img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň bilim edaralarynyň açylyşyna gatnaşdy

423

...

Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanan baýramçylyk dabaralary Arkadag şäherinde hem giň gerimde dowam edýär. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň birnäçe bilim edaralarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Döwlet Baştutany ilki bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasyny açdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda açylyş toý bagyny kesdi we atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlajak täze ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdy. Şeýle-de döwlet Baştutany Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň we Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.