230
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasiýa tehnologiýalary» atly Halkara ylmy maslahat 13-nji iýunda mowzugy bölümlerde işini dowam etdirdi.
«Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika» atly ikinji bölümiň işi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy we tehnologik parkynda geçirildi. Bölümiň maksatnamasy kesgitlenen ylymlaryň köp sanly möhüm meseleleri barada 80-den gowrak çykyşy we ylmy hasabaty öz içine alýardy.
Ilkinji bolup, Hytaý Halk Respublikasynyň alymlary çykyş etdiler, olar öz çykyşlarynda oba hojalygynyň, hususan-da, pagtaçylygyň we onuň önümleriniň gaýtadan işlenişiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem giň manydaky «ýaşyl» netijelilige täsir edýän faktorlary gozgadylar. Pakistanly alym çykyşyny oba hojalygynyň biotehnologiýasynda emeli aň ulanmak ýaly wajyp mowzuga bagyşlady.
Beýleki daşary ýurtly, ýagny türkiýeli, azerbaýjanly, gazagystanly, belarusly, russiýaly alymlaryň çykyşlary-da maslahata gatnaşanlarda gyzyklanma döretdi. Olar ekinleri goramak, ýerli ýabany tebigatyň ekosistemalaryny öwrenmek, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň anyk netijeleri babatynda alyp baran gözlegleriniň netijelerini görkezdiler.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy we tehnologik parkynda geçen mowzugy bölümde çykyş edenleriň aglabasy türkmen alymlarydy. Olar ýer we suw baýlyklaryny netijeli dolandyrmak, öri meýdanlarynyň zaýalanmagynyň öňüni almagyň täze tehnologiýalary, landşaft gözegçiligi, Türkmenistanyň nebit we gaz ýataklarynda suwly ýerleriň himiýasy we ekologiýasy we ş.m. mowzukda çykyş etmek bilen, Merkezi Garagumuň we Köpetdagyň ösümliklerini, şeýle hem pagtanyň täze görnüşlerini öwrenmegiň netijeleri bilen tanyşdyrdylar.