleri görkezip depozitariýleriň birine habar berip biler.
IV.6 madda
IV.1-nji, IV.2-nji, IV.3-nji we IV.4-nji maddalaryň düzgünlerine zyýan ýetirmezden ol ýa-da beýleki ýokary okuw mekdebine, ýa-da şeýle okuw mekdebindäki belli bir maksatnama boýunça okuwa kabul etmek çäkli ýa-da seçip almak esasynda bolup biler. Ýokary okuw mekdebine we/ýa-da maksatnama okuwa kabul etmek seçgi esasynda bolan halatynda III bölümde beýan edilen adalatlylyk we kemsitmezlik ýörelgelerine laýyklykda daşary ýurtlarda berlen kär derejelerini bahalandyrmalaryň geçirilmegini üpjün edýän kabul ediş çäreleri bellenilýär.
IV.7 madda
IV.1-nji, IV.2-nji, IV.3-nji, IV.4-nji we IV.5-nji maddalaryň düzgünlerine zyýan ýetirmezden belli bir ýokary okuw mekdebine okuwa kabul etmek degişli okuw mekdebinde okuw alnyp barylýan dil ýa-da diller, ýa-da beýleki ýörite ylalaşylyp saýlanan diller boýunça bilimleriň ýeterlik derejede bardygyny arza berijiniň subut edip bilişine garaşly edilip bilner.
IV.8 madda
Däp bolmadyk kär derejeleriniň esasynda ýokary bilime elýeterlilik alnyp bilinýän talaplarda, şolara meňzeş beýleki Taraplarda alnan kär derejeleri ykrar etmek soralýan Tarapda alnan adaty däl edil ykrar etmek soralýan Tarapda alnan däp bolmadyk kär derejeleri ýaly bahalandyrylýar.
IV.9 madda
Ýokary bilimiň maksatnamalaryna elýeterliligi üpjün etmek maksady bilen
her Tarap onuň çäklerinde milli kanunçylygyň anyk talaplary ýada şeýle okuw mekdepleriniň degişli bolup durýan tarapy bilen baglaşylan ýörite ylalaşyklar bilen şertlendirilen öz işini amala aşyrýan daşary ýurt okuw edaralarynyň beren kär derejelerini ykrar etmegi amala aşyryp biler
V bölüm. Okuwyň döwürlerini ykrar etmek
V.1 madda
Her Tarap beýleki Tarapda ýokary bilimiň maksatnamasynyň çäklerinde geçilen okuwyň döwürlerini ykrar edýär. Ykrar etmek beýleki Tarapda tamamlanan okuwyň döwürleri bilen ykrar edilmegi soralýan Tarapda olaryň çalşylmagy çaklanylýan ýokary bilim maksatnamasynyň böleginiň arasynda düýpli tapawutlaryň bardygyna esaslanyp berlen halatlardan beýleki ýagdaýlarda ykrar edilmegi soralýan Tarapda ýokary bilimiň maksatnamasyny tamamlamak maksady bilen okuwyň döwürlerine degişli bolýar.
V.2 madda
Munuň ýerine beýleki Taraplaryň birinde ýokary bilimiň maksatnamasynyň çäklerinde okuw döwrüni tamamlan adama degişli adamyň soramagy boýunça okuwyň bu döwrüni bahalandyrmaga mümkinçilik bermek ýeterlikdir, V.1 maddanyň düzgünleri bolsa bu halatda mutatis mutandis görnüşinde ulanylýar.
V.3 madda
Hususan-da, her Tarap şu aşakdaky halatlarda okuwyň döwürleriniň ykrar edilmegine ýardam berýär:
(a) bir tarapdan ýokary okuw mekdebi ýa-da okuwyň degişli döwri üçin jogapkär ygtyýarly edaranyň, beýleki tarapdan ýokary okuw mekdebi ýa-da soralýan ykrar etmek üçin jogapkär ykrar etmek meseleleri boýunça ygtyýarly edaranyň arasynda baglaşylan şertnamanyň bolmagy;
(b) okuw döwri tamamlanan ýokary okuw mekdebiniň okadylanyň okuwyň degişli döwrüne bellenen talaplary üstünlikli ýerine ýetirendigini tassyklaýan şahadatnamany ýa-da hasap-synag sanawnamasyndan göçürmäni bermegi.
VI bölüm. Ýokary bilimiň kär derejelerini ykrar etmek
VI.1 madda
Ykrar etmek baradaky çözgüt ýokary bilimiň kär derejesini tassyklaýan bilimlere we endiklere esaslanýandygy sebäpli her Tarap ykrar edilmegi soralýan kär derejesi bilen ykrar edilmegi soralýan Tarapdaky degişli kär derejesiniň arasynda düýpli tapawutlaryň bardygy esaslandyrylan halatlardan başga ýagdaýlarda, beýleki Tarapda berlen ýokary bilimiň kär derejelerini ykrar edýär.
VI.2 madda
Munuň ýerine beýleki Taraplaryň birinde berlen kär derejesiniň eýesine onuň soramagy boýunça şol kär derejesini bahalandyrmaga Tarapyň mümkinçilik bermegi ýeterlikdir,
VI.1 maddanyň düzgünleri bolsa bu halatda mutatis mutandis görnüşinde ulanylýar.
VI.3 madda
Beýleki Taraplaryň birinde berlen ýokary bilim hakyndaky kär derejesiniň Tarapyň ykrar etmegi şu aşakdaky netijeleriň biriniň ýa-da köpüsiniň ýüze çykmagyna getirip biler:
(a) ykrar edilmegi soralýan Tarapda berlen kär derejesiniň eýesine degişlilikde ulanylýan meňzeş şertlerde, ýokary bilim ulgamynda mundan beýläk okamaga, şol sanda alymlyk derejesini almaga getirýän degişli synaglaryň we/ýa-da maksatnamalar boýunça taýýarlygyň elýeterliligi;
(b) ykrar etmek soralýan Tarapyň kanunlaryna we kadalaryna laýyklykda ýa-da onuň kanunçylygyna tabynlykda alymlyk derejesiniň ulanylmagy.
Mundan başga-da, ykrar edilmegi soralýan Tarapyň kanunlaryna we kadalaryna laýyklykda ýa-da onuň kanunçylygyna tabynlykda ykrar etmek zähmet bazaryna elýeterliligi ýeňilleşdirip biler.
VI.4 madda
Beýleki Tarapyň beren ýokary bilim hakyndaky kär derejesini Taraplaryň haýsydyr birinde bahalandyrylmagy şu aşakdaky görnüşlere eýe bolup biler:
(a) iş bilen üpjün etmegiň umumy maksatlaryna degişli maslahatlar;
(b) maksatnamalara goşmak maksady bilen haýsydyr bir okuw mekdebine maslahatlar;
(c) ykrar etmek meseleler bilen meşgul bolýan islendik beýleki ygtyýarly edara maslahatlar.
VI.5 madda
Her Tarap onuň öz çäklerinde işini amala aşyrýan daşary ýurt okuw mekdepleriniň beren ýokary bilime degişli kär derejelerini ykrar etmegi milli kanunçylygyň ýa-da şeýle ýokary okuw mekdepleriniň degişli Tarapy bilen baglaşylan ýörite ylalaşyklaryň anyk taraplarynyň berjaý edilmegi şertlerinde amala aşyryp biler.
VII bölüm. Eýeleri bosgunlar, göçürilen adamlar ýa-da bosgun ýagdaýyndaky adamlar bolan kär derejelerini ykrar etmek
VII madda
Her Tarap öz bilim ulgamynyň çäklerinde we özüniň konstitusion, hukuk hem-de düzgünleşdiriji namalaryna laýyklykda bosgunlaryň, göçürilen adamlaryň we bosgun ýagdaýyndaky adamlaryň ýokary bilime, ýokary bilim maksatnamalary boýunça okuwy dowam etmäge ýa-da iş üpjünçiligine elýeterlilik üçin bildirilýän talaplara, hatda olaryň Taraplaryň birinde kär derejesini alandygy resminamalaýyn tassyk edip bolmaýan halatlarynda-da, laýyk gelýändiklerini adalatly we çalt bahalandyrmagy üpjün etmäge gönükdirilen iş çärelerini işläp taýýarlamak üçin ähli mümkin bolan we oýlanşykly çäreleri görýär.
VIII bölüm. Ýokary okuw mekdeplerini we maksatnamalaryny bahalandyrmak barada maglumatlar
VIII.1 madda
Her Tarap beýleki Taraplaryň ygtyýarly edaralaryna özüniň okuw edaralary tarapyndan berlen kärleriň hiline göz ýetirmegi, ykrar edilmegi soralýan ýurtda ykrar etmek üçin esaslary bermek maksady bilen öz ýokary bilim ulgamyna degişli islendik okuw edarasy we bu edaralar tarapyndan amala aşyrylýan islendik maksatnama boýunça barabar maglumatlary berýär.
Şu aşakdaky maglumatlar berilýär:
(a) Taraplar ýokary okuw mekdepleriniň we maksatnamalarynyň resmi bahalandyrmak ulgamlaryny döreden halatynda: bu bahalandyrmanyň usullary we netijeleri, şeýle hem ýokary bilimiň kär derejesini berýän okuw mekdebiniň her görnüşi üçin anyk hil standartlary, şeýle kär derejelerini almaga getirýän maksatnamalar baradaky maglumatlar;
(b) Taraplar ýokary okuw mekdepleriniň we maksatnamalarynyň resmi bahalandyrma ulgamyny döretmedik halatynda: özüniň ýokary bilim ulgamyny düzýän ol ýa-da beýleki ýokary okuw mekdebinde, ýa-da ýokary bilimiň haýsydyr bir maksatnamasynyň çaklerinde alnan dürli kär derejelerini ykrar etmäge degişli maglumatlar.
VIII.2 madda
Her Tarap şu aşakdakylary düzmek, täzelemek we çap etmek boýunça degişli çäreleri görýär:
(a) öz ýokary bilim ulgamyny düzýän ýokary okuw mekdepleriniň dürli görnüşleri baradaky, şeýle okuw mekdebiniň her görnüşine mahsus häsiýetnamalar görkezilen beýan etme;
(b) öz bilim ulgamyny düzýän ykrar edilen (döwlet we hususy) ýokary okuw mekdepleriniň sanawy, olaryň okuw mekdebiniň we maksatnamanyň her görnüşine elýeterlilik almaga bildirilýän talaplaryň we degişli kär derejelerini bermek boýunça ygtyýarlyklarynyň görkezilmegi bilen bilelikde;
(c) ýokary bilimiň maksatnamalarynyň beýan edilmegi;
(d) her Tarap öz bilim ulgamynyň düzüm birligi hasap edýän öz çäklerinden daşynda ýerleşýän okuw mekdepleriniň sanawy.
IX bölüm. Ykrar etmek meseleri boýunça maglumatlar
XI.1 madda
Ýokary bilimiň kär derejelerini ykrar etmäge ýardam bermek maksady bilen Taraplar açyklygy bilen tapawutlanýan, alynýan kär derejelerini doly beýan edýän ulgamlary döretmäge borçlanýarlar.
XI.2 madda
1. laýyk gelýän, takyk we täzelenen maglumatlaryň zerurdygyny ykrar edip, her Tarap milli maglumat merkezini döredýär ýa-da onuň bar bolanyny goldap durýar, onuň döredilendigi we oňa degişli islendik üýtgetmeler barada depozitarileriň birine habar edýär.
2. her Tarapyň milli maglumat merkezi:
Her bir Tarapyň milli maglumat merkezi:
(a) ýerleşýän ýurdunyň ýokary bilim ulgamy we ýokary bilim kwalifikasiýalary barada ygtybarly we takyk maglumatlara elýeterliligi ýeňilleşdirýär;
(b) beýleki Taraplaryň ýokary bilim ulgamy we ýokary bilim kwalifikasiýalary barada maglumatlara elýeterliligi ýeňilleşdirýär;
(c) milli kanunlara we kadalara laýyklykda kwalifikasiýalary ykrar etmek we bahalandyrmak meseleleri boýunça maslahat we maglumat bermegi üpjün edýär.
3. Her bir milli maglumat ulgamy özüniň wezipelerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýän zerur gorlaryna eýedir.
IX.3-nji madda
Taraplar milli maglumat merkezleriniň ýa-da başga ýollar bilen ÝUNESKO/ Ýewropa Geňeşiniň diplomlaryna Goşundynyň ýa-da başga deňeşdirip boljak resminamanyň Taraplaryň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan ulanylmagyna ýardam berýär.
X bölüm. Amala aşyrmagyň gurallary
X.1-nji madda
Konwensiýanyň durmuşa geçirilmegine aşakdaky edaralar gözegçilik edýär, ýardam berýär we onuň amala aşyrylmagyny ýeňilleşdirýär:
(a) Ýewropa sebitinde ýokary bilime degişli kwalifikasiýalary ykrar etmek baradaky Konwensiýanyň komiteti;
(b) Akademiki ykrar etmek we ykjamlylyk meseleleri boýunça milli maglumatlar merkezleriniň Ýewropa tory (ÝeNIK). Ol 1994-nji ýylyň 9-njy iýunynda Ýewropa Geňeşiniň ministrler komiteti we 1994-nji ýylyň 18-nji iýunynda ÝUNESKO-nyň Ýewropa üçin Sebit komiteti tarapyndan kabul edilen kararlar esasynda döredildi.
X.2-nji madda
1. Munuň bilen Ýewropa sebitinde ýokary bilime degişli kwalifikasiýalary ykrar etmek baradaky Konwensiýanyň Komiteti döredilýär (mundan beýläk “Komitet” diýip atlandyrylýar). Komitetiň düzümine her Tarapdan bir wekilden girýär.
2. X.2-nji maddanyň maksatlary üçin “Tarap” adalgasy Ýewropa bileleşigi babatynda ulanylmaýar.
3. XI.1.1-nji maddasynda ady agzalan döwletler we Mukaddes tagt (Святейший престол), eger-de olar bu Konwensiýanyň Taraplary däl bolsalar, Ýewropa bileleşigi, şeýle hem ÝeNIK Torunyň başlygy Komitetiň mejlislerine synçy hökmünde gatnaşyp bilerler.
4. Şeýle hem Ýewropa sebitiniň döwletlerindäki okuwlary, ýokary bilim barada diplomlary we alymlyk derejelerini ykrar etmek baradaky Konwensiýany ýerine ýetirmek boýunça ÝUNESKO-nyň Sebit komitetiniň başlygy Komitetiň mejlislerine synçy hökmünde gatnaşmaga çagyrylýar.
5. Komitet şu Konwensiýanyň durmuşa geçirilmegine ýardam berýär we onuň ýerine ýetirilişine syn edýär. Şunuň bilen baglylykda Taraplaryň köplüginden maslahatlary, deklarasiýalary, beýanlary özüni gowy tarapdan görkezen tejribäniň mysallaryny Taraplaryň doly ygtyýarly edaralaryny Konwensiýany durmuşa geçirenlerinde we olar ýokary bilim barada kwalifikasiýany ykrar etmek baradaky arza seredenlerinde olary ugrukdyrmak maksady bilen kabul edip bilýär. Sanalyp geçilen resminamalar bilen olar bagly bolmasalarda, Taraplar bu resminamalara ugur almaga dürli ýollar bilen ymtylarlar, bu resminamalary doly ygtyýarly edaralar dykgatyna ýetirerler we olaryň ulanylmagyna ýardam ederler. Komitet özüniň çözgüdini yglan etmekden öň ÝeNIK Torunyň pikirini soraýar.
6. Komitet Ýewropa Geňeşiniň we ÝUNESKO-nyň degişli edaralaryna nutugyny berýär.
7. Komitet ÝUNESKO-nyň howandarlygynda kabul edilen okuwlary, ýokary bilim ulgamynda diplomlary we derejeleri ykrar etmek baradaky konwensiýalary ulanmak boýunça meseleleri bilen meşgullanýan UNESKO-nyň sebit komitetleri bilen aragatnaşyk saklaýar.
8. Konwensiýanyň Taraplarynyň köpüsi kworum düzýärler.
9. Komitet proseduranyň öz Düzgünlerini kabul edýär. Ol öz nobatdaky mejlislerini üç ýylda azyndan bir gezek geçirýär. Komitet birinji gezek ýylyň dowamynda ýygnalýar, haçan-da bu Konwensiýa güýje girende.
10. Komitetiň sekretariat üpjünçiligi Ýewropa Geňeşiniň Baş sekretarynyň we ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň üstüne ýüklenilýär.
X.3-nji madda
1. Her Tarap IX.2-nji maddasyna laýyklykda döredilen ýa-da işleýän milli maglumat merkezini Ýewropa torunyň akademiki ykjamlylyk we ykrar etmek meseleleri bilen meşgullanýan milli maglumat merkezleriniň (ÝeNIK Tory) agzasy hökmünde
belleýär. Taraplaryň biriniň IX.2-nji maddasyna laýyklykda birnäçe milli maglumat merkezleriniň döredilen ýa-da işleýän ýagdaýynda, bularyň hemmesi Toruň agzalary diylip hasap edilýär, emma degişli milli maglumat merkezlerinde diňe bir ses bar.
2. ÝeNIK Tory bu Konwensiýanyň Taraplarynyň milli maglumat ulgamy bilen çäklendirilen düzüminde amaly taýdan durmuşa geçirilmegine syn edýär we doly ygtyýarly milli edaralaryň kömegi bilen Konwensiýanyň ulanylmagyna ýardam edýär. Tor agzalarynyň umumy mejlisi ýylda azyndan bir gezek geçirilýär. Ol öz başlygyny we prezidiumyny özüniň ygtyýarlyklaryna laýyklykda saýlaýar.
3. ÝeNIK Torynyň sekretariat üpjünçiligi Ýewropa Geňeşiniň Baş sekretarynyň we ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň üstüne bilelikde ýüklenilýär.
4. Taraplar ÝeNIK Tory arkaly beýleki Taraplaryň milli maglumat merkezleri bilen hyzmatdaşlyk edýärler, hususan-da olaryň akademiki ykrar etmege we ykjamlylyga degişli çäreleriň çäklerinde olara milli maglumat merkezleri üçin hemme peýdaly maglumatlary ýygnamaga kömek edýär.
XI bölüm. Jemleýji düzgünler
XI.1 madda
1. Bu Konwensiýa aşakdakylar tarapyndan gol çekilmegine açyk:
(а) Ýewropa Geňeşiniň agza döwletleri tarapyndan;
(b) ÝUNESKO-nyň Ýewropa sebitiniň agza döwletleri tarapyndan;
(с) Bu Konwensiýany kabul etmek maksady bilen Diplomatik konferensiýa çagyrylan başga her bir gol çeken Ylalaşýan Döwlete ýa-da Ýewropa Geňeşiniň medeniýet meseleleri boýunça Ýewropa Konwensiýasynyň we/ýa-da Ýewropa sebitiniň döwletlerinde okuwlary, ýokary bilim ulgamynda diplomlary we derejeleri ykrar etmek baradaky ÝUNESKO-nyň Konwensiýanyň Tarapyna.
2. Bu döwletler we Ýewropa bileleşigi aşakdakylar bilen bagly bolmaga razylygyny bildirip bilýärler:
(а) ratifikasiýa babatynda gürrüňsiz gol çekmek, kabul etmek we makullamak bilen; ýa-da (b) ratifikasiýa şerti bilen gol çekmek, kabul etmek ýa-da soňraky ratifikasiýa bilen makullamak; (с) goşulyşmak bilen.
Gol çekme depozitariýleriň birinde amala aşyrylýar. Ratifikasiýa gramotalar, kabul etmek, makullamak ýa-da goşulyşmak barada resminamalar depozitariýleriň haýsam bolsa birinde saklanylýar.
XI.2 madda
Bu Konwensiýa bäş döwletiň, şol sanda Ýewropa Geňeşiniň azyndan üç agza döwletiniň we/ýa-da ÝUNESKO-nyň Ýewropa sebitiniň agza döwletleriniň özüniň Konwensiýanyň düzgünleri bilen bagly bolmaga razylygy barada arzasynyň bir aý möhletiniň tamamlanandan soň aýyň birinji gününden güýje girýär. Ol başga her bir döwlet üçin özüniň Konwensiýanyň düzgünleri bilen bagly bolmaga razylygyny bildiren gününden bir aý möhletiň tamamlananydan soň aýyň birinji gününden güýje girýär. Konwensiýa 1999-njy ýylyň fewral aýynyň 1-ine güýje girdi.
XI.3 madda
1. Bu Konwensiýanyň güýje gireninden soň islendik döwlet, XI.1-nji maddada sanalyp geçilen kategoriýalara degişli bolmadyklar, bu Konwensiýa goşulyşmak barada haýyşy ýüz tutup biler. Şular ýaly maksady bar bolan islendik haýyş depozitariýleriň birine ýollanylýar. Ol bolsa ony Ýewropa sebitinde ýokary bilime degişli kwalifikasiýalary ykrar etmek baradaky Konwensiýanyň komitetiniň mejlisinden azyndan üç aý öň Ylalaşýan döwletlere geçirýär. Şeýle-de depozitariýler bu barada Ýewropa Geňeşiniň ministrler komitetine we ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşine habar berýär.
2. Şular ýaly haýyş bilen ýüzlenýän döwlete bu Konwensiýa goşulyşmak barada teklip bermek çözgüdi Taraplaryň üçden iki köplügi bilen kabul edilýär.
3. Bu Konwensiýanyň güýje gireninden soň Ýewropa bileleşigi oňa depozitariýleriň birine ýollanylýan özüniň agza döwletleriniň haýyşy boýunça goşulyşyp bilýär. Bu ýagdaýda XI.3.2-nji madda ulanylmaýar.
4. Bu Konwensiýa goşulyşýan islendik döwletler ýa-da Ýewropa bileleşigi babatynda goşulyşmak barada resminamanyň depozitariýleriň birine saklanmaga tabşyrylan gününden bir aý möhletiň tamamlananydan soň aýyň birinji gününden güýje girýär.
XI.4 madda
1. Şol bir wagtyň özünde bir ýa-da birnäçe aşakda sanalan konwensiýalaryň Taraplary bolup durýan şu Konwensiýanyň Taraplary:
- Uniwersitetleriň elýeterli bolmagyna eltýän diplomlaryň barabarlygy hakynda Ýewropa konwensiýasy (1953ý., ETS 15) we onuň Teswirnamasy (1964ý., ETS 49);
- Uniwersitet bilimi döwürleriniň barabarlygy hakynda Ýewropa konwensiýasy (1956ý., ETS 21);
- Uniwersitet hünär derejeleriniň akademiki ykrar edilmegi hakynda Ýewropa konwensiýasy (1959ý., ETS 32);
- Ortaýer deňziniň basseýnindäki arap we Ýewropa döwletlerinde okuw sapaklaryny, ýokary bilim hakyndaky diplomlary we alymlyk derejelerini ykrar etmek hakynda halkara konwensiýa (1976ý.);
- Ýewropa sebitindäki döwletlerde okuw sapaklaryny, ýokary bilim hakyndaky diplomlary we alymlyk derejelerini ykrar etmek hakynda konwensiýa (1979ý.);
- Uniwersitet bilimleri döwürleriniň umumy barabarlygy hakynda Ýewropa konwensiýasy (1990 ý., ETS 138),
(а) özleriniň özara gatnaşyklarynda şu Konwensiýanyň düzgünlerine eýerýärler;
(b) özleriniň ýokarda agzalan konwensiýalaryň Taraplary, emma şu Konwensiýanyň Taraplary bolup durmaýan döwletler bilen gatnaşyklarynda ýokarda sanalyp geçilen konwensiýalara eýermeklerini dowam edýärler.
2. Şu Konwensiýanyň Taraplary Ortaýer deňziniň basseýnindäki arap we Ýewropa döwletlerinde okuw sapaklaryny, ýokary bilim hakyndaky diplomlary we alymlyk derejelerini ykrar etmek hakynda halkara konwensiýadan başga 1-nji bölümde sanalyp geçilen, entek Taraplary bolup durmaýan islendik konwensiýanyň Taraplary bolmakdan saklanmak borçnamasyny öz üstlerine alýarlar.
XI.5 madda
1. Islendik döwlet tassyklaýjy hatlara, kabul edilendigi, makullanýandygy ýa-da goşulyşylýandygy baradaky resminama gol çekilýän ýa-da saklamaga berilýän pursatynda olar babatda şu Konwensiýanyň ulanyljak çägini ýa-da çäklerini görkezip biler.
2. Islendik döwlet soňra islendik wagtda depozitarileriň birine iberilen arza arkaly şu Konwensiýanyň arzada görkezilen islendik başga bir çäkde ulanylmagyny degişli edip biler. Şeýle çäk babatda Konwensiýa depozitariý tarapyndan şeýle arzanyň alnan gününden bir aý möhlet geçensoň, aýyň birinji gününde güýje girýär.
3. Öňki iki bölümiň esasynda berlen islendik arza depozitarileriň birine iberilen habardarlyk haty arkaly şeýle arzada görkezilen islendik çäk babatda yzyna alnyp bilner. Yzyna almaklyk depozitariý tarapyndan şeýle habardarlyk hatynyň alnan gününden bir aý möhlet geçensoň, aýyň birinji gününde güýje girýär.
XI.6 madda
1. Islendik gatnaşyjy islendik wagtda depozitarileriň birini habardar etmek arkaly şu Konwensiýany ýatyryp biler.
2. Konwensiýany ýatyrmaklyk depozitariý tarapyndan habardarlyk haty alnan gününden on iki aý geçensoň, aýyň birinji gününde güýje girýär. Emma şeýle ýatyrmaklyk öň şu Konwensiýanyň düzgünlerine laýyklykda ykrar etmek barada kabul edilen çözgütlere degip geçmeýär.
3. Tarapyň şu Konwensiýanyň wezipelerine we maksatlaryna ýetmekde esasy bolup durýan haýsy-da bolsa bir düzgünini bozmagy netijesinde şu Konwensiýany bes etmek ýa-da togtatmak baradaky mesele halkara hukugyna laýyklykda çözülýär.
XI.7 madda
1. Islendik döwlet, Mukaddes tagt ýa-da Ýewropa Bileleşigi özleriniň tassyklaýjy hatlaryna, kabul edilendigi, makullanýandygy ýa-da goşulyşylýandygy baradaky resminama gol çekilýän ýa-da saklamaga berilýän pursatynda, şu Konwensiýanyň aşakdaky maddalarynyň birini ýa-da birnäçesini tutuşlygyna ýa-da bölekleýin ulanmazlyk hukugyny özlerinde saklap galýandyklaryny beýan edip bilerler:
IV.8 madda
V.3 madda
VI.3 madda
VIII.2 madda
IX.3 madda
Beýleki hiç hili belliklere ýol berilmeýär.
2. Öňki bölüme laýyklykda bellik eden islendik Tarap depozitarileriň birine iberilen habardarlyk haty arkaly ony dolulygyna ýa-da bölekleýin aýryp biler. Belligiň aýrylmagy depozitariý tarapyndan şeýle habardarlyk hatynyň alnan senesinden güýje girýär.
3. Şu Konwensiýanyň düzgünleri babatda bellik eden Tarap bu düzgüni islendik beýleki Tarapyň ulanmagyny talap edip bilmeýär; emma ol öz belliginiň bölekleýin ýa-da şertli bolan ýagdaýynda, şeýle düzgüniň özüniň kabul eden möçberinde ulanylmagyny talap edip biler.
XI.8 madda
1. Şu Konwensiýa düzedişleriň taslamasy Ýewropa sebitinde ýokary bilime degişli hünär derejelerini ykrar etmek hakyndaky Konwensiýanyň Komiteti tarapyndan Taraplaryň üçden iki möçberinde köplügi bilen kabul edilip bilner. Şunuň ýaly görnüşde kabul edilen islendik taslama şu Konwensiýanyň Teswirnamasyna goşulýar. Teswirnamada islendik ýagdaýda Taraplaryň olar bilen bagly bolmaga razylygyny talap edýän güýje girmeginiň şertleri görkezilýär.
2. Ýokarda agzalan 1-nji bölümde göz öňünde tutulan amallara laýyklykda, şu Konwensiýanyň III babyna hiç hili düzedişleriň girizilmegine ýol berilmeýär.
3. Düzedişleri girizmek baradaky islendik teklip depozitarileriň biriniň dykgatyna ýetirilýär, ol hem ony Taraplara Komitetiň mejlisine çenli üç aý öňünden gijä galman Taraplara geçirýär. Şonuň ýaly-da, depozitariý Ýewropa Geňeşiniň Ministrler kabinetine we ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşine habar berýär.
XI.9 madda
1. Ýewropa Geňeşiniň Baş sekretary we Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktory şu Konwensiýanyň depozitarileri bolup durýarlar.
2. Haýsy-da bolsa bir resminama, habardarlyk haty ýa-da habar saklamaga berlen depozitariý bu barada şu Konwensiýanyň Taraplaryny, şeýle hem beýleki döwletleri- Ýewropa Geňeşiniň agzalaryny we/ýa-da ÝUNESKO-daky Ýewropa sebitlerini aşakdakylar barada habardar edýär:
(а) islendik gol çekişlik;
(b) tassyklamak, kabul etmek, makullamak ýa-da goşulyşmak baradaky islendik resminamanyň saklamaga tabşyrylmagy;
(ç) XI.2 we XI.3.4 maddalaryň düzgünlerine laýyklykda, şu Konwensiýanyň güýje giren islendik senesi;
(d) XI.7 maddanyň düzgünlerine laýyklykda edilen islendik bellik we XI.7 maddanyň düzgünlerine laýyklykda edilen islendik belligi aýyrmak;
(е) XI.6 madda laýyklykda şu Konwensiýanyň islendik ýatyrylmagy;
(ä) II.1 ýa-da II.2 maddalaryň düzgünlerine laýyklykda edilen islendik beýannamalar;
(f) IV.5 maddanyň düzgünlerine laýyklykda edilen islendik beýannamalar;
(g) XI.3 maddanyň düzgünlerine laýyklykda goşulyşmak baradaky islendik haýyşlar;
(h) XI.8 maddanyň düzgünlerine laýyklykda edilen islendik teklip;
(i) şu Konwensiýa degişli islendik beýleki hereketler, habardarlyk hatlary ýa-da habarlar.
3. Şu Konwensiýany ýerine ýetirmek üçin habar alan ýa-da habardar eden depozitariý bu barada haýal etmän beýleki depozitariýä habar berýär.
Muny tassyklamak üçin oňa degişli görnüşde ygtyýarly edilen we aşakda gol çeken wekiller şu Konwensiýa gol çekdiler.
1997-nji ýylyň 11-nji aprelinde Lissabonda iňlis, ispan, rus we fransuz dillerinde iki nusgada amal edildi. Dört tekstiň ählisiniň hem birmeňzeş güýji bardyr. Ol nusgalaryň biri saklamak üçin Ýewropa Geňeşiniň arhiwine, beýleki nusgasy- Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň arhiwine tabşyrylýar. Degişli görnüşde tassyklanan göçürme nusgalary XI.1 maddada görkezilen ähli döwletlere, Keramatly tagta, Ýewropa Bileleşigine, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatyna iberilýär.