img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

ÝÜREK BULANMANYŇ ÖŇÜNI DERMANSYZ ALMAK ÜÇIN NÄME ETMELI?

1521

...

Angliýanyň Mançester uniwersitetiniň gastroenterologiýa kafedrasynyň professory Piter Worwell ýürek bulanan halatynda bir stakan süýt içmegi maslahat berdi. Bu önüm ýürek bulanmasyna mahsus bolan alamatlary aradan aýyrmaga kömek eder.

Süýdüň düzüminde natriý alginaty we kaliý bikarbonaty bar. Bu maddalar aşgazanyň suwuklykdan ybarat bölegindäki duz turşusynyň iýmitiň bozulmagy bilen bagly täsirini zyýansyzlandyrýar.

Şeýle-de bolsa, süýdüň bu derdi dolulygyna dep edip bilýän derman däldigini ýatdan çykarmaň. Bu diňe gysga wagtlyk çözgütdir. Ýüregiň bulanmagy bilen bagly meseleleriňiz bar bolsa, lukmana ýüz tutmak gerek. Şeýle hem hünärmeniň ýürek bulanmagyna sebäp bolup biljek ýagly iýmitleri we spirtli içgileri ulanmazlygy maslahat berendigini «Daily Mail» köpçülige ýetirdi.