“DARYA - Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket” taslamasynyň çäginde bilim pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek - Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada bäş ýyllyk taslamasy (2022–2027)
2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Ýewropa Bilim gaznasynyň (ETF) wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete Syýasat geňeşiniň başlygy Georgios Zisimos we Ýewropa Bilim gaznasynyň Türkmenistan boýunça utgaşdyryjy wekili Katarina Lukaçowa başlyklyk etdi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary, halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň, ýokary we orta hünär bölüminiň, sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň wekilleri gatnaşdy. Bu duşuşyk Türkmenistan bilen Ýewropa Bilim gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädimleriň biri boldy.
Duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy temalar:
- Türkmenistanda bilimiň we okuwyň ösüşinde Ýewropa Bilim gaznasynyň ähmiýeti: Ýewropa Bilim gaznasynyň wekilleri bilim ulgamyny ösdürmek boýunça ÝB-niň syýasatynyň çäginde öz garaýyşlaryny we tejribelerini paýlaşdylar. Esasy nukdaýnazarlarynyň biri hem bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, hünär endiklerini ösdürmäge we zähmet bazarynyň häzirki talaplaryna laýyk gelýän işçi güýjüni taýýarlamaga gönükdirilendigini bellediler.
- Merkezi Aziýada bäş ýyllyk Ýewropa Bileleşiginiň başlangyjy bolan "DARYA - Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereketler" atly taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň milli bilim ulgamyny ösdürmek üçin ileri tutýan maksatlaryny we wezipelerini beýan etdiler. Taslamanyň modullarynyň çäginde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan alnyp barylýan giňişleýin işlere aýratyn üns çekildi. Taslamany durmuşa geçirmegiň barşynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi hünär bilimini ösdürmek, öňdebaryjy okuw usullaryny ornaşdyrmak we mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp baryldy. Bu bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda we ýaşlar üçin mümkinçilikleri giňeltmekdäki wajyp öňegidişliklere ýol açdy.
- "DARYA" Taslamasynyň häzirki ýagdaýy barada: gatnaşyjylar hünär bilimini we ýaşlary taýýarlamagy maksat edinýän "DARYA" taslamasyny durmuşa geçirmegiň häzirki ösüşi we geljekdäki ädimleri barada pikir alyşdylar. Bilim ministrligi taslamanyň üç modulynyň, ýagny maglumatlary ýygnamagyň we seljermegiň, çeýe we öz içine alyjy okuw usullaryny ornaşdyrmagyň durmuşa geçirmekdäki ähmiýetine ünsi çekdi. Şeýle-de geljekdäki meýilnamalaryň we taslamanyň çäginde bilelikdäki çäreler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu duşuşyk, Türkmenistan bilen Ýewropa Bilim gaznasynyň bilim pudagynda işjeň hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Iki tarap hem bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, hünär endiklerini ösdürmäge we ýaşlary taýýarlamaga gönükdirilen täze başlangyçlara taýýardyklaryny beýan etdiler.
Duşuşykdan başga-da, Ýewropa Bilim gaznasynyň wekiliýeti Türkmenistandaky beýleki döwlet we jemgyýetçilik guramalary, şol sanda Milli bilim instituty, Ulag we aragatnaşyk gullugy, Senagatçylar we telekeçiler birleşigi we Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen birnäçe duşuşygy meýilleşdirip, bu duşuşyklar bilim we hünär taýýarlygy pudagynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak we ösdürmek üçin birnäçe mümkinçilikleri döreder.