img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmenistanyň wekiliýeti Çolpan-Ata şäherinde geçirilýän TDG-nyň Halkara işewürlik forumyna gatnaşdy

90

...

2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Halkara işewürlik forumyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.    

Çärä TDG-niň agza ýurtlarynyň wekiliýetleri we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň dowamynda daşary ýurt maýa goýumlarynyň gatnaşmagy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn mehanizmleri hem-de gurluşlary güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen türki döwletleriniň söwda we senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Mundan başga-da, çäräniň çäklerinde Forumyň maksatnamasyna laýyklykda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.