img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Ýaş küştçilerimiz baýrakly dolandylar: Garaşsyzlyk baýramy ýeňişler bilen garşylanýar

46

...

Ähli ugurlar bilen deň hatarda halkara giňişliginde Türkmenistanyň sport abraýy hem gün-günden artýar. Muny geçirilýän iri halkara ýaryşlarynda we olimpiadalarda türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleri aýdyň görkezýär. Küştçi ýaşlarymyz bu ýyl Garaşsyzlyk baýramyny baýrakly ýeňişleri bilen sowgatly garşylaýarlar. 

10-22-nji sentýabr aralygynda Budapeşt (Wengriýa) şäherinde dünýäniň 200-e golaý döwletinden 2000-den gowrak türgeniň gatnaşmagynda geçirilen küşt boýunça 45-nji Bütindünýä olimpiadasynda üstünlik gazanyp kiçi altyn medala eýe bolan ýaş küştçilerimiz bu gün Watanymyza dolandylar. Türkmen küştçileriniň gazanan üstünligi we geçirilen bu olimpiada barada Orient ozal Sizi habarly edipdi. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýeňijileri Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň wekilleri we ýakynlary gül desseleri bilen şatlykly garşyladylar.

Orient hem bu wakany deňinden geçirmän, ussatlyk görkezip ýeňiş gazanmagy başaran küştçiler bilen söhbetdeş bolup, ony gyzgyny bilen öz okyjylaryna ýetirmegi makul bildi. Elbetde Garaşsyzlyk gününiň öňisyrasynda ýeňiş bilen ýurduňa dolanmakdan özge bagt bolmasa gerek?! 

Ýeňiş bilen altyn medally dolanan türgenlerimiz özleriniň begenjini we buýsanjyny biz bilen paýlaşdylar. Geliň onda, söz nobatyny ussat küştçilerimize bereliň! 

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, TKF-nyň baş kätibi Mergen Kakabaýew: 

—Dünýä ýaryşyna gatnaşmak üçin TKF tarapyndan birnäçe okuw-türgenleşik işleri alnyp baryldy. Bu olimpiada gatnaşan milli erkekler we zenanlar ýygyndy toparlarymyz küşt boýunça Türkmenistanyň taryhynda iň gowy netijäni görkezmegi başardylar. Oglanlarymyz B kategoriýada, gyzlarymyz bolsa özüniň C toparçasynda 1-nji orny eýelemek bilen Watanymyza jemi 12 sany kiçi altyn medal bilen dolandylar. TKF-nyň Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde ýygyndy toparymyzyň ýaş türgenleriniň şular ýaly iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmaklary üçin çeken zähmeti bu günki gün öz ýerine düşdi. Gazanan bu ýeňşimizi tälimçilerimiziň we ýaş türgenlerimiziň Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuna Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize, şeýle-de tutuş türkmen halkyna ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy diýip, aýtsak hem bolar!

Küşt boýunça Türkmenistanyň 18 ýaşly wise-çempiony Lala Şöhradowa:

—Men Wengriýada geçirilen 45-nji Bütindünýä olimpiadasynda milli ýygyndy toparymyzyň birinji tagtasynda çykyş etdim. Ýaryşlar diýseň çekeleşikli we gyzykly geçdi. Garşydaş toparlar bilen duşuşyklarda biz her ýaryşyň öň ýanynda güýçli depginde taýýarlyk gördük. Bu gezekki ýaryşda meniň 2018-nji ýylda Gruziýa döwletinde geçirilen Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşyp toplan tejribäm uly kömek etdi. Bulardan başga-da, biz bu küşt olimpiadasyndaky ýeňşimizi Türkmenistanda aprel aýyndan bäri geçirilýän okuw-türgenleşiklerimiziň beren oňat netijesi diýip kabul edýäris. Ýokary netije görkezendigimize diýseň begenýärin we buýsanýaryn. Budapeştdäki olimpiadada toplan tejribämiň geljekki halkara ýaryşlarynda-da gowy netijeleri görkezmegime ýardam etjekdigine berk ynanýaryn. Ýetip gelen Garaşsyzlyk baýramyňyz gutly bolsun!

25 ýaşly halkara derejeli sport ussady Saparmyrat Atabaýew:

—Küşt boýunça Budapeşt şäherinde bolan 45-nji Bütindünýä olimpiada gatnaşan biziň toparymyzda jemi 5 türgen gatnaşdy. Men hem şol ýaryşda 1-nji tagtada çykyş etdim. Biz B toparçada ýeňiji bolmagy başardyk. Dünýäniň birnäçe döwletlerinden, şol sanda Kanadadan, Şweýsariýadan, Ysraýyldan, Islandiýadan gelen güýçli toparlary ýeňip üstünlik gazanmagy başardyk. 2 ýyldan bir gezek geçirilýän bu ýaryşlara biz köp wagtlap taýýarlyk gördük. Biz birnäçe halkara ýaryşlaryna gatnaşdyk ýene-de bize öňümizde birnäçe iri ýaryşlar garaşýar. Pursatdan peýdalanyp hemmeleri Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň 18 ýaşly çempiony Merýem Agajanowa:

—Men küşt bilen 9 ýaşymdan bäri meşgullanyp gelýärin. Geçen ýyldan bäri Dubaýda, Täjigistanda, Şri-Lankada, Hindistanda geçirilen birnäçe halkara ýaryşlaryna gatnaşdym. 20 ýaşa çenli zenanlaryň arasyndaky ýaryşlarda we açyk turnirlerde çykyş edip gelýärin. Bu ýaryşlar meniň üçin örän kyn geçdi, şol sebäpli men baýrakly orunlara eýe bolup bilmedim. Emma birnäçe daşary ýurtly güýçli türgenler bilen ýaryşyp, uly tejribe gazandym. Meniň garşydaşlarym Özbegistan, Täjigistan, Gazagystan, Hindistan ýaly Aziýa ýurtlaryndan we Italiýa döwletinden boldy. Biziň bu gezekki gatnaşan olimpiadamyzda hem dünýä ýurtlaryndan birnäçe güýçli toparlar, türgenler ýaryşdylar. Biz 11 oýun oýnadyk. Toparlaýyn oýunlarda bile güýjümizi jemläp güýçli toparlary ýeňip birinji orna mynasyp bolduk. Elbetde bu ýaryşlar diýseň çekeleşikli geçdi we bizde ýatdan çykmajak pursatlary galdyrdy...

Sport bilen meşgullanmak gowy zat, onda-da akyl sporty. Dogry göçüm etmek diňe küştde däl, eýsem, durmuşda hem örän wajyp bolup durýar... 

Biz ussat türgenlerimize geljekki ýaryşlarda hem dogry göçümleri edip ýeňiş gazanmaklaryny arzuw edýäris. Küştçilerimize hemişe üstünlikler hemra bolsun!