223
2024-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakalanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Çäräniň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm gün tertibi hem-de Türkmenistanyň we ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşyldy. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda daşky gurşawy goramak, ýaşyl we sanly özgertmeler, bilim, energetika we ulag-logistika ýaly ugurlar görkezildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we ÝB-niň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Bilelikdäki maslahatynyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki Ministrler maslahatynyň guramaçylyk meselelerine garadylar.