img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky menejerler üçin maliýe okuwyna çagyrýar

177

...

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky sizi «Maliýe däl menejerler üçin maliýe» atly okuwlara gatnaşmaga çagyrýar. Gatnaşmak üçin telekeçiler, kiçi we orta telekeçiler we maliýe däl ýolbaşçylar çagyrylýar.

Işewürlikde üstünlik gazanmagyň açary diňe bir innowasiýa ideýasy we telekeçilik zehini däl, eýsem, hemişelik ösüş we işiňe üýtgeşiklik girizip durmak bilen hem baglydyr. Munuň özi üstünlikli guramalaryň ösüşiniň esasy hereketlendirijisi bolmak bilen, bu işde maliýe möhüm ähmiýete eýedir. Öz işiňiziň maliýe ýagdaýyna düşünmek maliýe resminamalaryny seljermäge, dolandyryş kararlaryny kabul etmegiň anyk býudjetlerini kesgitlemäge, býudjetleri we taslamalary ösdürmäge hem-de girdejili maliýe çeşmelerini tapmaga kömek eder.

Okuwyň geçýän senesi: 2024-nji ýylyň 6-8-nji maýy

Üç günlük okuw paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda (1-nji gat) 09:00-18:00 aralygynda offlaýn ýagdaýda geçiriler.

Gatnaşýanlaryň sany çäklidir, şonuň üçin gatnaşyjylary saýlamak bäsdeşlik esasynda geçiriler.

Okuwlara gatnaşmak üçin 2024-nji ýylyň 29-njy aprelinden gijä galman https://bit.ly/3U4U7m6 baglanyşygyna girip, degişli anketany dolduryň!

Okuw sapaklaryna gatnaşmak tölegsiz esasda alnyp barlar. Okuw sapaklary Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.