img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Zehin we ruhy joşgun türkmen halkynyň medeni mirasyny dünýä ýaýýan kuwwatly güýçdür

280

...

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyş dabarasy boldy.

Bu çäre “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.

Medeniýetiň ösdürilmeginde, jemgyýetiň gözellik baradaky garaýyşlarynyň kemala getirilmeginde, täze zehinleriň ýetişdirilmeginde medeniýet we sungat işgärlerine möhüm orun degişlidir. Milli däp-dessurlarymyzyň mazmunyny we ähmiýetini has giňişleýin we doly açyp görkezmek döredijilik adamlarynyň wezipesi bolup durýar. Türkmen medeniýeti dünýä siwilizasiýasynyň taryhynda aýratyn orna eýe bolup, häzirki wagtda uly ösüşlere eýe bolýar.

Döwletimiziň medeni syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary jemgyýetçilik durmuşynyň dürli jähetlerini öz içine alyp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşine itergi bermäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda medeni-bilim edaralarynyň ulgamy okgunly ösüp, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär hem-de hünär döredijilik biliminiň işine laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça bina edilen, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri täze taryhy eýýamyň giň gerimli özgertmeleriniň aýdyň nyşany boldy. Täze şäheriň medeniýet ulgamyna degişli desgalaryň hatarynda Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphananyň, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň binalary hem-de bu ulgamyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlary bar. Mundan başga-da, “Arkadag” teleýaýlymy döredilip, adybir gazet esaslandyryldy.

Medeniýet ulgamy jemgyýetiň ruhy galkynyşynda binýatlaýyn ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow milli medeniýetimizi ösdürmek, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek we bu ulgamy şu günüň talaplaryna hem-de ýurdumyzyň dünýäniň medeni giňişligine goşulyşmagy babatdaky wezipelerine laýyk gelýän täze, döwrebap derejä çykarmak meselelerine uly ähmiýet berýär. Giň gerimli medeni maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin döwletimiz tarapyndan uly serişdeler gönükdirilip, medeniýet we sungat işgärleriniň alyp barýan işleriniň gerimi barha giňeýär, olaryň netijeli işlemegi, halkymyzyň çeper döredijilik bilen meşgullanmagy üçin döredijilik bäsleşikleri we festiwallary geçirilýär. Bularyň ählisi medeniýet we dynç alyş ulgamynyň dürli desgalarynyň giň gerimli gurluşygynda, bu ugurda ilatyň barha artýan häzirki talaplaryny kanagatlandyrýan ösen düzümleri kemala getirmekde özüniň beýanyny tapýar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmäge gönükdirilip paýtagtymyzda gurlup ulanmaga berlen Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkezi hem bu babatda nusgalyk mysaldyr.

...Täze desganyň öňündäki meýdançada uly joşguna beslenen baýramçylyk ýagdaýy emele getirildi. Binanyň çägi baýramçylyk ruhunda bezelipdir. Şanly waka mynasybetli bu ýere köp sanly ildeşlerimiz we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnandylar.

“Dokmaçylar” folklor-etnografiýa topary tarapyndan halkymyzyň gadymy däpleriniň öwüşginlerini özünde jemleýän ajaýyp tanslar ýerine ýetirilip, bu ýerdäki wakalara aýratyn ruhubelentlik bagyşlaýan aýdym-sazlar ýaňlanýar.

Döwürleriň we nesilleriň arasyndaky mizemez arabaglanyşygy özünde jemleýän ajaýyp çykyşlarda gözbaşy müňýyllyklara uzaýan baý medeniýetimiziň gözelligi dolulygyna şöhlelendirildi. Asyrlaryň dowamynda türkmen topragy özboluşly zehinlere baý bolupdyr. Ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini mynasyp dowam etdirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň waspçylary bolan ýurdumyzyň häzirki ähli döredijilik hünärli wekilleri üçin uly wezipedir.

Soňra sanly ulgam arkaly türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu möhüm waka mynasybetli gutlag sözleri bilen çykyş etdi.

Gahryman Arkadagymyz ýygnananlary mübärekläp, biz şu gün Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň döwrebap binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys diýip belledi. Bu şatlykly waka Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaralary bilen utgaşyp geldi.

Milli Liderimiz bu merkeziň geljekde türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde, dünýä tanatmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirip, halkyň ruhy galkynyşynda, beýik ösüşlerimizi wasp etmekde medeniýete we sungata uly ornuň degişlidigini belledi. Medeniýet adamlaryň aň-düşünjesini ýokarlandyrýar, halkymyzy beýik işlere has-da ruhlandyrýar. Biziň ähli üstünliklerimiz we ýeten sepgitlerimiz medeniýet bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, döwletimiz milli medeniýetimizi we köpöwüşginli sungatymyzy ösdürmek hem-de döwrebap usullar bilen baýlaşdyrmak ugrunda yzygiderli tagalla edýär. Ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşy hem, ilkinji nobatda, medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň eserlerinde öz beýanyny tapýar.

Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň häzirki belent derejelere ýetmegi üçin ençeme şahsyýetlerimiz yhlasly zähmet çekdiler, halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi Jemal Saparowanyň türkmen sungatynyň belent sepgitlere ýetmeginde mynasyp paýy bellenildi. Ol sungat ýolunda aýdymçy, tans goýujy, kompozitor hökmünde halkyň ýüreginde orun alyp, milli medeniýetimizi hem-de sungatymyzy ösdürmekde köp hyzmatlary bitirdi. Görnükli halypalaryň ýoluny ýöretmegi, Magtymguly Pyragy ýaly söz ussatlarynyň eserlerine döreden aýdymlary onuň sungatynyň has-da rowaçlanmagyna getirdi.

Gahryman Arkadagymyz Jemal Saparowa ýüzlenip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda ýurdumyzda folklor, etnografiýa, aýdym-saz, tans studiýasynyň açylandygyny ýatlady. Şol ýyllarda Siziň janypkeşligiňize, sungata tüýs ýürekden berlendigiňize has ýakyndan şaýat bolmagyma mende-de mümkinçilik döräpdi. Şol ýyllaryň ýeňil bolmadyk şertlerinde sungatymyzy milli äheňde, milli ruhda dowam etdirmekde, joşgunly çykyşlaryňyz bilen halkymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrmakda uly işleri alyp bardyňyz. Siz milli saz gurallarymyzda ýerine ýetiren çykyşlaryňyz, «Gyzlar», «Heserli», «Çapak», «Köne güzer», «Bilezik» ýaly tanslaryňyz bilen halkymyzyň däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny açyp görkezmegi başardyňyz. Siziň ýolbaşçylygyňyzdaky «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa topary şol geçen ýyllaryň dowamynda baý tejribe toplamak bilen, Diýarymyzda tutulýan tutumly toý-baýramlaryň, iri desgalaryň açylyş dabaralarynyň bezegine öwrüldi. Biz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän dabaralarda hem muňa ýene-de bir gezek şaýat bolýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Biz medeniýeti halkyň kalbyna, milletiň mertebesine deňeýäris. Şoňa görä-de, ýurdumyzda medeni ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Dürli ýurtlarda geçirilýän halkara festiwallarda, medeniýet günlerinde «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa toparynyň milli lybaslardaky, milli duýgulara ýugrulan çykyşlary tutuş halkymyzyň ýüzi bolup, göwünlere ylham berýär. Gyzlaryň näzikden edaly hereketleri ýigitleriň çalasyn hem çeýe hereketleri bilen sazlaşyp, täsin sungat döreýär. Bu topar ýüzden gowrak aýdym-saz we tans eserleri bilen dünýäniň dürli künjeginde daşary ýurtly türkmen sungatynyň muşdaklarynyň tüýs ýürekden alkyşlaryny gazandy. Halkara tans we folklor festiwallarynda hem abraýly sylaglara mynasyp boldy.

Öz sungatyň bilen halka hyzmat etmek bilen bir hatarda guramaçylyk, ýolbaşçylyk işlerini alyp barmak, ýaşlara halypalyk edip, olary döredijilige ugrukdyrmak tutanýerli zähmeti, yhlaslylygy talap edýär. Jemal Saparowa hut şeýle jogapkärli işleriň hem hötdesinden gelmegi başarýar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Halypa-şägirtlik ýörelgesi sungat ýolunyň dowamat-dowamlylygydyr. Pederlerimiz «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýipdirler. Seýis gören bedewleriň ýyndamlygynyň başga bolşy ýaly, halypa gören aýdymçynyň owazy-da başgadyr. Şoňa görä-de, biz bu däbiň sungatymyzda mynasyp dowam etdirilmegine uly üns berýäris diýip bellemek bilen, Milli Liderimiz Jemal Saparowanyň halypa hökmünde köp sanly şägirtleri ýetişdirendigine ünsi çekdi. Onuň ýetişdiren şägirtleri bu gün ussat çykyp, «Türkmenistanyň at gazanan artisti», «Türkmenistanyň halk artisti» diýen derejelere, abraýly döwlet sylaglaryna, baýraklara mynasyp boldular. Biz muňa tüýs ýürekden guwanýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Halypa bagşynyň milli tans sungatymyzy ösdürmekdäki hyzmaty hem uludyr. Her bir aýdymyň özüne mahsus manysyny tanslaryň üsti bilen tomaşaça ýetirmekde «Dokmaçylar» topary uly ussatlyk görkezýär. Bilşimiz ýaly, öz döwründe Maýa Kulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, Nabat Nurmuhammedowa, Roza Töräýewa, Annagül Annakulyýewa we beýleki köp zehinli zenan halypalarymyz halkymyzyň öňünde uly hyzmatlary bitirip, milli sungatymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyrdylar. Biz halypa bagşy Jemal Saparowanyň döredijiliginde öňden gelýän bu asylly ýoluň dowamatyny görýäris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Kämilligiň çägi ýok. Sungatda, döredijilikde serhet bolmaýar diýmek bilen, Gahryman Arkadagymyz halypa bagşynyň mundan beýläk hem ýurdumyz üçin, milli sungatymyz üçin uly işleri bitirip, täze eserleri döretjekdigine ynam bildirdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen paýtagtymyzda ýene-de bir ajaýyp bina guruldy. Bu döwrebap täze bina «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna mynasyp sowgat boldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň «Dokmaçylar» folklor, etnografiýa, aýdym-saz we tans toparynyň düzüminde ýüzlerçe adam zähmet çekýär. Bu merkezde olaryň döredijilikli, döwrebap şertlerden peýdalanyp işlemekleri üçin ähli şertler döredildi. Binagärligiň milli hem-de döwrebap äheňleriniň sazlaşygynda gurlan täze bina hakyky sungat köşgi bolar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça ägirt uly işler ýerine ýetirilýär. Häzirki döwürde türkmen sungaty dünýäde belent sarpalanýar.

Çykyşynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, şu günki dabara bagyşlan “Jemal bagşy Siz” atly goşgusyny okady.

Giň jahanyň görki bahar-ýazdadyr,

Ojaklaryň berki halal duzdadyr,

Ýaşaýşyň ýakymy aýdym-sazdadyr,

Tutumly toýlaryň bezeg-nagşy Siz!

Kämile gol beren Jemal bagşy Siz!

Beýik döwre joşgun, taryp ýaraşar,

Diýaryma täze taryh ýaraşar,

Parahatlyk sungat bilen gül açar,

Watana söýgüde belent bagtyňyz,

Ýaş nesle nusgalyk Jemal bagşy Siz!

Sanly ulgam arkaly çykyşynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hemmeleri Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem paýtagtymyzyň gözel künjeginde gurlan «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, ýygnananlara berk jan saglyk, uzak ömür, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda sungat äleminde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Milli Liderimiziň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Ýygnananlar soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda medeniýete we sungata halkyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklaýan, dünýäde wagyz edýän hem-de ýaş zehinleri terbiýeleýän möhüm serişde hökmünde ägirt uly ornuň degişlidigi bellenilýär. Medeniýet adamlaryň aň-düşünjesini, zähmet işjeňligini ýokarlandyrýan, olary beýik işlere ruhlandyrýan kuwwatly güýç bolup durýar. Munuň şeýledigini türkmeniň baý medeni mirasynyň, halk aýdym-sazlarynyň mümkinçiliklerini ýokary ussatlyk derejesinde ýerlikli ulanmagy başarýan «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa tans toparynyň merdana halkymyzyň beýik geçmişi hem-de şöhratly şu güni bilen aýrylmaz baglanyşygyny milli lybasly ýerine ýetirijileriň täsin tanslary arkaly älem-jahana äşgär etmeginde hem aýdyň görmek bolýar.

Döredijilik işgärleri üçin bu sungat merkeziniň gurulmagy milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň baýlaşmagyna hem-de mundan beýläk-de belent sepgitlere ýetmegine möhüm şert döreder diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär.

Jemal Saparowa döredijiligine beren ýokary bahasy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, häzirki günde milli medeniýetimizi ösüşiň täze sepgitlerine çykarmaga uly itergi berilýändigini belledi. Bu ulgamdaky döwlet syýasaty jemgyýetimizi ruhy-medeni taýdan hemmetaraplaýyn ösdürmäge, pederlerimiziň bize goýan mirasyny aýawly saklamaga, halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny, ene dilimizi gorap saklamaga we dowamata atarmaga gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň öňünde halkymyzyň baý medeni mirasyny giňden wagyz etmek, özboluşly döredijilik däplerini dowam etdirmek, türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny gorap saklamak, häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelýän täze eserleri döretmek ýaly möhüm wezipeler durýar.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri daşary ýurtlarda hem Türkmenistana mynasyp wekilçilik edýärler we şeýlelikde, halklaryň ýakynlaşmagyna, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berýärler.

Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň netijeli hem-de döredijilikli zähmet çekmekleri, bu ulgam üçin hünärmenleri taýýarlamak, ýaş zehinleri höweslendirmek we goldamak üçin iň gowy şertleriň döredilmeginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly şahsy goşantlaryny bellediler.

Şatlykly pursat ýetip gelýär. Hormatly ýaşulular “Dokmaçylar” medeni merkeziniň täze binasynyň baş girelgesiniň öňüne gelýärler we çärä gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalarynyň astynda toý bagyny kesýärler. Şol pursatda asmana dürli öwüşginli howa şarlary uçurylýar.

Ýygnananlar ähli dokmaçylaryň, şol sanda pudagyň döredijilik aýdym-saz, tans toparynyň adyndan türkmenistanlylaryň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösüşi baradaky hemişelik aladalary üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bellenilişi ýaly, milli medeniýetimizi döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak, çeperçilik derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli zerur şertleri döretmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şoňa görä-de, diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň welaýatlarynda, obalarynda we şäherlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän medeni maksatly desgalar meýilnamalaýyn esasda gurulýar we ulanmaga berilýär.

Çykyş edenler döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy ähli tagallalaryny hem-de zehinini Watanymyzyň abadançylygyna we gülläp ösmegine, halkymyzyň öçmejek ruhy däp-dessurlaryny Türkmenistanyň häzirki we geljekki nesilleri üçin gorap saklamaga, dowam etdirmäge gönükdirjekdiklerine ynandyrdylar.

Dabara gatnaşyjylar merkeziň binasyny höwes bilen synladylar. Onuň daşky keşbinde we içki bezeginde häzirki zaman arhitekturasynyň we dizaýnynyň gazananlary, milli binagärlik däpleri üstünlikli utgaşýar. Merkeziň eýwanynda myhmanlary çagalar garşy aldylar. Körpe artistler jadylaýjy sesleri bilen bagtyýar çagalygy, mähriban Watanymyzy, milli mirasymyzy we ajaýyp zamanamyzy, zähmetsöýer halkymyzy, türkmen topragynyň gözel tebigatyny wasp etdiler.

Çagalaryň joşgunly çykyşlary tamamlanandan soň, merkeziň mümkinçilikleri bilen tanyşlyk başlandy. Ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin bu ýerde ähli şertler döredilipdir. Hususan-da, giň gerimli forumlary we şowhunly çykyşlary geçirmek üçin 420 orunlyk uly konsert zaly göz öňünde tutulypdyr. Konsert zaly ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyrylan sahna, akustik ulgamlar we beýleki zerur serişdeler bilen üpjün edilipdir.

Tans toparlary üçin niýetlenen zalda dabara gatnaşyjylar «Dokmaçylar» çagalar döredijilik toparynyň horeografik sapaklaryna tomaşa etdiler we konsertlere taýýarlyk görmek, türgenleşik geçmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar. Merkeziň tans zallarynyň enjamlaşdyrylyşy iň ýokary derejede bolup, halkara ölçeglere laýyk gelýär. Bu sungat bilen gyzyklanýan çagalardyr ýetginjekler üçin tansyň nusgawy esaslaryny we onuň döwrebap ugurlaryny, şol sanda aýratyn meşhurlyga eýe bolan milli tanslary öwretmegiň ýörite maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Muňa mysal hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen küştdepdi tansyny görkezmek bolar. Aýdym bilen utgaşýan bu gadymy tansy dürli nesliň wekilleri ýurdumyzda bellenilýän toý-baýramlarda uly höwes bilen ýerine ýetirýärler.

Grim bilen bezemek we lybas üpjünçiligi, wideo we ses ýazgylaryny işlemek üçin ýörite ýerler bölünip berlipdir. Bu ýerde şeýle hem gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça meşgullanmak üçin gurnaklaryň ulgamy hereket eder.

Soňra “Dokmaçylar” medeni merkeziniň myhmanlary döwrebap türgenleşik enjamlary bilen üpjün edilen fitnes-sport zalyna baryp gördüler we tälimçilik işlerini guramak üçin döredilen mümkinçiliklere baha berdiler. Ilatyň aglaba bölegini, aýratyn-da, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga çekmek durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biridir. Sebäbi bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak bagtyýarlygy we abadançylygy gülläp ösýän döwletimiziň möhüm binýadyny emele getirýän halkymyzyň saglygynyň aýrylmaz şerti bolup durýar.

Döredijilik merkezinde sport düzümleriniň bolmagy ýurdumyzda sportuň okuw we özbaşdak ösüş, dynç alyş hem-de sagaldyş çäreleri, işde we güýmenjelerde ukyp-başarnyklaryň açylmagy bilen utgaşyklylykda alnyp barylýandygynyň nobatdaky güwäsidir.

Soňra myhmanlar öňdebaryjy ses enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ses ýazgylary studiýasy bilen tanyşdylar. Bu ýerdäki enjamlar ses ýazgylaryny timarlamak üçin iň täze programmalary we gurallary ulanmak arkaly aýdym-sazyň dürli ugurlary boýunça ýazgy etmäge mümkinçilik berýär.

Içerki we daşarky yşyklandyryş ulgamy oýlanyşykly we göwnejaý gurnalypdyr. Merkeziň işgärleriniň we tehniki hünärmenleriniň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleri döretmegi ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde öňde goýan taslamany düzüjileriň işi hem bellenilmäge mynasypdyr.

Paýtagtymyzyň köp sanly döwrebap desgalarynda bolşy ýaly, täze bina durmuş üpjünçiliginiň iň täze ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýörite enjamlaýyn düzümler bu ýerde zerur bolan gyzgynlyk we salkynlyk derejesini üpjün eder, howany arassalap, ýangyna garşy ýagdaýlara gözegçilik eder we işgärleriň howpsuzlygyny üpjün eder.

Üsti açyk awtoduralga merkeziň işgärleriniň we bu ýere gelýänleriň hyzmatyndadyr. Bu ýerde ulag-aragatnaşyk we hyzmat edişiň beýleki ulgamlary ýola goýlupdyr.

Medeni merkeziň eýwanynda “Dokmaçylar” folklor-etnografiýa tans toparynyň sahna lybaslarynyň we bezegleriniň sergisi guraldy. Dürli ýyllarda geçirilen dabaraly çärelere we konsert maksatnamalaryna gatnaşmak üçin tikilen lybaslar türkmen medeniýetiniň däpleri we özboluşlylygy arkaly folklor keşpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Soňra medeni merkeziň öňündäki meýdançada pudagyň aýdym-sazly, tans toparynyň gatnaşmagynda konsert boldy. Konsert maksatnamasyna edebi-sazly, folklor-etnografik kompozisiýalar, tans çykyşlary hem-de şahyrana halk aýdymlary, şeýle hem häzirki döwrümizi we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň bähbidine, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleri wasp edýän döwrebap aýdymlar girizildi.