img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary

Bilim, alymlyk derejeleri we atlary baradaky resminamalary özara ykrar etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky ylalaşyk

3313

...

Bilim, alymlyk derejeleri we atlary baradaky resminamalary özara ykrar etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky 
YLALAŞYK

Mundan beýläk Taraplar diýilip atlandyrylýan Türkmenistanyň Hökümeti we Gazagystan Respublikasynyň Hökümeti,
1993-nji ýylyň 19-njy maýyndaky Dostluk gatnaşyklary we hyzmatdaşlyk  hakyndaky Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň esasyndaky Şertnamanyň  esasy düzgünlerini goldanyp, 

bilimi we ylym babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge hem-de çuňlaşdyrmaga ýardam etmek isläp 

bilim alymlyk derejeleri we alymlyk atlary baradaky resmi namalary özara ykrar etmegiň kadalaryny bellemek maksady bilen,

şular barada ylalaşdy:

1-nji madda

Şu Ylalaşyk bilim hakynda Türkmenistan hem-de Gazagystan Respublikasynda Taraplaryň gündiz okadylýan Okuw jaýlary tarapyndan berilen döwlet nusgasyndaky resminamalary, alymlyk derejelerini bermek we alymlyk atlaryny dakmak hakynda berilen resminamalary ykrar  etmegiň tertibini kesgitleýär. 

2-nji madda

Taraplar Türkmenistanda berilen umumy orta bilim hakyndaky döwlet nusgasyndaky resminamalar we Gazagystan Respublikasynda berilen umumy ora bilim hakynda döwlet nusgasyndaky resmi namalar soňraky derejede bilim almak dowam etdirilen mahaly Taraplary döwletiniň ulanylýan kanunlaryna laýyklykda özara ykrar etýär.

3-nji madda

Taraplar Türkmenistanda orta derejeli hünärmenler we işçiler taýýarlanýan hünärmen okuw jaýlaryny gutarandygy baradaky diplomlary we şahadatnamalary hem-de Gazagystan Respublikasynda hünärment-tehniki okuw jaýlaryny gutarandygy baradaky diplomlary şol okuw jaýlarynda hünär boýunça dowamlylygy hem-de mazmuny barada bolanda okuw dowam etdirilen mahaly, şeýle hem berilen hünäre laýyklykda işe girilen mahaly özara ykrar etýär.

4-nji madda 

Eger Gazagystan respublikasynyň ýokary okuw jaýlarynda hünär boýunça okamagyň dowamlylygy hem-de mazmuny barada bolanda Türkmenistan Tarapyň olaryň “bakalawr”, ”hünärmen” we “magistr” hünär derejeleri hakynda beren, Türkmenistanda berilen diplomlara laýyk gelen hem-de okuw dowam etmäge, şeýle hem berilen hünär derejesine laýyklykda işe girilen mahaly hukuk berýän diplomlaryny ykrar edýär.

5-nji madda

Eger Türkmenistan ýokary okuw jaýlarynda hünär boýunça okamagyň dowamlylygy hem-de mazmuny barada bolanda Gazagystan Taraplaryň degişli okuw möhleti bilen, “bakalawr” we “magistr” hünär derejelerini bermek hakynda Gazagystan Respublikasynda berilen diplomlara laýyk gelen hem-de okuwy dowam etdirmäge, şeýle hem berilen hünär derejesine laýyklykda işe girilen mahaly hukuk berýän diplomlaryny ykrar edýär.

6-njy madda 

Taraplary ýokary bilim hakyndaky resmi namalary öz döwletlerini milli kanunlaryna laýyklykda ykrar etýär.

7-nji madda

Taraplar ylymlaryň kandidaty we ylymlaryň doktory alymlyk derejelerini bermek hakynda Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan berilen diplomlary hem-de ylymlaryň kandidaty we ylymlaryň doktory alymlyk derejelerini bermek hakynda Gazagystan Respublikasynyň ygtyýarly döwlet edarasy tarapynda berilen diplomlary öz döwletleriniň milli kanunlaryna laýyklykda ykrar edilýär. 

8-nji madda 

Dosent we professor alymlyk atlarynyň dakylmagy hakynda Türkmenistanda berilen attestatlar hem-de dosent we professor alymlyk atlarynyň dakylmagy hakynda Gazagystan Respublikasynda berilen attestatlar Taraplaryň döwletleriniň ulanylýan kanunlaryna laýyklykda özara ykrar edilýär.

9-njy madda 

Şular şu Ylalaşygyň düzgünlerini durmuşa geçirmek boýunça ygtyýarly edaralar bolup durýar:
a)    Türkmenistan Tarapyndan-Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehniki baradaky ýokary geňeşi;
b)    Gazagystan Tarapyndan- Gazagystan Respublikasynyň Bilim we ylym ministrligi.
    Ýokarda görkezilen ygtyýarly edaralarynyň atlandyrylyşy ýa-da wezipeleri üýtgände Taraplara diplomatik ýollary arkaly wagtynda habar beriler.

10-njy madda

Taraplar şu Ylalaşygy durmuşa geçirmek üçin bilim, alymlyk derejeleri we atlary hakyndaky döwlet resmi namalarynyň nusgalaryny, olary resmileşdirmegiň we bermegiň kadalaryny hem-de amallaryny düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny şeýle hem şu Ylalaşyk özüne degişli bolan okuw jaýlarynyň sanawyny biri-birine berer.

11-nji madda

Taraplar şu Ylalaşygy amala aşyrmagyň meseleleri boýunça pikir alyşar, öz döwletleriniň bilimi ulgamlaryndaky üýtgetmeler, bilim hakyndaky resmi namalaryň atlary we olaryň berilmegi üçin bildirilýän taraplar, alymlyk derejeleri we atlary barada biri-birine habar berer, şeýle hem zerur hatlarda degişli resmi düşündirişleri biri-birine iberer. 

12-nji madda

Taraplar şu Ylalaşygy düzgünlerini düşündirmek we ulanmak baradaky jedelleri pikir alyşmalar we gepleşikler arkaly çözer. 

13-nji madda 

Taraplaryň özara ylalaşmagy boýunça şu ylalaşyga üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip biliner, olar şu Ylalaşygyň aýrylmaz bölekleri bolup durýan aýratyn teswirnamalary aýratyn resmileşdiriler.

14-nji madda 

Şu Ylalaşyk oňa gol çekilen günden başlap wagtlaýyn ulanylýar we Taraplar onuň güýje girmegi üçin zerur bolan içerki döwlet amallarynyň ýerine ýetirilendigi hakyndaky soňky ýazmaça habarnamany alan seneden başlap kanuny güýje girýär.

Şu Ylalaşyk kesgitsiz möhlete baglaşylýar we Taraplaryň biri onuň hereketini bes etmekçidigi hakyndaky ýazmaça habarnamany beýleki Tarapa iberen seneden başlap on iki aý geçýänçä öz güýjüni saklar.
Astana şäherinde 2001-nji ýylyň “5” iýulynda türkmen, gazak we rus dillerinde iki asyl nusgada amal edildi, özi-de ähli tekstleriň birmeňzeş güýji bardyr.

Şu Ylalaşygyň düzgünlerini düşündirmek üçin rus dilindäki tekst ulanylýar.
 

Ýükle