280
2024-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Zurab Honelidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ylmy we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmak, bu ugurda hünär tejribe alyşmak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Ilçi Türkmenistan şu ýyl türkmeniň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny halkara derejesinde belleýändigini aýtdy. Şeýle hem ol, bu ýubileý sene üçin meýilleşdirilen çäreler Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasynyň bütindünýäde içgin öwrenilmegine we giňden ýaýramagyna goşant goşjakdygyny belledi.
Z.Honelidze hem öz gezeginde iki dostlukly ýurduň ylym we bilim pudaklarynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek hem-de ony ösdürmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdi.