img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Ýewropa Bilim gaznasynyň wekiliýeti bilen “DARYA” taslamasy boýunça duşuşyk geçirildi

46

...

2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň 18-ne Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezinde Ýewropanyň Bilim gaznasynyň “Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket” (DARYA) atly taslamanyň çäginde ÝBG-nyň wekilleri  Syýasat geňeşiniň başlygy Georgios Zisimos we Türkmenistan boýunça utgaşdyryjy wekili Katarina Lukaçowa bilen duşuşyk geçirildi.

Bu duşuşyk Innowasiýa maglumat merkezi bilen Ýewropa Bilim gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça möhüm ädimleriň biri boldy.

Duşuşygyň dowamynda Innowasiýa maglumat merkeziň hünärmenleri ÝBG-nyň wekillerini  Merkeziň alyp barýan işleri we taslamalary bilen tanyşdyrdylar:

  • 2020-nji ýyldan başlap Innowasiýa maglumat merkeziniň ýurdumyzda alnyp barylýan sanly bilim syýasaty boýunça raýatlarymyzyň ylym-bilim ulgamyna degişli ukyp-başarnyklaryny artdyrmak, ýurdymyzyň welaýatlarynda we oba-ýerlerinde sanly bilime eleýeterliligi kämilleşdirmek, mümkinçiligi çäkli raýatlarymyza kompýuter sowatlylygy boýunça okuwlary hödürlemek ugrunda alyp barýan işleri we häzirki wagta çenli ýetilen sepgitleri barada giňişleýin tanyşdyrdylar.
  • “Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket” (DARYA) atly taslamanyň garamagynda “SCAFFOLD” usulyýeti boýunça gurnalýan okuwlary barada ýurdumyz boýunça alnyp barylýan işleriň seljermesi bilen tanyşdyryldy.
  • Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak-pata bermegi bilen merkezimiz tarapyndan işlenilip düzülen «E-mekdep» dolandyryş ulgamynyň mümkinçilikleri we häzirki wagtda umumybilim berýän orta mekdeplerinde ulanylyşy barada aýdyldy.

Innowasiýa maglumat merkeziniň Ýewropanyň Bilim Fondy bilen yzygiderli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk alyp barmak boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Maslahaty jemlemek bilen hormatly myhmanlara Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň göwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary sowgat berildi.