img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Ýaşulularyň göreldesi — ýaş nesilleri mynasyp terbiýelemegiň binýady

385

...

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 27-nji ýanwarynda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy K.Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Mejlisiň dowamynda hajy Arkadagymyz häzirki wagtda ägirt uly durmuş tejribesi bolan ýaşulularyň halkymyzyň, hususan-da, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirýändiklerini belledi. Şunuň bilen birlikde, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen asylly işleri, döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan taryhy ähmiýetli işleriň many-mazmunyny, ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny wagyz-nesihat etmekde Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan asylly işleriniň wajypdygy aýdyldy.

Geçmişi, şu güni we geljegi baglanyşdyrýan, her bir şahsyýeti adamkärçilige, päk ahlaklylyga ugrukdyrýan, maşgala agzybirligini pugtalandyrýan, manyly ömür menzilleri, öwüt-ündewleri bilen belent maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýan ýaşulularyň mertebesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belende göterilýär. Ýaşululara hormat goýmak, olaryň hormatyny belende götermek pederlerimizden miras galan asylly däpleriň biridir. Olaryň jemgyýetdäki mynasyp ornuny, ösüp gelýän ýaş nesli halallyk, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik ruhunda terbiýelemekdäki hyzmatyny biz şanly taryhymyzda, edebi mirasymyzda, gündelik durmuşymyzda hem aýdyň görýäris.

Ýaşululary ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň çekmek, halkymyzyň jebisligini pugtalandyrmakda we döwlet ähmiýetli meseleleri parasatlylyk bilen maslahatlaşyp çözmekde olaryň baý zähmet hem-de durmuş tejribesini peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi hereket edýär. Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaşulularyň maslahatlary we teklipleri diňlenildi, şolaryň esasynda döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça möhüm Kararlar işlenip düzüldi hem-de kabul edildi.

Ýaş raýatlaryň hukuk, durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus bolan ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklary dünýäde wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik, raýat jogapkärçiligi ruhunda terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň täze agzalygyna kabul etmek şu günki mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Bu mesele boýunça çykyş edenler halk arasynda uly hormatdan peýdalanýan, il sylagly ýaşuly A.Myradowy agzalyga hödürläp, onuň asylly şahsy häsiýetleri, guramaçylyk we beýleki başarnyklary barada bellediler.

Ýaşulular geňeşine kabul edilen täze agza türkmen halkynyň abadan durmuşy ugrunda giň gerimli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyza we Gahryman hajy Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin öňde goýlan belent maksatlaryň netijeli durmuşa geçirilmegi ugrunda yhlasyny, bilimini, tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Şeýle hem mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny halkyň, hususan-da, ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde ýaşulularyň alyp barýan işleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu kitabyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda neşir edilmegi uly ähmiýete eýedir. Çünki onda ýaş nesliň wekilleriniň jemgyýetimiziň durmuşyndaky ornuna mynasyp baha berilýär.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz bu neşiriň ilkinji nusgasyny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat hökmünde iberdi.

Bu ýere ýygnananlar çuňňur mazmunly bu eseriň giň dünýägaraýyşly, watansöýer, ruhubelent ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde halkymyz üçin gymmatly gollanma öwrülendigini bellediler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanyny ýürekden söýýän, hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesli kemala getirmek döwlet syýasatynyň strategik wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eseri ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna, Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşýan ýaşlar üçin uly gollanma bolup durýar.

Soňra mejlise gatnaşyjylar 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygarynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini we çuňňur many-mazmunyny halkyň arasynda wagyz etmek boýunça ýaşulularyň alyp barýan işleri bilen baglanyşykly meselelere garadylar. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ýurdumyzda Gahryman hajy Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryndan gözbaş alýan medeni syýasat hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde bolsa akyldar şahyr we filosof Magtymguly Pyragynyň döredijiligi Türkmenistanda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda-da ylmy esasda hemmetaraplaýyn öwrenilýär.

Häzirki wagtda söz ussadynyň şygyrlary täze äheňde ýaňlanyp, dünýä halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda türkmen halkynyň ýol-ýörelgesine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekendigini bellemek gerek. Ozal degişli guramaçylyk topar döredilipdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda we beýleki döwletlerde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan mowzuklaýyn duşuşyklar, forumlar, tanyşdyrylyş dabaralary, beýleki çäreler geçirilýär.

Çykyşlarda döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn özgertmelerinden badalga alan häzirki taryhy döwrüň birnäçe möhüm wakalar bilen dabaralanýandygy nygtaldy. Şolaryň hatarynda 2024-nji ýylyň TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň 300 ýyllygynyň ÝUNESKO bilen bilelikde belleniljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy aýratyn üns çekilmäge mynasypdyr.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen 2023-nji ýyl ajaýyp we dabaraly wakalara baý boldy. Şolaryň biri hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgusyny döretmegidir. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz döredijilik eserlerinde, döwlet ähmiýetli dabaralardyr maslahatlarda edýän çykyşlarynda Magtymguly Pyragynyň mirasyna aýratyn orun berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Magtymgulynyň eserleriniň manysyna içgin düşünýän, olary seljermegi we düşündirmegi başarýan ajaýyp şahsyýetdir. Milli Liderimiziň täze goşgusy hem munuň aýdyň mysalydyr.

Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan täze goşgusynyň göwün göteriji mazmuny bilen mähriban Watanymyzyň durmuşyny baýlaşdyrýandygyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy täze üstünliklere we ýeňişlere ruhlandyrýandygyny uly buýsanç bilen nygtadylar. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrmak barada, şeýle hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alyp, Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan, raýatlardan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi geçen ýylyň dekabrynda 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etmek hakynda karary kabul etdi.

Aşgabadyň günortasynda Magtymgulynyň ägirt uly heýkeliniň bina edilmegi beýik şahyryň we akyldaryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Onuň açylyş dabarasyny şahyryň ýubileýi mynasybetli guraljak çäreleriň dowamynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde türkmen edebiýatynyň ajaýyp nusgawy şahyrynyň hormatyna medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan işleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Ýeri gelende bellesek, hormatly Arkadagymyz medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurt nusgawy şahyrlarynyň we akyldarlarynyň heýkellerini oturtmak baradaky teklibi öňe sürdi. Munuň özi halklaryň dost-doganlygynyň, hoşniýetli goňşuçylygynyň nyşanyna öwrüler. Magtymguly Pyragy hem özüniň gymmatly eserlerinde şol ýörelgeleri öňe sürüpdir.

Mejlise gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyndaky çykyşynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hakynda belläp geçendigini aýtdylar. Adamzat diňe bir dünýä edebiýatyna däl-de, eýsem, tutuş Gündogaryň, bütin dünýäniň medeni ösüşine örän uly goşant goşan beýik ynsanperwer şahyry ýatlaýar we oňa hormat goýýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Şu günki mejlisde çykyş edenler geçirilýän ähli çäreleriň we meýilleşdirilen ýubileý dabaralarynyň dünýä jemgyýetçiliginiň Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen has giňişleýin tanyşmagyna, onuň zehininiň çuňlugyny, özboluşlylygyny açyp görkezmäge, netijeli ynsanperwer dialogy we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi berkitmäge gönükdirilendigini bellediler. Bu bolsa Ýer ýüzünde parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetini ösdürmegiň möhüm şertidir.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň işine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly ýaşulularyň ynsanperwer ýörelgelere ygrarlylykdan ugur almalydyklary, howandarlyga mätäçlere goldaw bermäge taýyn bolmalydyklary, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalary üns-alada bilen gurşap almalydyklary bellenildi.

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna paýtagtymyzdaky we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky lukmançylyk merkezlerinde howandarlyga mätäç çagalara dürli operasiýalar geçirilýär, bejergi işleriniň tölegleri tölenilýär, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenýän, bilim alýan ýaş türkmenistanlylar üçin saglygy goraýyş maksatly serişdeler yzygiderli satyn alynýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň goldawy hem-de atalyk aladalary esasynda mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny dikeltmek, olaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, saglyklaryny berkitmek ugrunda ähli zerur şertler döredilýär.

Gaznanyň halkara derejede alyp barýan ynsanperwer çäreleri dostlukly döwletler tarapyndan giňden goldanylýar we bu ýurtlarda gaznanyň haýyr-sahawat işlerine gyzyklanma artýar. 2023-nji ýylda Türkiýäniň, Ukrainanyň, Russiýanyň, Owganystanyň we Palestinanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömeginiň ugradylmagy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ynsanperwer başlangyçlarynyň aýdyň netijeleridir.

Mejlise gatnaşyjylar ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn hem-de abadan durmuşy babatda edýän yzygiderli aladalary, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda çagalaryň bagtyýar ýaşaýşy, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmekleri we kämilleşmekleri babatda ähli şertleriň döredilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlise gatnaşyjylar häzirki döwrüň derwaýys meselelerini üstünlikli çözmek we ýaşlaryň jemgyýetimiziň, döwletimiziň durmuşynyň dürli ugurlaryna yzygiderli gatnaşmaklaryny üpjün etmek boýunça wezipeleriň kesgitlenendigini belläp, ýurdumyzdaky möhüm çäreleriň mynasyp derejede guralmagy üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.