img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Ankara jemgyýetçilik bilimleri uniwersitetiniň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşyk

88

...

Türkmenistan we Türkiýe ynsanperwer ylymlar babatynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

2024-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde türk wekiliýeti bilen möhüm duşuşyk geçirildi. Duşuşykda iki ýurduň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistandan duşuşyga Bilim ministri, ýokary we orta hünär okuw mekdepleri boýunça ministriň orunbasary, şeýle-de Ministrligiň Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň wekilleri gatnaşdylar. Türk wekiliýetine Ankara jemgyýetçilik bilimleri uniwersitetiniň rektory we Türkiýe ýazyjylar birleşiginiň prezidenti Musa Kazym Arınjan ýolbaşçylyk etdi. Wekiliýetiň düzüminde, şeýle hem, Türkiýe ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary we Yıldırım Beýazyt uniwersitetiniň Ykdysadyýet we jemgyýetçilik ylymlary fakultetiniň direktory Muhammet Enes Kala, Ankara jemgyýetçilik bilimleri uniwersitetiniň prorektory Serdar Çalymly bardy.

Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew duşuşygy açyp, çykyş etdi. Ol bilim babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň ähmiýetini belledi we Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy strategiýasynda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygyň möhüm orny eýeleýändigini nygtady.

Professor Musa Kazym Arınjan Ankara jemgyýetýilik bilimleri uniwersitetiniň işjeňligi barada giňişleýin maglumat berdi. Ol ASBU-nyň Türkiýäniň diňe jemgyýetçilik bilimleri boýunça ýöriteleşýän ilkinji döwlet uniwersitetidigini belläp, syýasy ylymlar, hukuk we ylahyýet ugurlarynda halkara hyzmatdaşlyklaryň we amaly barlaglaryň ösdürilýändigini nygtady. Jenap Arınjan ASBU-nyň sanly tehnologiýalara aýratyn üns berýändigini we häzirki global meseleleri çözmäge gönükdirilen bilim maksatnamalaryny hödürleýändigini aýtdy. Çykyşyň dowamynda, talyplar we mugallymlar alyş-çalyşy, bilelikdäki ylmy-barlag taslamalary we iki diplomly maksatnamalary döretmek arkaly türkmen uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi.

 Türkmen tarapy hyzmatdaşlygyň geljekde ösdürilmegi üçin birnäçe möhüm ugurlary hödürledi:

- Jemgyýetçilik ylymlary, halkara gatnaşyklary we filosofiýa ýaly ugurlarda bilelikdäki ylmy-barlaglary we konferensiýalary guramak.

- Erasmus we Mevlana başlangyçlarynyň çäklerinde akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny işläp düzmek.

- Halkara ülňülerine laýyk gelýän dersara magistr we doktorlyk maksatnamalaryny ornaşdyrmak.

- Derwaýys jemgyýetçilik we ynsanperwer meseleleri çözmek üçin halkara grant bäsleşiklerine gatnaşmak.

- Medeni diplomatiýa ýaly mowzuklar boýunça tomusky we gyşky okuwlary guramak.

- Sanly tehnologiýalaryň ulanylyşy arkaly onlaýn okuw maksatnamalaryny işläp düzmek.

Professor Arınjan hödürlenen hyzmatdaşlyk ugurlary üçin minnetdarlyk bildirip, olaryň häzirkizaman bilim başlangyçlary bilen utgaşýandygyny belledi. Ol ASBU-nyň Türkmenistanda, hususan-da, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy we Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin taýýardygyny tassyklady. Taslamalaryň üstünlikli utgaşdyrylmagy üçin uniwersitetara webinarlary we seminarlary guramak teklip edildi.

Duşuşygyň dowamynda, Türkmenistanyň Bilim ministri, degişli türkmen ýokary okuw mekdeplerinde türk professorlarynyň leksiýalaryny guramagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi şeýle-de, tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň jemgyýetçilik proseslerine täsirini öwrenýän sosiologik parklaryň döredilmegi boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy teklip edildi. Şol bir wagtyň özünde, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan yglan edilen “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli çäreleri hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralary geçirmek bilen bagly çäreleri bilelikde guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Professor Arınjan ASBU-nyň 2025-nji ýyl üçin meýilleşdirilen medeni we bilim çärelerini guramakda ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşykda hödürlenen taslamalary giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak we durmuşa geçirmek üçin iş toparlaryny döretmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Şeýle hem okaň: orient.tm

​​​