356
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyyllygyna bagyşlanyp 2024-nji ýylyň mart aýynyň 25-30-y aralygynda Arkadag şäherinde geçiriljek mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrýar.
Halkara matematika olimpiadasy mekdep okuwçylarynyň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, dost-doganlygy berkitmek arkaly giň dünýägaraýyşly öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmek, ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmaklaryna höweslendirmek, olaryň intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek maksady bilen geçirilýär.
Olimpiadanyň resmi iş dilleri – türkmen, rus, iňlis dilleri
Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşde I (bir) tapgyrda A we B derejede geçirilýär:
A derejä - 20 ýaşa çenli mekdep okuwçylar, olimpiadanyň geçirilýän döwründe öz ýurdunyň mekdebini tamamlanyna 1 ýyldan köp wagt geçmedik hem-de orta we ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmadyk uçurymlar gatnaşyp biler;
B derejä - ýaşy 15,5 geçmedik okuwçylar gatnaşyp biler.
Gatnaşyjy ýurtlar üçin iki derejede hem okuwçy (gatnaşyjy) sanynda çäklendirme ýokdur.
Olimpiada gatnaşýan ýurtlar bäsleşige 3 mesele hödürläp biler. Hödürlenýän meseleler anyk çözüwi bilen guramaçylyk toparyna 2024-nji ýylyň 25-nji fewralyna çenli iberilmeli.
Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän okuwçylar we olaryň topar ýolbaşçylary 2024-nji ýylyň 15-nji fewralyndan 10-njy martyna çenli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň internet sahypasy arkaly hasaba alynýar.
Olimpiada gatnaşýan mekdep okuwçylarynyň hem-de ýolbaşçylarynyň iýmit, ýaşaýyş jaý, ýurduň çägindäki awtotransport we olimpiada geçýän döwründäki syýahatçylyk bilen baglanyşykly çykdajylaryny bäsleşigi geçirýän ýurt öz üstüne alýar.
Habarlaşmak üçin:
Halkara matematika olimpiadasynyň guramaçylyk topary: +99312 448409, +99312 398550, +99365809906
met.ssimo@gmail.com