img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmenistanlylar üçin Nýu-Ýorkuň Kino akademiýasynda okamak mümkinçiligi peýda boldy

2782

...

Türkmenistandan kinematografistleriň hünär derejeli we höwesjeň toparlary gysga metražly filmleriň «48 sagatda düşürmeli» bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar.
Kinematografistleriň toparlarynyň her ýylky geçirilýän Merkezi Aziýa bäsleşiginde Türkmenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Täjigistandan gyzyklanýan adamlary topary Nýu-Ýorkyň Kino akademiýasyna gitmek üçin göreşerler.
Bäsleşigiň reglamentine laýyklykda oňa gatnaşyjylar 48 sagadyň dowamynda dowamlylygy 4 minuda deň bolan gysga metražly filmi surata düşürmelidir. Gatnaşyjylary hasaba almak 12-nji iýuna çenli dowam edýär, toparlary 48hourfilmrace.com saýtynda hasaba alyp bolýar.
Gatnaşyjylar döredijilik ýumuşyny birleşdirip, gyzga metražly filmi döretmeli bolarlar. Bäsleşigiň çäklerinde döredilen işleri seçip almagyň — iň gowy – 48  işiň gysga sanawy we halkara eminleriniň jemleýji ses bermegi ýaly iki-tapgyrly derejesini geçerler. Iň gowy materiallary saýlap almagyň kriteriýsi şulary öz içine alar: tehniki hil, çeperçilik gymmaty, döredijilikli çemeleşme, işiň gutarnykly bolmagy.
Düzgünleriň ýerine ýetirilip düşürilen ähli filmleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kinoteatrlarynda görkezerler we bäsleşigiň YouTube-kanalynda çykararlar.
«Iň gowy film» ugry boýunça ýeňiş gazanan döredijilik işgäri filmi döretmek boýunça dowamlylygy bir aý bolan Nýu-Ýorkuň Kino akademiýasyna intensiw kursa gitmek mümkinçiligini alar.
«Iň gowy talyplar filmi» we «Iň gowy höwesjeň film» ugry boýunça ýeňijiler bu akademiýada 15 hepdelik onlaýn-okuw üçin grant alarlar.
«48 sagatda düşürmeli» bäsleşigi 2015-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň Gazagystandaky Diplomatik wekilhanasynyň goldaw bermeginde geçirilýär.

 

 

Çeşme: https://orient.tm/tm/post/53935/turkmenistanlylarda-nyu-yorkun-kino-akademiyasynda-okamak-mumkinciligi-peyda-boldy