img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezinde “e-Mekdep” ulgamy boýunça maslahat geçirildi

255

...

Hormatly Gahryman Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanlylaşdyrma işlerine degişli amala aşyrylýan döwrebap özgertmeler ýurdumyzyň raýatlaryny dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli hyzmatlar bilen üpjün etmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary hormatly Gahryman Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirilip, ýurdumyzyň raýatlarynyň röwşen geljege bolan ynamyny has-da berkidýär. 

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi hem ýurdumyzda ösüşini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere öz goşandyny goşmaga ymtylýar (maksat edinýär). Şu gün hem sagat 11:00-da Innowasiýa maglumat merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 19.02.2024 ýyl senedäki №16/1599 belgili hatynyň esasynda, Aşgabat şäher Baş bilim müdirligine degişli bolan etraplardaky umumybilim berýän orta mekdepleri boýunça “e-Mekdep” ulgamynyň ulanyş tertibini has-da kämilleşdirmek hem-de ene-atalar üçin wagyz-nesihat geçirmek maksady bilen maslahat geçirildi. 

Maslahata Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň direktory Ç.Hanmuhammedow we merkeziň hünärmenleri, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň umumy orta bilim bölüminiň hünärmeni A.Mämedow, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň hünärmeni H.Nuryýew, şeýle hem Aşgabat şäher Baş bilim müdirligine degişli bolan etraplardaky umumybilim berýän orta mekdepleriň müdirleri we mekdepleriň müdirleriniň orunbasarlary gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň direktory Çary Hanmuhammedow maslahaty açyp, ilki bilen ýurdumyzda Kiberhowpsuzlyk boýunça döwlet toparynyň soňky geçiren mejlisinde kabul edilen çözgütler bilen maslahata gatnaşyjylary tanyşdyryp, bu babatda Innowasiýa maglumat merkezine düşýän wezipeler bilen tanyşdyrdy. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça her bir bilim edarasynyň borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmek işlerinde maslahata gatnaşyjylaryň hemmesine uly üstünlikleri arzuw etdi.

Maslahata gatnaşan beýleki hünärmenler hem öz teklipleri we bellikleri bilen çykyş etdiler. Agzalyp geçilen bellikleriň hemmesi hem “e-Mekdep” ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegi üçin peýdaly bolup, olaryň arasynda aýratyn hem “e-Mekdep” ulgamynyň talabalaýyk işlemegi üçin ulgamyň maglumatlar bilen doldurylmagynyň wajyplygy we täze okuw çärýegiň başynda, doly işjeň ýagdaýynda mugallymlaryň elektron žurnaly doldurmaklary, geçilen temalary bellemekleri, çärýekleri jemlemekleri we bu işi etrap jogapkärleriniň gözegçilikde saklamalydygy we talap etmelidigi baradaky belliklere köp üns berildi.

Maslahatyň netijeleri boýunça aşakdaky wezipeler öňde goýuldy:

•    Aşgabat şäheri boýunça her etrabyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde “e-Mekdep” ulgamynyň ulanyş tertibini has-da kämilleşdirmek hem-de ene-atalar üçin wagyz-nesihat geçirmek.
•    Mugallymlar bilen ene-atalaryň arasyndaky özara baglanyşyk hakda maslahat geçirmek.
•    e-Mekdep platformasynyň ulanylyş düzgünnamalary hakda teklipleri bermek. 
•    e-Mekdep platformasynyň ulanylyşyny kämilleşdirmek maksady bilen hasabat tekliplerini bermek.

​​​​​​​

Maslahatda çykyş edenler ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri we iň täze innowasion tehnologiýalary ulanyp, öňdebaryjy tejribä hem-de ylmyň gazananlaryna daýanyp, giň gerimli maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirýän özgertmeleri üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.