img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary

Bilim barada döwlet nusgasyndaky resminamalary özara ykrar etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ylalaşyk

3147

...

Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda
YLALAŞYK

Mundan beýläk Taraplar diýlip atlandyrylýan Türkmenistanyň Hökümeti we Belarus Respublikasynyň Hökümeti,
Bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Belarus Respublikasynyň Bilim ministrliginiň arasynda 2009-njy ýylyň 18-nji iýunynda Aşgabat şäherinde gol çekilen Ylalaşygyň düzgünlerini ösdürip,
ýörite orta, ýokary we ýokary mekdepden soňky bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň halklaryň arasyndaky aragatnaşygy çuňlaşdyrmaga we düşünişmegi gowulandyrmaga ýardam berýändigine ynanyp,
Turkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmek we pugtalandyrmak isläp,
şular barada ylalaşdylar:

1-nji madda

Taraplar şu ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ederler:
bilim ulgamyny ösdürmegiň has möhüm ugurlary boýunça iş tejribesini alyşmak;
okuwçylary, talyplary, aspirantlary, diňleýjileri (mundan beýläk - okaýanlar) okatmak;
mugallymçylyk işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmagy, tejribesini artdyrmagy, olary gaýtadan taýýarlamagy guramak;
mugallymçylyk işi üçin hünärmenleri alyşmak;
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde işgärleri taýýarlanmagy üpjün etmek maksady bilen, Taraplaryň döwletlerinde bilim edaralaryny we bilim ulgamynyň beýleki guramalaryny açmak we olary işletmek. 

2-nji madda

Belarus Respublikasyna iberilýän türkmen okaýanlary, kada bolşy ýaly, rus dilini, Türkmenistana iberilýän belorus okaýanlary bolsa, kada bolşy ýaly, türkmen dilini bilmelidirler. Zerur bolan halatda Taraplar görkezilen gatnaşyjylara tölegli esasda bir ýyla çenli möhlet bilen türkmen/rus dilini alyşmagyny öwretmäge taýýar.

3-nji madda

Şu Ylalaşygyň hereket edýän döwründe Taraplar her ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Taraplaryň döwletleriniň býujetleriniň serişdeleriniň hasabyna deň esasda okaýanlary şu maksatlar bilen alşarlar:
okaýanlaryň 30-a çenlisini ýörite orta/orta hünärmen we ýokary bilimiň I basgançagyny/ýokary hünärmen bilimini almak üçin;
okaýanlaryň 5-e çenlisini ýokary bilimiň (magistraturanyň) II basgançagyny/magistraturany almak üçin;
okaýanlaryň 5-e çenlisini ýokary okuw mekdebinden soňky bilimiň I basgançagyny (aspiranturany)/aspirantura (Doctor of Philosophy (Ph.D)), ylymlaryň kandidatynyň alymlyk derejesini almak üçin.
Taraplar mugallymçylyk işini kämilleşdirmek maksady bilen, bilim edaralarynyň, bilim ulgamynyň beýleki guramalarynyň 5-e çenli mugallymçylyk işgärini hünärini ýokarlandyrmak, tejribe geçmek, gaýtadan taýýarlamak üçin, her ýyl 1 aýdan 24 aýa çenli möhlet bilen kabul edýän Tarapyň bilim edaralaryna iberýärler.
Taraplar okaýanlaryň okuwyny guramak üçin zerur bolan resminamalary her ýylyň 15-nji aprelinden gijä galman, olara garamagyň netijeleri baradaky maglumatlary bolsa, şol ýylyň 15-nji awgustyndan gijä galman alyşýarlar.
Iberýän Tarap bilim almak üçin dalaşgärleri kabul edýän Tarap bilen bilelikde seçip alýar.
Taraplaryň döwletleriniň bilim edaralarynyň we bilim ulgamynyň beýleki guramalarynyň sanawyny, okuw amala aşyrylýan bilimiň we hünäriň (hünäriň ugry, ýöriteleşmek) derejesini (basgançagyny), şeýle hem okaýanlaryň sanawyny Taraplar gepleşikler arkaly anyklaýarlar. 

4-nji madda

Taraplaryň iberýän okaýanlarynyň sany, Taraplaryň döwletleriniň şu Ylalaşygyň 3-nji maddasynda görkezilen bilim edaralaryna we bilim ulgamynyň beýleki guramalaryna olaryň gelmeginiň senesi iki Tarapyň ygtyýarly edilen edaralary tarapyndan kesgitlenýär we 1-nji sentýabra çenli möhletde diplomatik ýollar boýunça olaryň dykgatyna ýetirilýär.

5-nji madda

Kabul edýän Tarap şu Ylalaşyga laýyklykda şu Ylalaşygyň 3-nji maddasynda görkezilen okaýanlary okuw, okuw neşirlerinden, şol sanda okuw gollanmalaryndan, maglumat-seljeriş materiallaryndan peýdalanandygy üçin tölegden boşadýar we:
olaryň okadylýan döwletde hereket edýän bilim standartlarynyň talaplaryna laýyklykda okadylmagyny;
olara bolunýan döwletiň kanunçylygyna laýyklykda meýilleşdirilen lukmançylyk kömegini, tiz we gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bolsa, päsgelçiliksiz hem-de mugt üpjün edýär.
Bilim edaralarynyň umumyýaşaýyş jaýlarynda ýaşamagyň tölegi Türkmenistanyň/Belarus Respublikasynyň kanunçylygynda bellenen, daşary ýurt raýatlaryna bu hyzmatlary etmek üçin ykdysady taýdan esaslandyrylan çykdajylaryň doly öweziniň dolunmagyny üpjün edýän nyrhlar boýunça tölenýär.

6-njy madda

Taraplar beýleki Tarapyň döwletiniň bilim edaralaryna, bilim ulgamynyň beýleki guramalaryna mugallymçylyk işi üçin hünärmenleriň zerur sanyny öz talaplaryna görä, Taraplaryň döwletleriniň milli kanunçylygyna laýyklykda iberýärler (kabul edýärler).

7-nji madda

Taraplar iki döwletiň bilim edaralarynyň, bilim ulgamynyň beýleki guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýolar goýmaga we ösdürmäge ýardam bererler, olar özara bähbitlerden ugur alyp, şu Ylalaşygyň düzgünlerini ösdürmekde hyzmatdaşlyk etmek hakynda aýratyn ylalaşyklary baglaşyp bilerler. 

8-nji madda

Tejribe alyşmak, şu Ylalaşykda bellenen çäreleri durmuşa geçirmäge ýardam bermek maksady bilen, Taraplar iki döwletiň bilim ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň, bilim edaralarynyň, bilim ulgamynyň beýleki guramalarynyň ylmy hem-de mugallymçylyk işgärleriiň wekiliýetlerini her ýyl alşarlar.
Şeýle duşuşyklary geçirmegiň möhletlerini Taraplar diplomatik ýollar boýunça ylalaşarlar.
Wekiliýetleriň bellenen ýere we yzyna ulag, saglygy goraýyş, ýaşamak boýunça çykdajylary iberýän guramalaryň, edaralaryň ýa-da Taraplaryň döwletleriniň kanunçylygynyň çäklerinde beýleki çeşmeleriň hasabyna tölenýär.
Kabul edýän Татар wekiliýet öz döwletiniň çäklerinde bolan wagty milli kanunçylygyna laýyklykda ulag çykdajylaryny, iýmit üçin çykdajylary öz üstüne alýar.

9-njy madda

Şu Ylalaşygyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişini utgaşdyrmak üçin Taraplaryň ygtyýarly edaralary şular bolup durýarlar:
Türkmenistandan - Türkmenistanyň Bilim ministrligi;
Belarus Respublikasyndan - Belarus Respublikasynyň Bilim ministrligi.

10-njy madda

Taraplaryň özara ylalaşmagy boýunça şu Ylalaşyga üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip bilner we olar şu Ylalaşygyň aýrylmaz bölegi bolup durýan teswirnamalar arkaly resmileşdirilýär.

11-nji madda

Şu Ylalaşyk Taraplaryň onuň güýje girmegi üçin zerur bolan içerkidöwlet amallaryny ýerine ýetirendigi baradaky soňky ýazmaça habamama alnan seneden güýje girýär. 
Şu Ylalaşyk bäş ýylyň dowamynda hereket eder. Eger Taraplaryň biri nobatdaky bäşýyllyk döwrüň tamamlanmagyna çenli azyndan alty aý öňünden onuň hereketini bes etmek meýli hakynda beýleki Tarapa ýazmaça habar bermese, şu möhletiň tamamlanmagy boýunça ol soňraky bäşýyllyk döwürlere öz-özünden uzalar.
Minsk şäherinde 2012-nji «27» aprelinde her biri türkmen we rus dillerinde iki asyl nusgada amal edildi, özi-de ähli nusgalaryň birmeňzeş güýji bardyr. 

 
Türkmenistanyň
Hökümetiniň adyndan

Belarus Respublikasynyň
Hökümetiniň adyndan 


Ýükle