383
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyndaky Ýaş alymlar geňeşiniň agzalarynyň – mugallymlarynyň we talyplarynyň innowasion taslamalarynyň sergisi açyldy.
Işleriň aglaba bölegi saglygy goraýyş, bilim, durmuş hyzmatlary, söwda, logistika we beýleki pudaklar üçin döredilen programma üpjünçilik taslamalarydyr. Olaryň arasynda 4-nji ýyl talyplary Pena Amanow bilen Allanazar Baýramdurdyýewiň awtomatlaşdyryş kafedrasynyň mugallymy Ýegennazar Jumanazarowyň ýolbaşçylygynda döredilen «TürkmenPaý» programma üpjünçiligi bar. «TürkmenPaý» programma üpjünçiligi QR kody ulanyp, dürli görnüşli elektron tölegleri has amatly we çalt onlaýn amal etmek üçin döredilipdir.
3-nji ýyl talyby Güneş Sapaýew sergä milli awiakompaniýanyň işgärler bölüminiň işini awtomatlaşdyrmak we dolandyryş-maglumat bölüminiň işini ýönekeýleşdirmek üçin döredilen «Howa ýollary» programma üpjünçiligiň taslamasyny hödürledi.
«Auksion TM» programma üpjünçiligini birinji ýyl talyby Dawut Aşyrgeldiýew taýýarlapdyr. Bu taslamanyň maksady – bazary sanly ulgama geçirmek, döwlet bank kartlaryny doly ulanmak bilen elektron auksion görnüşinde söwdany ösdürmekdir. Şeýle hem Dawut sergä «Penjire ýuwujy-robot» ylmy taslamany teklip etdi. Awtoryň pikiriçe, robotlaryň bu nusgasy häzirki zaman binalarda we ýaşaýyş jaýlarynda penjireleri ýuwmak mümkinçiligini giňelder we penjire ýuwmagy has ygtybarly, netijeli, tygşytly we ekologiýa taýdan arassa eder. Robot ýörite ekologiýa taýdan arassa ýuwujy serişdeleri ulanmagy talap edýär.
Umuman, sergide institutyň ýaş mugallymlarynyň we talyplarynyň taýýarlan programma üpjünçiligi, elektronika we robottehnika pudagynda 20-ä golaý ylmy taslamalary bar. Olar zähmet we wagt çykdajylaryny azaltmagy, durmuşyň hilini kämilleşdirmegi we ýokarlandyrmagy, adamlaryň rahatlygyny we howpsuzlygyny üpjün etmegi, sanly özgertmeler, awtomatlaşdyryş we akylly tehnologiýalar arkaly önümçilikde köp zähmet talap edýän işleri çaltlaşdyrmagy we aňsatlaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Şol bir wagtyň özünde, taslamalar ekologiýany we daşky gurşawy goramak maksatlaryna ýardam etmäge niýetlenendir. Ýaş alymlar täze döwrüň talaplaryny, häzirki zaman ösüş ugurlaryny, jemgyýetiň we döwletiň ösüşi üçin şertleri göz öňünde tutup öz taslamalaryny döretmäge çalyşdylar.
Ýurduň ýaş alymlary milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmagy ösdürmek üçin innowasion çözgütleri döretmäge we ilerletmäge işjeň gatnaşýarlar.
Paýtagtyň bu ýokary okuw mekdebinde ýaş alymlaryň ylmy üstünlikleriniň we täzelikleriniň sergisi muny aýdyň görkezýär. Döwlet tarapyndan zehinli ýaşlaryň isleglerine we üstünliklerine ýokary baha berilýär, olary alada bilen gurşap alýar we doly goldaýar, ýaşlaryň üstünlikli okamagy, öz-özüni ösdürmegi we netijeli ylmy işjeňlik üçin ähli zerur şertler döredilýär.