img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Matematiki modelirlemek» dersinden bäsleşik geçirildi

300

...

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Matematiki modelirlemek» dersinden ders bäsleşigi geçirildi. Bu barada institutyň metbugat gullugy habar berdi.

Düzgünnama laýyklykda, bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, birinji tapgyrda gatnaşyjylara 50 sany sorag bolan test soragnamalary berildi. Bäsleşigiň ikinji tapgyrynda gatnaşyjylar 6 (alty) sany ykdysady-matematiki meseläni 4 (dört) sagadyň dowamynda özbaşdak işlediler.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça I orunlara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň, Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň talyplary, II orunlara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmen Döwlet Maliýe institutynyň talyplary, III orunlara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmen Döwlet Maliýe institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň serhet institutynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary mynasyp boldular.