328
Türkmenistanyň Baş konsuly Güýç Garaýew «Akylly şäher. Sport bilen ýaşa» atly II Bütinrussiýa oýunlarynyň çäginde Saratow uniwersitetine bardy. Bu ýerde ol ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary we talyplary bilen duşuşdy diýip, Saratow döwlet uniwersitetiniň metbugat gullugy habar berýär.
Uniwersitetiň rektory A.N.Çumaçenko, halkara gatnaşyklar boýunça prorektory D.N.Konakow we okuw işleri boýunça prorektory I.G.Melinski bilen geçirilen söhbetdeşlikde türkmen diplomaty türkmenistanly talyplaryň uniwersitetde galmagynyň şertlerini ara alyp maslahatlaşdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda olaryň sany 1381-e ýetdi.
«Türkmenistanly talyplar uniwersitetimizdäki daşary ýurtly talyplaryň esasy bölegini emele getirýär. Biz olar üçin okuw hem-de ýaşaýyş babatda iň amatly şertleri döretmäge çalyşýarys» diýip, uniwersitetiň rektory belledi.
Prorektor D.N.Konakow Russiýadaky türkmen talyplarynyň jemgyýetçilik-medeni taýdan uýgunlaşmagy üçin görülýän çäreler barada habar berip, dürli gezelençleriň, okuw-treningleriniň, «Nowruz gözeli», «Talyplyk bahary», «Uniwersitet garjagazy» ýaly sport we medeni çäreleriň geçirilýändigini aýtdy.