img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

ÝERDE MAGNIT HADYSASY BELLIGE ALNAR: ALYMLAR SAGLYK BILEN BAGLY TÖWEKGELÇILIKLERI DUÝDURÝARLAR

431

...

Şu gün Ýeriň güýçli magnit hadysady bilen ýüzbe-ýüz boljakdygy hakynda alymlar maglumat berýärler. Bu tebigy hadysanyň birnäçe günläp planeta täsirini ýetirip biljekdigini «МИР24» habar berýär.

Magnit hadysasynyň ýaramaz netijeleri adamlaryň saglygyna, esasan hem, olaryň howa garaşlylygyna täsir edip biler. Mümkin bolan ýüze çykmalar başyň aýlanmagy, bogunlaryň agyrylarynyň duýulmagy we gan basyşynyň ýokarlanmagy bilen aýan bolar. Lukmanlar şeýle günlerde insult we ýürek agyry howpunyň ýokarydygyny duýdurýarlar.

Lukmanlar saglygy goramak üçin degişli çäreleri görmegi maslahat berýärler. Hödürlenýän maslahatlar howa bilen bagly duýgurlygy ýokary bolan adamlaryň fiziki işlerden gaça durmagyny hem öz içine alýar. Şeýle hem deňagramly iýmitlenmek, sagdyn iýmiti saýlamak we spirtli içgilerinden saklanmak möhümdir.