261
17-nji aprelde, çarşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa we oba hojalyk önümleri ýerlenildi.
Owganystanyň we Türkiýäniň telekeçileri “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri bilen suwuklandyrylan gazy hem-de “B” kysymly karbomidi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Serbiýänyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen buýan köküniň goýy ekstraktyny, arassalanmadyk guradylan kökleri we baldaklary, şeýle hem gury ekstrakty satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 7 628 000 dollar bolan 12 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda kotirowkalar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.