img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

USAID-iň YDA taslamasy we Telekeçiler mekdebi telekeçilik okatmak usulýetini kämilleşdirýärler

128

...

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasynyň (YDA) we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Telekeçiler Mekdebiniň hyzmatdaşlygy Türkmenistanda ýaş telekeçiligi ösdürmekde başlangyçlaryň biri bolup durýar. Bu başlangyç häzirki zaman işewürlik dünýäsinde üstünlikli işi alyp barmak üçin zerur bolan amaly başarnyklaryny ýaş telekeçilere öwretmek usullaryny we tejribesini kämilleşdirmäge gönükdirilen.

13102024-usaid-yda-i-shkola-predprinimatelej (2).JPG

Bu hyzmatdaşlygyň çäginde USAID-iň YDA taslamasy we Telekeçiler mekdebi telekeçilik boýunça okuw kursyny has-da döwrebaplaşdyrdylar. Ony interaktiw we berilýän bilimleri hakyky şertlerde ulanmaga gönükdirilen edip kämilleşdirdiler. Okuw meýilnamasyna okuwy has gyzykly we amaly etmek üçin täze öwrediş usullary girizildi. Bu bolsa telekeçilik işinde üstünlik gazanmak üçin zerur bolan başarnyklaryny, ýagny mesele çözmek we döredijilikli pikirlenmek ýaly ukyplary ösdürmäge mümkinçilik berýär.

13102024-usaid-yda-i-shkola-predprinimatelej (3).JPG

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabryndan 4-nji oktýabry aralygynda USAID-iň YDA taslamasy Telekeçiler mekdebi bilen bilelikde telekeçilik boýunça okuwyň kämilleşdirilen maksatnamasyň usulýeti boýunça trening geçirdi. Bu treninge Telekeçiler mekdebiniň mugallymlary, şol sanda Mekdebiň welaýatlardaky şahamçalaryndan, gatnaşdy. Trening telekeçilik ukyplaryny okatmagyň amaly usullaryna, şol sanda keýslere, toparda işlemäge we okatmagyň beýleki interaktiw görnüşlerine we usullaryna gönükdirildi. Bu mugallymlar telekeçiligi okatmagyň öz tejribelerine täze usullary ornaşdyrarlar.

13102024-usaid-yda-i-shkola-predprinimatelej (4).JPG

Maksatnamanyň indiki tapgyrynda Telekeçiler mekdebiniň Aşgabatdaky we welaýatlardaky şahamçalarynda özüniň telekiçilik ideýasy bolan ýaşlary okatmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa ýaşlaryň öz telekeçilik taslamalaryny ösdürmäge we kämilleşdirmäge mümkinçilik döreder.

13102024-usaid-yda-i-shkola-predprinimatelej (5).JPG

Maksatnama USAID-iň YDA taslamasynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň Telekeçiler mekdebi bilen bilelikde gurnajak telekeçilik taslamalarynyň bäsleşigi bilen jemlener. Bäsleşikde gatnaşyjylar okuw döwründe özleriniň taýýarlan biznes-taslamalary bilen çykyş ederler. Netijede iň gowy biznes-ideýalar ýüze çykarylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine öz ideýalaryny durmuşa geçirmek üçin halypa kömegini, maýa we beýleki goldawlary almak mümkinçilikleri beriler.

13102024-usaid-yda-i-shkola-predprinimatelej (6).JPG

Bu başlangyç ýaşlaryň telekeçilik başarnyklaryny ösdürmekde möhüm ädim bolup ýurdumyzyň ykdysadyýetine ähmiýetli goşant goşup biljek ýaş telekeçileri taýýarlamaga itergi berer.