img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw merkezi: pudagyň kärhanalarynyň sanly ulgama geçmegine goşandy

369

...

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň hünärmenleri sanly özgertmeleriň ösmegine we nebit-gaz pudagynyň kärhanalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýän programma üpjünçiligi, maglumat we tehniki goldaw ulgamynda saldamly binýat döretdiler.

Merkez şertnama esasynda ýurdumyzyň önümçilikleri üçin programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýar, aragatnaşyk enjamlaryny we maglumat toplaýan, ozal işlemeýän hem-de saklanan toplumlaýyn ulgamlary sazlaýar, gurnaýar we olara tehniki taýdan hyzmat edýär. Iş Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň berýän ygtyýarnamasy esasynda amala aşyrylýar. Işiň bu görnüşi, Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň işiniň köp ugurlaryndan biridir.

Merkeziň işgärleriniň ilkinji taslamasy 2020-nji ýylda «Türkmennebit» döwlet konserniniň resmi saýty döredilip, işe girizilende üstünlikli durmuşa geçirildi. Şondan soň innowasiýa çözgütleriniň awtorlary Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň saýtyny döretdiler we uniwersitetde resminamalary dolandyrmagyň elektron ulgamyny ornaşdyrdylar. Merkeziň hünärmenleriniň kömegi bilen ilkinji gezek «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ulanýan «Elektron ammar» programmasy peýda bolup, ol netijeli işleýär. Sanly serişde pudak kärhanalarynyň her ammary üçin aýratyn işleýär we ulanyjylara harytlaryň mukdary barada maglumatlary berýär, önümlere gözegçilik etmäge hem-de olary hasaba almaga, gerekli maglumatlary toplamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu programma Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň jogapkär wekilleriniň ammarlara gözegçilik etmegi üçin ykjam programma hökmünde işlenip taýýarlanyldy.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazaragatnaşyk» müdiriýetiniň tehniki tabşyrygy boýunça Merkez «Guýular gaznasy» programma üpjünçiligini işe girizdi. Bu programma «Döwletabatgazçykaryş», «Lebapgazçykaryş» we «Marygazçykaryş» müdiriýetleriniň ulanýan guýularyndan gaz çykarmak meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine öz wagtynda gözegçilik etmäge we derňemäge kömek edýär.

Mundan başga-da, Merkeziň hünärmenleri Türkmenistanyň «Halkbank» TPB-ny oňaýly we ulanmaga aňsat bolan «Raýatlary hasaba almak üçin awtomatlaşdyrylan elektron maglumat ulgamy» bilen üpjün etdi. Bu programma bankyň we onuň şahamçalarynyň işgärleri baradaky maglumatlary ýygnamak, işlemek hem-de saklamak işini awtomatlaşdyrmak we bu maglumatlary ulgamlaşdyrmak maksady bilen döredildi. Soňy bilen kiberhowpsuzlyk hünärmenleriniň tassyklan bu ulgamy Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hem ornaşdyryldy.

Merkeziň soňky taslamalarynyň biri «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazaragatnaşyk» müdiriýeti üçin ýerine ýetiren «Maglumatlary elektron usulda toplamak» programma üpjünçiligidir.
Synaglardan üstünlikli geçen we IT hünärmenlerinden oňyn seslenme alan programma üpjünçiligi nebit-gaz pudagynyň inženerlerine we ugurdaş işgärlerine tehniki düzgünlerden we ölçeglerden maglumatlary çalt almaga mümkinçilik berýär, bu bolsa iş wagtyny ep-esli tygşytlamaga hem-de önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Merkeziň işgärleriniň işiniň netijeleri beýan edilende, olaryň aglaba böleginiň IT ulgamynda çylşyrymly işleri özbaşdak, ynamly we başarnykly ýerine ýetirýän uniwersitetiň ýaş alymlaryndan we mugallymlaryndan, talyplaryndan ybaratdygyny, olaryň ylmy we önümçilik synaglaryny geçirip, taslamalary önümçilige üstünlikli ornaşdyrýandygyny bellemek gerek. Netijede, nebit-gaz pudagynda we beýleki pudaklarda kärhanalar bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ösdürilýär, ylmy-tehniki meseleler bilelikde çözülýär, innowasiýalary iş ýüzünde ilerletmäge itergi berilýär. Bu işde ýurdumyzyň ýaş alymlary esasy orny eýeleýärler.

Häzirki wagtda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň tehniki tabşyryklaryna laýyklykda Innowasiýa ylmy-okuw merkezi täze taslamalaryň dördüsini taýýarlaýar, olar hem nebit-gaz pudagynyň kärhanalarynyň awtomatlaşdyrylmagyna we milli ykdysadyýetiň «sanly ulgama» geçişini çaltlandyrmaga ýardam etmäge niýetlenendir.