493
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýurduň orta mekdepleriniň 9-10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda zehin soraglary we matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri boýunça 2-nji integrirlenen olimpiadany guraýar. Olimpiada etrap, welaýat we döwlet derejesinde 3 tapgyrda geçiriler.
«Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly 2-nji integrirlenen olimpiadanyň I etrap tapgyry üçin hasaba alynyşyklar başlady. Düzgünnama laýyklykda bir mekdepden her synp boýunça 5 sany (IX synpdan 5, X synpdan 5, XI synpyň her birinden 5 okuwçy jemi 20 okuwçy) iň zehinli okuwçy gatnaşyp bilýär. Bu tapgyra gatnaşjak okuwçylaryň sanawyny mekdep müdiriniň möhri bilen tassyklanan görnüşini, onuň elektron nusgasyny her bir mekdep etrap bilim bölümine tabşyrmaly we elektron görnüşini etrap bilim bölümi jemläp, 2024-nji ýylyň 25-nji fewralyna çenli oguzzehin@gmail.com elektron salgysyna i tabşyrmaly. Etrap tapgyry tertibe laýyklykda, 2024-nji ýylyň mart aýynyň 9 — 14-i aralygynda geçirilýär. Geçen ýylda geçirilen olimpiadanyň her tapgyrlar boýunça netijesine laýyklykda, ýeňiji bolan okuwçylar ýeňiş gazanan tapgyryna görä, 2-nji integrirlenen olimpiadanyň degişli tapgyryna mekdep sanawyndan daşary göni gatnaşmaga hukuklydyr. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly 2-nji integrirlenen olimpiadany guramak we geçirmek hakyndaky düzgünnamasy hem-de geçirmegiň tertibi bilen giňişleýin şu salgyda tanyşyp bilersiňiz: https://etut.edu.tm/news/87, https://etut.edu.tm/news/88
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +99365330333, +99365878870, +99363703520, +99365810810,
Elektron poçta: oguzzehin@gmail.com
Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl ýokary derejede ilkinji gezek geçirilen bu olimpiada umumybilim berýän orta mekdepleriň 9-10-11-nji synplaryndan 30 müň töweregi okuwçy işjeň gatnaşdy. Integrirlenen olimpiadanyň her tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylar degişlilikde «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly altyn gaznanyň agzalygyna kabul edildiler. Jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolanlar bolsa, diplomlar, medallar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. Olimpiadanyň düzgünnamasyna laýyklykda guramaçylyk toparynyň çözgüdi esasynda gutardyş synpda okaýan «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly altyn gaznasynyň agzalarynyň içinden ýokary netije gazanan, iňlis dili taýýarlygy ýokary bolan okuwçylara Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde okuwyny dowam etdirmäge ýeňillikler döredildi.