img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Ýokary okuw mekdepleriň arasynda bedenterbiýe we sport boýunça internet olimpiadasy geçirildi

324

...

Türkmen  döwlet  bedenterbiýe  we  sport  instituty  innowasion  tehnologiýalar  arkaly  bedenterbiýäni  we  sporty  ylmy  esasda öwrenmek boýunça Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda internet olimpiadasyny gurady. Bu barada www.tdbsi.edu.tm resmi web-saýty habar berdi.

«Ýaşlarymyz  geljege  uly  ynam  bilen,  sportda  ösüşler  sanly  ulgam  bilen»  diýen at  bilen  geçirilen  internet  olimpiada  innowasion tehnologiýalar  arkaly  bedenterbiýäni  we  sporty  ylmy  esasda  öwrenmäge,  ýaşlary  köpçülikleýin  bedenterbiýe  we  sport  bilen meşgullanmaga giňden çekmäge, ýaşlar barada döwlet syýasatyny, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge bagyşlandy. Institutda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň meýilnamasy esasynda, 4-nji gezek geçirilýän bu bäsleşik üçin Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2024-nji ýylyň 19-njy fewralyndaky 20/225 belgili Düzgünnamasy bilen ýörite Guramaçylyk topary döredildi. Paýtagtymyz Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ähmiýetini açyp görkezmek maksady bilen, internet olimpiadasynda gatnaşyjylara bu ugurda taýýarlanan ýörite sowallar hödürlendi.

Internet olimpiadasyna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň 12-sinden 81 talyp gatnaşdy. Olimpiada 15-nji aprelde geçirilip, ýakynda onuň netijeleri yglan edildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça 4 talyp birinji, ýaşlaryň ýene 4-üsi ikinji, 4 talyp bolsa üçünji orunlara mynasyp boldy. Bäsleşikde ýeňiş gazanan talyplaryň atlary, olimpiadanyň netijeleri bilen tanyşmak üçin şu salga basyň!