img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Ýerewan döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan umumy sapaklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär

2471

...

 

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi M.Aýazow Ýerewan döwlet uniwersitetiniň rektory Ogannes Ogannisýan bilen duşuşdy. 24-nji iýulda bolan duşuşykda taraplar ylym we bilim pudagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Ýerewan döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Ermenistanda türkmen dili, edebiýaty we medeniýeti bilen tanyşdyrmak we ýaýratmak baradaky meseläniň üstünde durup geçdiler. Rektor O.Ogannisýan türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden wagyz etmek maksady bilen, täze 2023-2024-nji okuw ýylynda uniwersitetde Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan birnäçe umumy sapaklaryň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Bu sapaklar türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 300 şanly ýyllyk senesine bagyşlanar.

Şunuň bilen baglylykda, iki hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda tejribe alyşmak baradaky meseläni gozgamak bilen, ilçi täze okuw ýylynda umumy sapaklary geçirmek üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden mugallymlary çagyrmagy teklip etdi.

Ermeni tarapy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly senesi mynasybetli Ermenistanyň ylmy žurnallarynda Magtymguly Pyragy barada dürli ylmy makalalary neşir etmegi, şeýle hem nusgawy şahyra bagyşlanan halkara maslahaty geçirmegi teklip etdi.