40
Noýabryň 1-ne hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň 14 — 16-njy noýabry aralygynda «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergini hem-de ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, foruma birnäçe halkara guramalaryň, önüm öndüriji we programma üpjünçiligini taýýarlaýan kompaniýalaryň 150-den gowragynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, halkara sergä bolsa daşary ýurt we ýerli kompaniýalaryň 60-dan köpüsiniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu kompaniýalar sergide sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, maglumat goraglylygy, telekommunikasiýa, maglumat we kompýuter tilsimatlary, hemra aragatnaşyk ulgamynyň enjamlary, öýjükli aragatnaşygyň 5G ülňüleri ýaly ugurlarda gazanylanlar bilen tanyşdyrarlar. Şeýle hem forumyň çäklerinde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi we Bütindünýä poçta birleşigi bilen bilelikde «Poçta ulgamyndaky sanly geçiş» atly okuw maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Çäräniň çäklerinde «Sanly çözgüt — 2024» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň jemi jemlener we onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak işleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergi we ylmy maslahat hem öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we agentligiň ýolbaşçysyna halkara ähmiýetli çärelere gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.