3260
Bilim, ylmy atlar we alymlyk derejeleri hakyndaky resminamalary özara ykrar etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ukrainanyň Ministrler Kabinetiniň arasyndaky
YLALAŞYK
Mundan beýläk Taraplar diýlip atlandyrylýan Türkmenistanyň Hökümeti we Ukrainanyň Ministrler Kabineti,
• bilim we ylym babatyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga ýardam etmek isläp,
• bilim, ylmy atlary we alymlyk derejeleri hakyndaky resminamalary özara ykrar etmegiň kadalaryny bellemek maksady bilen,
şular barada ylalaşdy:
1-nji madda
Şu Ylalaşyk Taraplaryň gündiz okadylýan döwlet bilim edaralary tarapyndan berlen, bilim hakyndaky döwlet nusgasyndaky resminamalary, ylmy atlary dakmak we alymlyk derejelerini bermek hakynda Ukrainanyň Ýokary hünär synagy topary hem-de Ukrainanyň Bilim we ylym ministrligi tarapyndan berlen resminamalary we ylmy atlary dakmak hem-de alymlyk derejelerini bermek hakynda Türkmenistanda berlen resminamalary ykrar etmegiň tertibini kesgitleýär.
2-nji madda
Umumy orta we hünärmen-tehniki bilim hakynda Türkmenistanda we Ukrainada berlen döwlet nusgasyndaky resminamalary Taraplaryň ulanylýan kanunlaryna laýyklykda degişli derejede okuwy dowam etmek üçin ykrar edilýär.
3-nji madda
Kiçi hünärmenler we hünärli işçiler taýýarlanylýan okuw jaýlaryny tamamlamak hakynda Ukrainada berlen diplomlar we şahadatnamalar hem-de orta derejeli hünärmenleri we işçileri taýýarlaýan hünärmen okuw jaýlaryny tamamlamak hakynda Türkmenistanda berlen diplomlar we şahadatnamalar okuw dowam etdirilende, şeýle hem olarda okamagyň dowamlylygy we mazmuny hünär boýunça barabar bolanda berlen hünär derejesine laýyklykda işe kabul edilende özara ykrar edilýär.
4-nji madda
Ukraina tarapy Türkmenistanda berlen, Ukrainanyň ýokary okuw jaýlary tarapyndan degişli okuw möhletli «kiçi hünärmen», «bakalawr», «hünärmen» we «magistr» derejeleriniň berilmegi hakynda berlen okuwy dowam etmäge hukuk berýän diplomlara laýyk gelýän diplomlary ykrar edýär, berlen hünäre laýyklykda işe kabul edilenden bolsa – olarda hünär boýunça okuwyň dowamlylygy we mazmuny barabar bolanda ykrar edýär.
5-nji madda
Türkmenistan Tarapy Ukrainanyň ýokary okuw jaýlary tarapyndan «kiçi hünärmen», «bakalawr», «hünärmen» we «magistr» hünäriniň berilmegi hakynda berlen, Türkmenistanda berlen diplomlara laýyk bolan we okuwy dowam etmäge hukuk berýän diplomlary ykrar edýär, şeýle hem hünär boýunça okuwyň möhleti we mazmuny barabar bolanda berlen hünäre laýyklykda işe girilende ykrar edýär.
6-njy madda
Ukrainanyň Ýokary hünär synagy topary tarapyndan ylymlaryň kandidaty we ylymlaryň doktory diýen alymlyk derejeleriniň berilmegi hakyndaky diplomlar hem-de Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan ylymlaryň kandidaty we ylymlaryň doktory diýen alymlyk derejeliriniň berilmegi hakyndaky diplomlar laýyk gelýän diýlip ykrar edilýär.
Ylmy atlar (alymlyk derejeleri) hakyndaky hünärlilik resminamalaryň barabarlygy Taraplaryň döwletleriniň ulanylýan kanunlaryna laýyklykda anyklanylýar.
7-nji madda
Dosent we professor diýen ylmy atlaryň dakylmagy hakynda Türkmenistanda berlen attestatlar hem-de dosent we professor diýen ylmy atlaryň dakylmagy hakynda Ukrainanyň Bilim we ylym ministrligi tarapyndan berlen attestatlar Taraplaryň döwletleriniň ulanylýan kanunlaryna laýyklykda özara ykrar edilýär.
8-nji madda
Şu Ylalaşygyň düzgünlerini durmuşa geçirmek üçin Taraplar bir-birine bilim, ylmy atlar we alymlyk derjeleri hakyndaky döwlet resminamalarynyň, şeýle hem olary resmileşdirmegiň we bermegiň kadalaryny we amallaryny düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalarynyň nusgalaryny berer.
9-njy madda
Taraplar şu Ylalaşygyň düzgünlerini ýerine ýetirmegiň meseleleri boýunça pikir alşar, öz bilim ulgamlarynyň, bilim, ylmy atlar we alymlyk derjeleri baradaky resminamalaryň atlarynyň we olary bermegiň talaplarynyň üýtgemegi hakynda bir- -birine habar eder, şeýle hem zerur halatlarda bir-birine degişli resmi düşümdirişleri berer.
10-njy madda
Taraplary şu Ylalaşyk kabul edilenden soň döremegi mümkin bolan jedelli meseleleri çözmek üçin bilermenleriň umumy toparyny (mundan beýläk – Umumy topar) döreder. Taraplar Umumy toparyň düzümi hakynda bir-birine diplomatik ýollar arkaly habar eder.
Umumy topar Taraplaryň şu Ylalaşyk degişli bolan okuw jaýlarynyň sanawyny täzeläp durar.
Umumy topar zerurlyga görä işlär. mejlisleriň geçiriljek ýeri we wagty diplomatik ýollary arkaly ylalaşylar.
11-nji madda
Şu Ylalaşyga üýtgemeler we goşmaçalar Taraplaryň ylalaşmagy boýunça degişli Teswirnamalary resmileşdirmek arkaly girizilip bilner, şol Teswirnamalar şu Ylalaşygyň aýrylmaz bölegi bolar.
12-nji madda
Şu Ylalaşyk kesgitsiz möhlete baglaşylýar we oňa gol çekilen seneden başlap güýje girýär.
Taraplaryň her biri özüniň şu Ylalaşygyň hereketini bes etmekçidigini beýleki Tarapa diplomatik ýollar arkaly ýazmaça habar edip, onuň hereketini durzup biler. Ylalaşyk beýleki Tarap degişli habarnamany alanyndan soň on iki aýdan öz hereketini bes edýär.
Kiýew şäherinde 2001-nji ýylyň «14» maýynda her biri türkmen, ukrain we rus dillerinde iki nusgada amal edildi, özi-de ähli tekstleriň birmeňzeş güýji bardyr. Şu Ylalaşygyň düzgünlerini düşündirmekde tapawutlar ýüze çykan halatda rus dilindäki tekst ileri tutulýar.
Türkmenistanyň
Hökümetiniň adyndan
Ukrainanyň Ministrler
Kabinetiniň adyndan