img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi

188

...

Düýn Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny amala aşyryp, ählumumy meseleleriň çözgüdine, belent ynsanperwer ýörelgeleriň we gymmatlyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Adam hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde yglan eden hem-de umumy ykrar edilen halkara kadalaryň ileri tutulýan wezipelerini durmuşa geçirýän ýurdumyz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär.

Gün tertibine laýyklykda, mejlisde pudagara toparyň 2024-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy we adam hukuklary babatda milli meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz tarapyndan kesgitlenen wezipeleri mynasyp amal etmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri we beýleki abraýly guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň ähmiýeti bellenildi. Topar ýurdumyzyň ynsanperwer hukugy çygryndaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilen toplumlaýyn işleri alyp barýar. Mejlise gatnaşyjylar pudagara toparyň, döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň adam hukuklaryny üpjün etmek, halkara ynsanperwer hukugyny amala aşyrmak boýunça geljekde ýerine ýetirmeli işleriniň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Nygtalyşy ýaly, halkyň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşy üçin mynasyp şertleriň döredilmegi, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän demokratik özgertmeleriň esasy görkezijisi bolup durýar. Hasabat döwründe Türkmenistany has-da demokratiýalaşdyrmak, döwletiň kanuny esaslaryny berkitmek babatda birnäçe çäreleriň durmuşa geçirilendigi bellenildi.

Geçirilen işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde çykyş edenler BMG-niň adam hukuklary boýunça komitetleriniň raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek baradaky teklipleriniň ähmiýetine ünsi çekdiler. Milletler Bileleşigi tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlary durnukly ykdysady we durmuş ösüşi, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda birnäçe bilelikdäki hereketleri göz öňünde tutýar. Olar adam hukuklary bilen gönüden-göni baglanyşykly wezipeleriň toplumyny öz içine alýar. Munuň özi Türkmenistanyň BMG-niň düzümleri we beýleki halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi üçin goşmaça mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyz netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmakda BMG-niň düzümleri bilen gatnaşyklary giňeltmäge uly ähmiýet berýär. Şunda adam hukuklary ulgamynda meseleleriň giň toplumy, şol sanda gender deňligini üpjün etmek, enäniň, çaganyň saglygyny, maýyplaryň hukuklaryny goramak, ýaşlar syýasaty we beýleki ugurlar boýunça dialoga uly üns berilýär.

Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň her bir ugry bilelikdäki degişli meýilnamalara we taslamalara esaslanyp, alnyp barylýan işlerde aýdyň şöhlelenýär. Mejlise gatnaşyjylar ynsanperwerlik çygryndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-niň halkara resminamalaryna laýyklykda, milli hasabatlary, synlary taýýarlamak, adam hukuklaryny goramak boýunça öňdebaryjy tejribäni öwrenmekde yzygiderli geçirilýän okuw sapaklarynyň, maslahatlaryň we geňeşmeleriň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Şeýle hem halkara guramalaryň wekilhanalaryna berýän goldawlary we ählumumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyk üçin hoşallyk bildirildi.

Pudagara toparyň mejlisinde başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.