212
2024-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary boýunça ýörite wekili Olof Skugyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň barşyny gözden geçirdiler, şeýle hem hukugyň hökmürowanlygy we adam hukuklary ýaly ugurlar boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny bellediler.
ÝB-niň wekili ilatyň ýaşaýşynyň ýokary derejeli durmuş-ykdysady şertlerini, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hem-de öňe sürmek boýunça ösüşi üpjün etmek babatynda Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdyryldy.
Taraplar nobatdaky mejlisi 2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Adam hukuklary boýunça dialoglaryň çäklerinde pikir alyşmagyň aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler.