img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmenistanyň talyp toparlary «CyberQuest» hakatonyna gatnaşmaga çagyrylýar

223

...

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplar toparlary Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan guralýan «CyberQuest» hakatonyna gatnaşmaga çagyrylýar.

IT-bäsleşik institutda 18-19-njy martda geçiriler diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.

Bäsleşige ýurduň her ýokary we orta hünär okuw mekdebinden sanly tehnologiýalar ulgamynda bilimleri hem-de başarnyklary bolan, sanly pikirlenmä ukyply we häzirki zaman sanly giňişligiň şertlerinden erkin baş çykaryp bilýän üç gatnaşyjydan ybarat bir topar gatnaşyp biler.

Gatnaşmak üçin çäräniň guramaçylyk toparyna 1-nji martdan öň tdbgi.hakaton@gmail.com elektron poçta salgysy arkaly arzany ýollamalydyr.