Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isibadan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat geldi.
«Watan» habarlar gepleşiginde beýan edilişi ýaly, Sigeru Isiba iberen hatynda Premýer-ministr wezipesine bellenilmegi mynasybetli iberen gutlagy we hoşniýetli sözleri üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär.
- — Türkmenistan kanunylyga esaslanýan erkin we açyk halkara gatnaşyklaryny berkarar etmekde Ýaponiýanyň möhüm strategik hyzmatdaşy bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlarda, şol sanda ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ulgamlarda yzygiderli ösdürilýändigi guwandyryjydyr. Şeýle hem men Siziň Alyhezretiňiziň «EKSPO — 2025 Osaka» Bütindünýä sergisi mynasybetli geljek ýylda saparyňyza we Siziň bilen duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
- Şu ýylyň awgust aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen sammit garaşylmadyk ýagdaýlar sebäpli yza süýşürildi. Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, şu ýyl 20 ýyllygy bellenilýän «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde Siziň Alyhezretiňiz bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýärin — diýip, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentine ýollan hatynda belleýär.