img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary

Bilim we alymlyk derejeleri baradaky resminamalary özara ykrar etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ylalaşyk

3203

...

Bilim we alymlyk derejeleri baradaky resminamalary özara ykrar etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda
YLALAŞYK

Mundan beýläk Taraplar diýlip atlandyrylýan Türkmenistanyň Hökümeti we Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümeti, bilim babatda döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga ýardam etmek isläp, bilim baradaky döwlet nusgasyndaky resminamalary özara ykrar etmegiň kadalaryny bellemäge çalşyp, şu aşakdakylar barada ylalaşdylar.

1-nji madda

Şu Ylalaşyk Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ygtyýarly edaralary tarapyndan berilýän bilim baradaky döwlet nusgasyndaky resminamalara degişlidir.

2-nji madda

Doly umumy orta bilim hakynda Türkmenistanda berilýän şahadatnamany we doly orta umumybilim berýän mekdebi gutarandygyň barada Hytaý Halk Respublikasynda berilýän şahadatnamany kabul edýän ýurduň kanunçylygyna we kabul edýän bilim edarasynyň kadalaryna laýyklykda synaglar (ýa-da hasaplar) tabşyrylandan soň, olaryň eýelerine beýleki Tarapyň ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin hukuk berýän resminamalar hökmünde Taraplar ykrar edýärler.

3-nji madda

Bilimiň şu derejesi üçin okuwyň kadaly dowamlylygy Türkmenistanda azyndan 2 ýyl we Hytaý Halk Respublikasynda azyndan 3 ýyl bolanda, Türkmenistanda we Hytaý Halk Respublikasynda berilýän orta hünär bilimi hakyndaky diplomy Taraplar kabul edýän ýurduň kanunçylygyna we kabul edýän bilim edarasynyň kadalaryna laýyklykda synaglar (ýa-da hasaplar) tabşyrylandan soň, onuň eýelerine beýleki Tarapyň ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin hukuk berýän resminama hökmünde ykrar edýär.

4-nji madda

Ýokary hünär bilimi hakynda Türkmenistanda berilýän diplom we Hytaý Halk Respublikasynda berilýän doly däl ýokary bilim hakyndaky diplom, bakalawryň diplomy bilimiň şu derejesinde okuwyň kadaly dowamlylygy azyndan 4 ýyl bolanda Taraplar kabul edýän ýurduň kanunçylygyna we kabul edýän bilim edarasynyň kadalaryna laýyklykda synaglar (ýa-da hasaplar) tabşyrylandan soň, onuň eýelerine beýleki Tarapyň ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin hukuk berýän resminamalar hökmünde ykrar edýärler.

5-nji madda

Türkmenistanda berilýän, bilimiň şu derejesinde okuwyň kadaly dowamlylygy azyndan 5 ýyl bolanda ýokary hünär bilimi hakyndaky diplomy, lukmançylyk hünärleri boýunça bilimiň şu derejesinde okuwyň kadaly dowamlylygy azyndan 6 ýyl, stomatologiýa we farmasewtika hünärleri boýunça bolsa azyndan 5 ýyl bolanda ýokary hünär bilimi bolan hünärmeniň diplomyny we Hytaý Halk Respublikasynda berilýän magistryň diplomyny Taraplar kabul edýän ýurduň kanunçylygyna we kabul edýän bilim edarasynyň kadalaryna laýyklykda synaglar (ýa-da hasaplar) tabşyrylandan soň, onuň eýelerine beýleki Tarapyň ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin hukuk berýän resminamalar hökmünde ykrar edýärler.

6-njy madda

Türkmenistanyň ygtyýarly edaralary tarapyndan berilýän ylymlaryň kandidatynyň we ylymlaryň doktorynyň diplomlaryny hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň ygtyýarly edaralary tarapyndan berilýän ylymlaryň doktorynyň diplomlaryny Taraplaryň kanunçylygyna laýyklykda Taraplar resminamalar hökmünde ykrar edýärler.

7-nji madda

Iki Tarapyň ylalaşmagy bilen şu Ylalaşyga aýratyn teswirnamalar arkaly resmileşdirilýän üýtgetmeler girizilip bilner.

8-nji madda

Şu Ylalaşygy ulanmak ýa-da düşündirmek bilen bagly Taraplaryň arasynda ýüze çykýan jedeller Taraplaryň arasynda geňeşmeler we gepleşikler arkaly çözülýär.

9-njy madda

Şu Ylalaşyk kesgitlenilmedik möhlete baglaşylýar we oňa gol çekilen seneden güýje girýär.

Taraplaryň her biri diplomatik ýollar boýunça beýleki Tarapa bu barada ýazmaça habarnamany iberip, şu Ylalaşygyň hereketini bes edip biler. Ylalaşyk degişli habarnamany beýleki Tarap alandan on iki aýdan soň öz güýjüni bes edýär.

Pekin şäherinde 2011-nji ýylyň 23-nji noýabrynda her biri türkmen, hytaý we rus dillerinde iki nusgada amal edildi, özi-de ähli nusgalaryň birmeňzeş güýji bardyr. Düşündirilende çaprazlyklar ýüze çykan halatda rus dilindäki nusga esas edilip alnar.

Türkmenistanyň
Hökümetiniň adyndan       

Hytaý Halk Respublikasynyň
Hökümetiniň adyndan

 

 

Ýükle