img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Aziýa Ösüş Bankynyň wekilleri bilen bolan duşuşyk

114

...

Şu gün Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Aziýa Ösüş Bankynyň (AÖB) wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministri B.Orazdurdyýewa ýolbaşçylyk etdi. AÖB-nyň wekiliýetine adam we sosial ösüş departamentiniň direktory Sofiýa Şakil ýolbaşçylyk edip, duşuşykda bilim we adam kapitalynyň ösüşi boýunça geljekde ediljek hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministr B.Orazdurdyýewa AÖB bilen uzak möhletleýin we netijeli hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlygyny bildirip, ýurduň bilim ulgamyny ösdürmekde bank bilen hyzmatdaşlygyny ilerletmäge taýýardygyny belledi.

Duşuşykda AÖB bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylan üstünlikli taslamalar we täze mümkinçilikler, mysal üçin, tehniki we hünär biliminiň ösdürilmegi, syýahatçylyk pudagy boýunça ýakyn ýyllarda bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugruny kesgitlediler.

Duşuşygyň jeminde taraplar mundan beýläk hem netijeli hyzmatdaşlyga ynam bildirdiler we ýakyn ýyllar üçin bilelikdäki işiň esasy ugurlaryny kesgitlediler.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi