img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylmy we medeni guramasynyň tertipnamasy

3690

...

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Düzgünnamasy

1945-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Londonda kabul edildi we Baş maslahatyň (konferensiýanyň) 2-nji, 3-nji, 4-nji, 5-nji, 6-njy, 7-nji, 8-nji, 9-njy, 10-njy, 12-nji, 15-nji, 17-nji, 19-njy, 20-nji, 21-nji, 24-nji, 25-nji, 26-njy, 27-nji, 28-nji, 29-njy, 31-nji we 40-njy sessiýalarynda düzedişler girizildi.

Bu Düzgünnama gatnaşýan Döwletleriň Hökümetleri öz halklarynyň adyndan aşakdakylary yglan edýärler:

Adamlarda uruş hakynda pikirler döreýär, şonuň üçin ynsanlaryň aňynda parahatçylygy goramak düşünjesini düýpli ornaşdyrmaly.

Birek-biregiň däplerine hem-de durmuşlaryna düşünmezlik adamzat taryhynyň dowamynda halklaryň arasynda şübhe we ynamsyzlygyň sebäbi bolup gelýär, netijede düşünişmezlikler köplenç urşa getirýär.

Ýaňy tamamlanan aýylganç jahan urşy, adam mertbesini sylamak, deňlik we adamlaryň birek-birege hormat goýmak demokratik ýörelgelerinden ýüz öwrülendigi sebäpli, şeýle hem adamlaryň we jynslaryň deňsizligi baradaky ýalňyş pikirleriň we nadanlygyň esasynda ornaşan taglymat sebäpli bolup geçdi.

Ynsan mertebesini saklamak üçin adalat, erkinlik we parahatçylyk esasynda ähli adamlaryň arasynda medeniýetiň we bilimiň giňden ýaýramagyny ýola goýmaly, şonuň üçin bu ugurda ähli halklara özara hyzmatdaşlyk ruhunda ýerine ýetirilmeli mukaddes borç ýüklenilýär.

Diňe hökümetleriň ykdysady we syýasy ylalaşyklaryna esaslanýan parahatçylyk dünýä halklarynyň biragyzdan, berk we çyn ýürekden goldawyny alyp bilmez; parahatçylygyň berk ornaşmagy üçin ol adamzadyň intellektual we ahlak raýdaşlygyna esaslanmalydyr. 

Şu sebäplere görä, ähli adamlara bilim almak üçin doly we deň mümkinçilikler döretmegiň, obýektiw hakykaty päsgelçiliksiz gözläp tapmagyň hem-de erkin bilim we pikir alyşmagyň zerurdygyna ynanyp, özara düşünişmek we birek-biregiň durmuşyny has takyk we aýdyň göz öňüne getirmek maksady bilen, bu Düzgünnama gatnaşýan Döwletler halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek we giňeltmek isleýändiklerini mälim etdiler.

Munuň netijesinde, dünýä halklarynyň bilim, ylym we medeniýet pudagyndaky hyzmatdaşlygy arkaly halkara parahatçylygy we umumy adamzadyň abadançylgyny gazanmak maksady bilen bu resminamanyň esasynda olar Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyny döredýärler we Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynda beýän edilişine laýyklykda ol hem şu maksat bilen esaslandyrylandyr.      

I madda – Maksady we borçlary

1. Guramanyň maksady adalada, kanuna we adam hukuklaryna ähliumumy hormat goýulmagyny, şeýle hem gelip çykyşyna, jynsyna, diline ýa-da dinine garamazdan ähli halklaryň Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynda beýan edilen esasy azatlyklaryny üpjün etmek maksady bilen halklaryň bilim, ylym we medeniýet pudagynda hyzmatdaşlgyny giňeltmek arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna goşant goşmakdan ybaratdyr.

2. Bu maksatlara ýetmek üçin Gurama:

a) ähli habar beriş serişdeleriniň ulanylmagy arkaly halklaryň ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegine ýardam edýär we bu maksat bilen pikirleriň söz we şekil arkaly erkin ýaýradylmagy üçin özara bähbitli hasaplaýan halkara şertnamalaryň baglaşylmagyny maslahat berýär;

b) halk magaryfynyň ösmegine we medeniýetiň ýaýramagyna itergi berýär:

Guramanyň Agza döwletleriniň haýyşy boýunça olar bilen magaryf işlerini ösdürmekde hyzmatdaşlyk edýär,

gelip çykyşyna, jynsyna ýa-da durmuş-ykdysady ýagdaýyna garamazdan hemme adamlara deň bilim almak mümkinçiligini bermek maksady bilen halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýýar,  

bütin dünýäniň çagalarynda azatlygy duýmak we onuň jogapkärçiligine düşünmek duýgusyny terbiýelemek üçin iň amatly bilim almak usullaryny hödürleýär;

ç) bilimleri goramaga, artdyrmaga we ýaýratmaga ýardam berýär:

kitaplaryň, sungat eserleriniň we taryhy hem-de ylmy ähmiýetli ýadygärlikleriň dünýä mirasynyň aýawly saklanylmagyny we goralmagyny üpjün edýär, şeýle hem degişli ýurtlara halkara konwensiýalary baglaşmagy maslahat berýär,

akyl işjeňliginiň ähli ugurlaryndaky haklaryň hyzmatdaşlygyny, bilim, ylym we medeniýet pudagynda işleýän adamlaryň halkara alyş-çalyşyny, şeýle hem neşirleriň, sungat eserleriniň, ylmy gyzyklanma döredýän zatlaryň we beýleki materiallaryň hem-de maglumatlaryň alyş-çalyşyny goldaýar;

halkara hyzmatdaşlygyň dürli görnüşleri arkaly ähli halklara aýry-aýry ýurtlarda çap edilýän zatlar bilen tanyşmak mümkinçiligini berýär.

3. Bu Guramanyň Agza döwletleriniň garaşsyzlygynyň, bitewiliginiň we medeniýetleriniň hem-de bilim ulgamlarynyň özboluşlylygynyň goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen Gurama bu ýurtlaryň içerki kanunçylygyna degişli meselelere goşulmakdan ýüz öwürýär.

II madda – Agzalyk

1. Birleşen Milletler Guramasynyň agzasyna Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň agzasy bolmak hukugy berilýär.

2. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda  baglaşylan we şu Düzgünnamanyň 10-njy maddasyna laýyklykda tassyklanan Şertnama laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolmadyk döwletler Ýerine ýetiriji geňeşiň teklibi bilen Baş maslahat tarapyndan üçden iki ses bilen Gurama kabul edilip bilner.

3. Eger bu ýerleriň her biri ýa-da ýerler topary üçin olaryň halkara gatnaşyklaryny alyp barmaga jogapkärçilik çekýän Agza döwlet ýa-da gurama olaryň kabul edilmegi üçin ýüz tutýan bolsa, halkara gatnaşyklaryny alyp barmaga jogapkärçilik çekmeýän ýerler ýa-da ýerleriň topary, ses bermäge gatnaşýan we ses berýän Agzalaryň üçden iki böleginiň sesi bilen Baş maslahat tarapyndan Synçy agza hökmünde kabul edilip bilner. Synçy agzalaryň hukuklarynyň we borçlarynyň aýratynlyklary we derejesi Baş maslahat tarapyndan kesgitlenýär.1

4. Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolmak hukuklaryny we ýeňilliklerini peýdalanyp bilmeýän Guramanyň agzalary Birleşen Milletler Guramasynyň haýyşy boýunça bu Guramanyň hukuklaryndan we ýeňilliklerinden hem mahrum edilýär.

5. Birleşen Milletler Guramasyndan çykarylan Guramanyň agzalary awtomatik ýagdaýda bu Guramanyň agzalygyndan hem çykarylýar.

6. Agza döwlet ýa-da Guramanyň Synçy agzasy Baş direktora habar berlenden soň agzalykdan çykyp biler. Bu habar onuň iberilen ýylyndan soň gelýän ýylyň 31-nji dekabrynda güýje girýär. Agzalykdan çykmak baradaky karar güýje giren döwründe Guramadan çykma agzalykdan aýrylýan döwletiň Gurama bilen baglanyşykly bolan maliýe borçnamalaryny aýyrmaýar. Synçy agzanyň Guramadan çykýandygy baradaky habar Agza döwletiň hökümetiniň ýa-da onuň halkara gatnaşyklaryny alyp barmaga jogapkär beýleki guramanyň adyndan berilýär.2      

7. Her Agza döwlede Gurama Hemişelik Wekil bellemek hukugy berilýär.3

8. Agza döwlediň Hemişelik Wekili Guramanyň Baş direktoryna ynanç hatyny4 gowşurýar we ynanç hatynyň gowşurylan gününden başlap borçlaryny resmi taýdan ýerine ýetirip başlaýar. 

III madda – Organlar

Gurama Baş maslahaty, Ýerine ýetiriji geňeşi we Sekretariaty öz içine alýar.

IV madda – Baş maslahat

(5-nji çykgyda seret)

A. Düzümi

1. Baş maslahat Guramanyň Agza döwletleriniň wekillerinden ybaratdyr. Her Agza döwlediň Hökümeti, eger bar bolsa Milli topar ýa-da bilim, ylym we medeni guramalar bilen maslahatlaşyp saýlanan bäşden artyk bolmadyk wekili belleýär.

B. Ýerine ýetirýän işi

2. Baş maslahat Guramanyň işleriniň strategiýasyny we umumy ugurlaryny kesgitleýär. Ol Ýerine ýetiriji geňeş tarapyndan özüne iberilen maksatnamalar barada karar çykarýar.6

3. Zerur bolanda we öz tassyklan düzgünlerine laýyklykda Baş maslahat döwletleriň arasynda bilim, tebigy we ynsanperwer ylymlary we bilimleriň ýaýramagy bilen baglanyşykly halkara maslahatlary gurnaýar; şol bir tema boýunça hökümete degişli bolmadyk maslahatlar, şeýle düzgünlere laýyklykda, Baş maslahat ýa-da Ýerine ýetiriji geňeş tarapyndan geçirilip bilner.7

4. Agza döwletlere teklip edilen taslamalaryň kabul edilmegini goldamak bilen, Baş maslahat agza döwletlere berilýän teklipler bilen agza döwletler tarapyndan tassyklanjak halkara konwensiýalary tapawutlandyrmalydyr. Birinji ýagdaýda sesleriň ýönekeý köplügi ýeterlikdir; ikinji ýagdaýda – sesleriň üçden iki böleginiň köplügi zerurdyr. Agza döwletleriň her biri bu teklipleri ýa-da konwensiýalary Baş maslahatyň kararlaryň kabul edilen sessiýasynyň ýapylan gününden başlap bir ýylyň dowamynda ygtyýarly edaralaryň garamagyna tabşyrýar.  

5. 5-nji maddanyň 6-njy (ç) bendine laýyklykda Baş maslahat iki guramanyň ygtyýarly edaralary tarapyndan bellenilen tertibe we möhletlere laýyklykda Birleşen Milletler Guramasyna bu guramany gyzyklandyrýan bilim, ylym we medeni meseleler boýunça öz netijelerini beýan edýär.8

6. Baş maslahat Agza döwletler tarapyndan ýokarda 4-nji bentde görkezilen teklipleriň we konwensiýalaryň ýerine ýetirilişi barada Gurama berlen hasabatlary kabul edýär we olara garaýar, Maslahat tarapyndan şeýle karar kabul edilen ýagdaýynda bu hasabatlaryň gysgaça mazmunyny kabul edýär we oňa garaýar.9

7. Baş maslahat Ýerine ýetiriji geňeşiň agzalaryny saýlaýar; Ýerine ýetiriji geňeşiň maslahaty boýunça ol Baş direktory belleýär.

Ç. Ses berme

8. a) Her Agza döwlet Baş maslahatda bir sese eýedir. Bu Düzgünnamanyň kadalary10 ýa-da Baş maslahatyň iş düzgünleri11 sesleriň üçden iki böleginiň köplügini talap edýän halatlaryndan başga ýagdaýlarda kararlar sesleriň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär. Köplük diýlip ses bermäge gatnaşýanlaryň we ses berýänleriň köplügi göz öňünde tutulýar.12

b) eger Agza döwlediň pul gatançlary boýunça bergisiniň möçberi onuň häzirki ýylda we ondan öňki kalendar ýyllarda tölemeli pul gatançlarynyň möçberinden artýan bolsa, Agza döwlediň Baş maslahatda ses bermäge gatnaşmaga hukugy ýokdur.13    

ç) Emma eger Baş maslahat tölegiň Agza döwlede bagly bolmadyk ýagdaýlara görä geçirilmändigini ykrar etse, ol şeýle Agza döwlede ses bermäge gatnaşmaga rugsat berip bilýär.14 

D. Işiň gidişi

9. a) Baş maslahat iki ýylda bir gezek nobatdaky sessiýalaryny geçirýär. Ol öz karary, Ýerine ýetiriji geňeşiň karary ýa-da Agza döwletleriň azyndan üçden bir böleginiň talaby boýunça nobatdan daşary sessiýasyny çagyryp bilýär.

b) Her sessiýada Maslahat indiki nobatdaky sessiýanyň geçiriljek ýerini kesgitleýär. Eger sessiýa Baş maslahat tarapyndan çagyrylýan bolsa, nobatdan daşary sessiýanyň geçiriljek ýeri Baş maslahat tarapyndan kesgitlenýär, ýa-da ähli beýleki ýagdaýlarda Ýerine ýetiriji geňeş tarapyndan kesgitlenýär.15

10. Baş maslahat öz iş düzgünlerini tassyklaýar. Ol her sessiýada Başlygy we beýleki agzalary saýlaýar.16

11. Baş maslahat ýörite we tehnik toparlary hem-de öz wezipeleriniň ýerine ýetirilmegi üçin zerur bolan beýleki kömekçi organlary döredýär.17

12. Iş düzgünlerine laýyklykda Baş maslahat ýygnaklaryň köpçülige aýanlyk we açyklyk şertlerinde geçirilmegi üçin degişli çäreleri görmelidir.

E. Synçylar

13. 11-nji maddanyň 4-nji bendine laýyklykda Ýerine ýetiriji geňeşiň teklibi bilen, iş düzgünlerine görä Baş maslahat sesleriň üçden iki böleginiň köplüginiň karary bilen Maslahatyň ýa-da onuň toparlarynyň käbir ýörite sessiýalaryna halkara guramalaryň wekillerini synçylar hökmünde çagyryp biler.  

14. 10-njy maddanyň 4-nji bendiniň düzgünlerine laýyklykda Ýerine ýetiriji geňeş hökümete degişli bolmadyk we hökümete doly degişli bolmadyk (ýarym degişli bolan) şeýle halkara guramalaryna maslahat bermek hukugyny beren bolsa, bu guramalar synçylaryny Baş maslahatyň we onuň toparlarynyň sessiýalaryna ibermäge çagyrylýar.18

V madda – Ýerine ýetiriji geňeş

(19-njy çykgyda seret)

A. Düzümi

1. a) Ýerine ýetiriji geňeş Baş maslahat tarapyndan saýlanýar we ol elli sekiz Agza döwletden ybaratdyr. Wezipesine laýyklykda Baş maslahatyň Başlygy Ýerine ýetiriji geňeşiň ýygnaklaryna maslahatçy ses hukugy bilen gatnaşýar. 

b) Eger Agza döwlediň pul gatançlary boýunça bergisiniň umumy möçberi onuň häzirki ýylda we ondan öňki kalendar ýyllarda tölemeli pul gatançlarynyň umumy möçberinden artýan bolsa, Agza döwlediň Ýerine ýetiriji geňeşiň agzasy bolmaga hukugy ýokdur. Muňa garamazdan, eger Baş maslahat gatançlaryň töleginiň Agza döwlede bagly bolmadyk ýagdaýlara görä geçirilmändigini ykrar etse, ol şeýle Agza döwlede Ýerine ýetiriji geňeşiň agzasy bolmaga rugsat berip bilýär.

ç) Ýerine ýetiriji geňeşiň saýlanan Agza döwletleri mundan beýläk Ýerine ýetiriji geňeşiň “Agzalary” diýlip atlandyrylýar. 

2. a) Ýerine ýetiriji geňeşiň her Agzasy bir wekil belleýär. Ol orunbasarlary hem belläp bilýär. 

b) Ýerine ýetiriji geňeşde öz wekilini saýlanda, Ýerine ýetiriji geňeşiň agzasy UNESCO degişli bir ýa-da birnaçe ugurlar boýunça hünärli we Geňeşiň dolandyryş we ýerine ýetiriji wezipelerini amala aşyrmak üçin zerur tejribesi we ukyplary bolan adamy hödürlemäge synanyşýar. Işde dowamlylygyň zerurlygyny göz  öňünde tutup, eger aýratyn ýagdaýlar onuň çalşyrylmagyny talap etmese, her wekil Ýerine ýetiriji geňeşiň agzasynyň ygtyýarlylyk möhletine bellenilýär. Ýerine ýetiriji geňeşiň her agzasy tarapyndan bellenilýän orunbasarlar onuň wekiliniň bolmadyk ýagdaýynda onuň ähli wezipelerini ýerine ýetirýärler.    

3. Ýerine ýetiriji geňeşiň agzalary saýlananda, Baş maslahat medeniýetleriň köp dürlüligini we geografik ýerleşişiň aýratynlyklaryny deň göz öňünde tutýar.

4. a) Ýerine ýetiriji geňeşiň agzalary Baş maslahatyň haýsy sessiýasynda saýlanan bolsalar, şol sessiýanyň soňundan başlap, öz wezipelerini ýerine ýetirýärler, olar saýlanan wagtyndan başlap Baş maslahatyň ikinji nobatdaky sessiýasynyň soňuna çenli işleýärler. Nobatdaky sessiýalarynyň hersinde Baş maslahat sessiýanyň soňunda boş ýerleri doldurmak üçin zerur bolan agzalary saýlaýar.      

b) Ýerine ýetiriji geňeşiň Agzalarynyň gaýtadan saýlanmak hukugy bardyr. Ýerine ýetiriji geňeşiň gaýtadan saýlanan Agzalary Geňeşdäki öz wekillerini üýtgetmäge çalyşýarlar. 

5. Ýerine ýetiriji geňeşiň Agzasy Guramanyň agzalygyndan çykan ýagdaýynda onuň ygtyýarlylyk möhleti bu çykyşyň güýje giren senesinden tamamlanýar.

B. Ýerine ýetirýän işi.

6.20 a) Ýerine ýetiriji geňeş Baş maslahatyň ýygnagynyň gün tertibini taýýarlaýar. Ol Guramanyň iş maksatnamasyny we 6-njy maddanyň 3-nji bendine laýyklykda Baş direktor tarapyndan oňa berilýän degişli býujet taslamalaryny öwrenýär hem-de zerur diýip hasap eden ähli teklipleri bilen birlikde olary Baş maslahata tabşyrýar.

b) Baş maslahatyň ygtyýarlaryna laýyklykda hereket edip, Ýerine ýetiriji geňeş onuň tarapyndan kabul edilen maksatnamanyň ýerine ýetirilmegine onuň öňünde jogapkärçilik çekýär. Baş maslahatyň kararlaryna laýyklykda we iki sany nobatdaky sessiýanyň arasyndaky döwürde ýüze çykyp biljek ýagdaýlary göz öňünde tutup, Ýerine ýetiriji geňeş Baş direktor tarapyndan maksatnamanyň netijeli we oýlanyşykly ýerine ýetirilmegi üçin zerur bolan ähli çäreleri görýär.

ç) Eger netijesi soralýan meselä Maslahat umuman garap geçen bolsa ýa-da meseläniň çözgüdi Maslahatyň kararlaryndan gelip çykýan bolsa, Baş maslahatyň iki sany nobatdaky sessiýasynyň arasyndaky döwürde Geňeş 4-nji maddanyň 5-nji bendinde göz öňünde tutulan Birleşen Milletler Guramasyna maslahat berme işlerini ýerine ýetirip bilýär.

7. Ýerine ýetiriji geňeş Baş maslahata Gurama täze agzalary kabul etmek bilen baglanyşykly tekliplerini berýär.

8. Baş maslahatyň kararlaryna laýyklykda Ýerine ýetiriji geňeş öz iş düzgünlerini tassyklaýar. Ol öz agzalarynyň arasyndan wezipeli adamlaryny saýlaýar.

9. Ýerine ýetiriji geňeş azyndan iki ýylda dört gezek nobatdaky sessiýalaryny çagyrýar we öz başlangyjy boýunça ýa-da Ýerine ýetiriji geňeşiň alty sany Agzasynyň talaby boýunça Başlyk onuň ýörite sessiýasyny çagyryp bilýär.21

10. Ýerine ýetiriji geňeşiň Başlygy Geňeşiň adyndan Baş maslahatyň her nobatdaky sessiýasyna Guramanyň işi baradaky hasabatlaryny tabşyrýar, bu hasabatlar 6-njy maddanyň 3-nji (b) bendiniň düzgünlerine laýyklykda Başlygyň öz bellikleri bilen ýa-da belliksiz Baş direktor tarapyndan taýýarlanylýar.22

11. Ýerine ýetiriji geňeş halkara guramalaryň wekilleri bilen ýa-da Geňeşiň işlerine degişli meseleler bilen meşgullanýan başarjaň adamlar bilen maslahatlaşmak üçin zerur bolan ähli çäreleri görýär.  

12. Baş maslahatyň sessiýalarynyň arasyndaky döwürde Ýerine ýetiriji geňeş Guramanyň işleri bilen baglanyşykly ýüze çykýan ýuridik meseleler boýunça Halkara kazyýetiň konsultatiw netijelerini sorap biler.23

13. Şeýle hem Ýerine ýetiriji geňeş tutuş Maslahatyň adyndan Baş maslahatyň oňa beren ygtyýarlyklaryny amala aşyrýar.24

Ç. Ses berme hukugy25

14. a) Ýerine ýetiriji geňeşiň her Agzasy bir sese eýedir.

b) Eger Agza döwlediň pul gatançlary boýunça bergisiniň umumy möçberi onuň häzirki ýylda we ondan öňki kalendar ýyllarda tölemeli pul gatançlarynyň umumy möçberinden artýan bolsa, Agza döwlediň ses bermäge hukugy ýokdur. Muňa garamazdan, eger Baş maslahat gatançlaryň töleginiň Agza döwlede bagly bolmadyk ýagdaýlara görä geçirilmändigini ykrar etse, ol şeýle Agza döwlede ses bermäge rugsat berip bilýär.

VI madda - Sekretariat

(26-njy çykgyda seret)

 

1. Sekretariat Baş Direktordan we zerur bolan işgärlerden ybarat. 

2. Baş Direktor Ýerine ýetiriji geňeş tarapyndan hödürlenýär we maslahatyň tassyklap biljek şertlerinde dört ýyl möhlet bilen Baş maslahat tarapyndan bellenýär.  Baş Direktor ýene dört ýyllyk möhlete bellenip bilner, ýöne indiki möhlet üçin gaýtadan bellenip bilinmeýär.27 Baş Direktor guramanyň esasy dolandyryş işgäridir;

3. (a) Baş Direktor ýa-da özi tarapyndan bellenen başga bir orunbasar Baş maslahatyň, Ýerine ýetiriji geňeşiň we guramanyň toparlarynyň ähli ýygnaklaryna ses bermek hukugy bolmazdan gatnaşýar. Ol Maslahat we Geňeş tarapyndan alnyp baryljak degişli çäreler üçin teklipleri düzýär we degişli býudjet çaklamasy bilen Guramanyň iş meýilnamasynyň taslamasyny Geňeşe hödürlemäge taýýarlaýar. 

(b) Baş Direktor agza döwletlere we Ýerine ýetiriji geňeşe guramanyň işleri barada döwürleýin hasabatlary taýýarlaýar we habar edýär.  Soňra Baş maslahat bu hasabatlar bilen baglanyşykly döwürleri kesgitleýär.29

4. Baş direktor Baş maslahat tarapyndan tassyklanmaly işgärleriň düzgünlerine laýyklykda Sekretariatyň işgärlerini belleýär. Ak ýürekliligiň, netijeliligiň we tehniki başarnyklaryň iň ýokary ülňülerini üpjün etmek baradaky möhüm ähmiýeti göz öňünde tutup,  geografiki esasda işgär bellenilýär.

5. Baş Direktoryň we işgärleriň wezipeleri diňe halkara häsiýetine eýedir.  Wezipelerini ýerine ýetirenlerinde haýsydyr bir hökümetden ýa-da Guramanyň daşyndaky islendik guramadan görkezme gözlemeýärler ýa-da almaýarlar. Olar halkara derejesindäki wezipeli adamlar hökmünde öz wezipelerine zyýan ýetirip biljek hereketlerden saklanmalydyrlar. Guramanyň her bir agza döwledi Baş direktoryň we işgärleriň öňündäki borçlarynyň halkara häsiýetine hormat goýmagy we borçlaryny ýerine ýetirmekde olara täsir etmezlige borçlanýar. 

6. Bu maddadaky hiç bir zat Guramanyň umumy hyzmatlar we işgärler şeýle-de işgär alyş-çalşygy üçin Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde ýörite şertnama baglaşmagyna päsgel bermeýär. 

VII madda - Milli hyzmatdaş guramalar

1. Her bir agza döwlet bilim, ylym we medeni meseleler bilen gyzyklanýan esasy guramalaryny guramanyň işine çekmek üçin, has dogrusy hökümete we şular ýaly guramalara wekilçilik edýän Milli topary döretmek arkaly aýratyn ýagdaýlaryna laýyk gelýän çäreleri görýär. 

2. Milli toparlar ýa-da milli hyzmatdaş guramalar Baş maslahata degişli wekiliýetlerine, degişli ýurt wekillerine we orunbasarlaryna, Ýerine ýetiriji geňeşe we hökümetlerine gurama bilen baglanyşykly meselelerde geňeşçi hökmünde çykyş ederýärler we gyzyklanýan ähli meseleler boýunça aragatnaşyk guramasy bolup hyzmat edýärler. 30

3. Gurama agza döwletiň haýyşy boýunça işiniň ösmegine kömek etmek maksady bilen Sekretariatynyň agzasyny şol döwlediň Milli toparynda işlemek üçin wagtlaýyn wekil edip biler.

VIII madda - Agza döwletleriň hasabatlary

Her agza döwlet Baş maslahatyň kesgitlän wagtlary we tertipleri esasynda bilim, ylym we medeniýet bilen baglanyşykly edaralaryň we olaryň işleri bilen baglanyşykly kanunlaryň, kadalaryň, statistikalaryň we teklipleriň ýerine ýetirilişi şeýle hem, 4-nji maddanyň 4-nji bendinde beýan edilen görkezmelere we konwensiýalara laýyklykda görülýän çäreler barada Gurama hasabat berýär. 31

IX madda - Býudjet

1. Býudjet gurama tarapyndan dolandyrylýar. 

2. Baş maslahat Birleşen Milletler Guramasy bilen 10-njy madda laýyklykda baglaşylan şertnamada göz öňünde tutulyp bilinjek ylalaşyga laýyklykda guramanyň agza döwletleriniň arasynda býudjetiň we maliýe jogapkärçiliginiň paýlanmagyny tassyklaýar we ol gutarnykly güýje girýär.

3. Baş direktor Maliýe kadalarynda görkezilen şertleri göz öňünde tutup, hökümetlerden, döwlet we hususy guramalardan, birleşiklerden we şahsyýetlerden gönüden-göni meýletin goşantlary, sowgatlary, wesýetleri we tabşyryklary kabul edip biler.32

X madda - Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklar

Bu gurama mümkin boldugyça gysga wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynyň 57-nji maddasynda görkezilen ýöriteleşdirilen guramalaryň biri hökmünde Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyk saklaýar. Bu gatnaşyklar Düzgünnamanyň 63-nji maddasyna laýyklykda Birleşen Milletler Guramasy bilen baglaşylan şertnama esasynda amala aşyrylýar. Bu şertnama şol guramanyň Baş maslahatynyň Geňeşiniň tassyklamagy bilen baglaşylýar. Ylalaşyk umumy maksatlary göz öňünde tutýan iki guramanyň arasynda gazanylmagynda netijeli hyzmatdaşlygy üpjün edýär we şol bir wagtyň özünde bu Düzgünnamada kesgitlenişi ýaly, bu guramanyň özbaşdaklygyny ykrar edýär. Şeýle şertnama Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Guramanyň býudjetini tassyklamagy we maliýeleşdirmegi üpjün edip biler.

XI madda - Beýleki ýöriteleşdirilen halkara guramalar we edaralar bilen gatnaşyklar

1. Bu gurama gyzyklanmalary, işleri we maksatlary bilen baglanyşykly beýleki ýöriteleşdirilen hökümetara guramalar we edaralar bilen hyzmatdaşlyk edip biler.  Bu maksat bilen Baş direktor Ýerine ýetiriji geňeşiň umumy ýolbaşçylygynda hereket edip, şeýle guramalar we edaralar bilen netijeli iş gatnaşyklaryny ýola goýup biler we netijeli hyzmatdaşlygy üpjün etmek üçin zerur bolan bilelikdäki toparlary döredip biler.  Şeýle guramalar ýa-da edaralar bilen baglaşylan islendik resmi şertnamalar Ýerine ýetiriji geňeşiň tassyklamagyna degişlidir.

2. Bu guramanyň Baş maslahaty we maksatlary, wezipeleri şu guramanyň ygtyýaryna girýän beýleki ýöriteleşdirilen hökümetara guramalaryň ýa-da edaralaryň ygtyýarly organlary mümkinçiliklerini we işlerini şu gurama ýagny  Baş direktora tabşyrmagy makul bilýärler we maslahatyň tassyklamagy bilen bu maksat bilen özara kabul ederlikli şertnamalary baglaşyp biler. 

3. Bu gurama ýygnaklarda özara wekilçilik etmek üçin beýleki hökümetara guramalar bilen degişli şertnamalar baglaşyp biler. 

4. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy öz ygtyýarlyklary bilen baglanyşykly meseleler bilen meşgullanýan hökümete degişli bolmadyk halkara guramalary bilen maslahatlaşmak we hyzmatdaşlyk etmek üçin degişli çäreleri görüp biler we olary belli bir wezipeleri ýerine ýetirmäge çagyryp biler. Şeýle hyzmatdaşlyk şular ýaly guramalaryň wekilleriniň Baş maslahat tarapyndan döredilen maslahat beriş işlerine gatnaşmagyny hem öz içine alýar.

XII madda - Guramanyň kanuny ýagdaýy

Bu Guramanyň kanuny ýagdaýyna, artykmaçlyklaryna we ýeňilliklerine degişli Birleşen Milletler Guramasynyň33 Düzgünnamasynyň 104-nji we 105-nji maddalarynyň düzgünleri şu Gurama hem degişlidir. 

XIII madda - Üýtgetmeler

1. Bu Düzgünnama üýtgetmeler girizmek baradaky teklipler Baş maslahatyň üçden iki böleginiň ses bermegi bilen tassyklanylandan soň güýje girer; şeýle-de bolsa, Guramanyň maksatlarynda düýpli üýtgeşmeleri ýa-da agza döwletler üçin täze borçnamalary öz içine alýan bu üýtgetmeler güýje girmezinden öň agza döwletleriň üçden iki bölegi tarapyndan kabul edilmegini talap edýär. Teklip edilýän düzedişleriň tekstleri Baş direktor tarapyndan Baş maslahatda garalmazdan azyndan alty aý öň agza döwletlere habar berilýär.   

2. Baş maslahat şu maddanyň düzgünlerini ýerine ýetirmek üçin kadalaryň üçden iki bölegini kabul etmäge haklydyr.34

XIV madda - Düşündiriş

1. Bu Düzgünnamanyň iňlis we fransuz tekstleri deň güýçli hasaplanýar. 

2. Bu Düzgünnama düşünmek bilen baglanyşykly ýüze çykan islendik sorag ýa-da jedel Baş maslahatyň iş kadalaryna laýyklykda kesgitläp bilşi ýaly Halkara Kazyýetine ýa-da Arbitraž kazyýetine ugradylýar.35

XV madda - Güýje girme

1. Bu Düzgünnama kabul edilmäge degişlidir. Kabul ediş resminamasy Birleşen şalygyň (UK) hökümetinde saklanar. 

2. Bu Düzgünnama Birleşen şalygyň hökümetiniň arhiwinde gol çekmek üçin açyk bolar. Gol çekmek resminama kabul edilmezden ozal ýa-da soň amala aşyrylyp bilner. Gol çekilmezden öň kabul edilmeýär. Şeýle-de bolsa, Guramadan çykan döwlet agzalygyny dowam etdirmek üçin täze kabul ediş resminamasyny goýmalydyr.36

3. Bu düzgünnama gol çeken döwletleriň ýigrimisi tarapyndan kabul edilenden soň güýje girer. Ondan soňky kabul edişlik derrew güýje girýär. 

4. Birleşen şalygyň hökümeti Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agzalaryna we Baş direktoryna ähli kabul ediş resminamalarynyň alnandygy we tertipnamanyň güýje giren senesi barada öňki bölüme laýyklykda habar berýär37. 

Muňa şaýatlyk edip, gol çekenler, oňa degişli ygtyýarlyk berlen bu Düzgünnama iňlis we fransuz dillerinde gol çekdiler, iki tekstiň hem güýji deňdir. 

Bir müň dokuz ýüz kyrk bäşinji ýylyň on altynjy noýabrynda Londonda iňlis we fransuz dillerinde ýeke nusgada taýýarlandy, tassyklanan hakyky nusgalary Birleşen şalygyň hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza döwletleriniň hökümetlerine gowşurylýar.

1 Baş maslahat tarapyndan 6-njy sessiýada  kabul edilen bent (1951) (6 Ç / Kararlar, sah. 83). Şol sessiýada synçy agzalaryň hukuklaryna we borçlaryna degişli Baş maslahat tarapyndan kabul edilen  41.2 karara seret.

2 Baş maslahatyň 8-nji sessiýasynda kabul edilen bent (1954) (8 Ç / Kararlar, sah.12.).  Baş maslahat tarapyndan 28-nji sessiýada kabul edilen bent (1995), (28 Ç / Kararlar, 117 sah.) düzgüne üýtgetme girizmek we 9-njy maddasyna (täze 3-nji bent) goşmak bilen bagly 20.1 Karary kabul etdi. 3) Olar şulardan ybarat:

Baş maslahat, 28 Ç / 30 resminama gözden geçirildi we Hukuk toparynyň hasabatyna üns berildi (28 Ç / 136),

1. Düzgünnamanyň 2-nji maddasynyň 6-njy bendine aşakdaky ýaly üýtgeşme girizmek kararyna gelinýär: “6.  Islendik agza döwlet ýa-da Guramanyň synçy agzasy Baş direktora habar berlenden soň agzalykdan çykyp biler. Bu çykyş Baş direktora habar berlenden ýigrimi dört aý soň güýje girýär. Agzalykdan çykmak baradaky karar güýje giren döwründe Guramadan çykma agzalykdan aýrylýan döwletiň Gurama bilen baglanyşykly bolan maliýe borçnamalaryny aýyrmaýar. Synçy agzanyň Guramadan çykýandygy baradaky habar agza döwlediň hökümetiniň ýa-da onuň halkara gatnaşyklaryny alyp barmaga jogapkär beýleki guramanyň adyndan berilýär.” ;

2. Düzgünnamanyň 9-njy maddasynyň 3-nji bendine aşakdakylary goşmak kararyna gelinýär (häzirki 3-nji bent 4-nji bent bolýar):

“3.  Baş maslahat başgaça karar bermese, maliýe döwri yzygiderli iki senenama ýyly bolýar. Her bir agzanyň döwlede ýa-da synçy agzasyna goşýan maliýe goşandy tutuş maliýe döwri üçin we senenama ýylynda tölenýär. Şeýle-de bolsa, 2-nji maddanyň 6-njy bendine laýyklykda çykmak hukugyny amala aşyran agza döwlediň ýa-da synçy agzanyň goşandy guramanyň agzalyk döwrüne laýyklykda güýje girýän ýyly üçin hasaplanýar. ”; 

3. Ýokarda agzalan düzedişleriň agza döwletler üçin täze borçnamalary göz öňünde tutýandygyny we şonuň üçin bu üýtgetmeleriň diňe Düzgünnamanyň 13-nji maddasynyň 1-nji bendine laýyklykda agza döwletleriň üçden iki bölegi tarapyndan kabul edilenden soň güýje girjekdigini göz öňünde tutýar. Bu üýtgetmeler entek güýje girmedi.

3Baş maslahatyň 31-nji sessiýasynda kabul edilen (2001) bent (31 Ç / Kararlar, sah. 105). 

4 Baş maslahatyň 31-nji sessiýasynda kabul edilen (2001) bent (31 Ç / Kararlar, sah. 105). 

5 4-nji maddada ozal 20-nji sessiýada (1978) (20 Ç / Kararlar, 160 sah.) geçiş düzgüni hökmünde girizilen F.15 bent bardy we Baş maslahatyň 24-nji sessiýasy tarapyndan ýatyryldy (1987) (24 Ç / Kararlar, 168 sahypa). 

6 Baş maslahat tarapyndan 7-nji sessiýada üýtgedilen bent (1952) (7 Ç / Kararlar, sah. 103). 

7 Baş maslahat tarapyndan 7-nji sessiýada üýtgedilen bent (1952) (7 Ç / Kararlar, sah. 103-4). 

8 Baş maslahat tarapyndan 7-nji sessiýada üýtgedilen bent (1952) (7 Ç / Kararlar, sah. 104). 

9 Baş maslahat tarapyndan 17-nji sessiýada (1972) üýtgedilen bent (17 Ç / Kararlar, sah. 114). 

Bu düzgünler aşakdakylar: II maddalar. 2 (Ýerine ýetiriji geňeşiň teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasyna agza däl döwletleriň täze agzasynyň kabul edilmegi);  II.3 (synçy agzanyň kabul edilmegi);  IV.4 (agza döwletleriň tassyklamagy üçin iberilen halkara konwensiýalaryň kabul edilmegi);  IV.13 (döwlete dahylsyz ýa-da ýarym hökümet guramalaryndan synçylaryň kabul edilmegi).  guramalar);  XIII.l (Düzgünnama üýtgetmeler girizmek); XIII.2 (Düzgünnama üýtgetmeleri girizmegiň düzgünlerini kabul etmek). 

11Baş maslahatyň iş düzgünleriniň 83-nji düzgüniniň 2-nji bendine seret.

 12 Baş maslahat tarapyndan 10-njy sessiýada (1958) üýtgedilen kiçi bent (10 Ç / Karar, sah. 61)

13Baş maslahat tarapyndan 4-nji sessiýada (1949) kabul edilen kiçi bent we 6-njy (1951) we 7-nji (1952) mejlislerde üýtgedilen kiçi bent (4 Ç / Karar, 9 sahypa; 6 Ç / Karar, 85 we 7 Ç) / Kararlar, 104-nji sahypa). 

14Baş maslahat tarapyndan 4-nji sessiýada (1949) (b) we (ç) kabul edilen kiçi bentler (4 Ç / Kararlar, 9 sah.). 25-nji sessiýada üýtgedilen (ç) kiçi bent (1989) (25 Ç / Kararlar, 194 sah.) (Diňe iňlis dilinde). 

15 Baş maslahat tarapyndan 3-nji (1948) we 7-nji (1952) sessiýalarda üýtgedilen (a) we (b) kiçi bentler (3 Ç / 110, 113-nji sahypa we 7 Ç / karar, 104-nji sahypa). 

16 Baş maslahat tarapyndan 2-nji sessiýada (1947) üýtgedilen bent (2 Ç / 132, 63 sah.) .

17Baş maslahat tarapyndan 25-nji sessiýada (1989) üýtgedilen bent (25 Ç / Karar, 194 sah.) (Diňe iňlis we fransuz dillerinde). 

18 Baş maslahat tarapyndan 3-nji sessiýada (1948) kabul edilen bent (3 Ç / 110, sah. 113). 

19 Baş maslahat tarapyndan 40-njy sessiýada (2019) täzeden seredilen tekst (40 Ç / Karar 83). 5-nji madda ozal 7-nji (1952), 8-nji (1954), 9-njy (1956), 12-nji (1962), 15-nji (1968), 17-nji (1972), 19-njy (1976), 21-nji (1980), 25-nji (1989), 26-njy (1991), 27-nji (1993) we 28-nji (1995) sessiýalarda üýtgedildi (7 Ç / Kararlar, 104-nji sahypa; 8 Ç / Kararlar, 12-nji sahypa; 9 Ç / Kararlar, 70-nji sahypa; 12; Ç / Kararlar, sah. 95; 15 Ç / Kararlar, 103; 17 Ç / Kararlar, sah. 113; 19 Ç / Kararlar, sah. 93, 21 Ç / Kararlar, sah. . 194, 26 Ç / Kararlar, 137, 27 Ç / Kararlar, 117-118 sah.).

20 Baş maslahat tarapyndan 7-nji sessiýada (1952) üýtgedilen 20 (a), (b) we (ç) kiçi bentler (7 Ç / Kararlar, 104 sahypa).  

21 Baş maslahat tarapyndan 26-njy (1991) we 27-nji (1993) sessiýalarda üýtgedilen bent  (26 Ç / Karar, sah. 135; 27 Ç / Karar, sah. 102). 

22 Baş maslahat tarapyndan 7-nji (1952) we 8-nji (1954) sessiýalarda üýtgedilen bent  (7 Ç / Karar, sah. 104-5 we 8 Ç / Karar, sah. 13). 

23 Baş maslahat tarapyndan 7-nji sessiýada kabul edilen bent (1952) (7 Ç / Kararlar, sah. 105). 

24 Baş maslahat tarapyndan 8-nji (1954) we 26-njy (1991) sessiýalarda üýtgedilen bentler (8 Ç / Karar, 13 sahypa; 26 Ç / Karar, 136 sah.). 

25 Baş maslahat tarapyndan 40-njy sessiýada tekst kabul edildi (2019) (40 Ç / Karar 83).   

26 6-njy madda ozal 7-nji bendi öz içine alýardy, ol 20-nji sessiýada (1978) (20 Ç / Düzgünnama, 161 sah.) Baş maslahat tarapyndan geçiş düzgüni hökmünde girizilipdi we 24-nji sessiýada (1987) Baş maslahat tarapyndan ýatyryldy. (24 Ç / Kararlar, 168 sahypa). 

27 Baş maslahat tarapyndan 25-nji (1989) we 31-nji sessiýalarda üýtgedilen bent (2001) seanslar (25 Ç / Kararlar, 192-3 sah .; 31 Ç / Kararlar, 105 sah.). 

28 Baş maslahat tarapyndan 7-nji sessiýada üýtgedildi kiçi bent (1952) (7 Ç / Kararlar, sah. 113). 

29 Baş maslahat tarapyndan 8-nji sessiýada kabul edilen kiçi bent (1954) (8 Ç / Kararlar, 13 sah.). 

30 Baş maslahat tarapyndan 26-njy sessiýada üýtgedilen bent (1991) (26 Ç / Kararlar, 136 sah.). 

31 Baş maslahat tarapyndan 17-nji sessiýada üýtgedilen madda (1972) (17 Ç / Kararlar, 114 sah.).

 32 Baş maslahat tarapyndan 25-nji sessiýada üýtgedilen bent (1989) (25 Ç / Karar, 193 sah.). 

33 104-nji madda. Gurama öz agzalarynyň hersiniň çäginde öz wezipelerini ýerine ýetirmek we maksatlaryna ýetmek üçin zerur bolan kanuny mümkinçiliklerden peýdalanýar. 

105-nji madda.

Gurama, agzalarynyň çäginde maksatlaryna ýetmek üçin zerur bolan artykmaçlyklardan we ýeňilliklerinden peýdalanýar. 
2. Döwletleriň wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary we Guramanyň işgärleri Gurama bilen baglanyşykly wezipelerini garaşsyz ýerine ýetirmek üçin zerur bolan artykmaçlyklardan we ýeňilliklerden peýdalanýarlar. 

3. Baş Assambleýa şu maddanyň 1-nji we 2-nji bentleriniň ulanylyşynyň anyklygyny kesgitlemek maksady bilen teklipler berip biler ýa-da bu maksat bilen Birleşen Milletler Guramasynyň agzalaryna konwensiýa teklip edip biler. 

34 Baş maslahatyň iş tertibiniň 108-111-nji düzgünlerine seret. 

35 Baş maslahatyň  iş tertibiniň 36-njy düzgünine seret. 

36 Baş maslahat tarapyndan 24-nji sessiýada üýtgedilen bent (1987) (24 Ç / Karar, sah. 167). 

37 Baş maslahat tarapyndan 24-nji sessiýada üýtgedilen bent (1987) (24 Ç / Kararlar, 167 sah.)

 

 

Ýükle