img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

421

...

Şu gün giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Bu dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurduň Hökümetiniň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentlegi habar berýär.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty (TDBGI) ýaş, häzirki zaman ylmy we taslama bilim edarasy bolup, 2012-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredildi. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we binagärlik-gurluşyk, jemagat hojalygy, himiýa, energetika, senagat we ýol-ulag pudaklaryny inžener işgärleri bilen üpjün etmek TDBGI-niň esasy wezipesidir. Häzirki wagtda institutda 7 fakultet, 126 kafedra hereket edýär, olardan 3 müňden gowrak talyp bilim alýar. Bu ýokary okuw mekdebinde her ýyl 600-den gowrak hünärmen taýýarlanylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 25-nji awgustynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda bina ediljek bu desganyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak, ozal bar bolan inženerçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we täzelerini gurmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasyna tabşyryldy. Şeýle-de resminama laýyklykda institutyň binalar toplumyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.