img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmenistanly ýaşlar ABŞ-da talyp hakly okuwlarda okamaga çagyrylýar

2679

...

«Fulbright» daşary ýurtly talyplaryň maksatnamasy bolup, türkmenistanly ýaşlara talyp hakly magistratura taýýarlygy boýunça okamaga mümkinçilik berýär. 2024-2025-nji okuw ýyly üçin maksatnama boýunça resminamalar kabul edilişigi dowam edýär.

Resminamalar 2023-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli kabul edilýär. Lukmançylyk we weterinariýa gözleglerinden ýa-da hassalar bilen göni aragatnaşyk saklamagy talap edýän hünärlerden başga beýleki ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär.

1-2 ýyllyk okuwlary öz içine alýan maksatnamanyň nobatdaky tapgyry 2024-nji ýylyň awgust aýynda başlanýar.

Resminamalary tabşyrmak üçin şu ýere basyň! Maksatnama barada giňişleýin maglumat almak üçin AshgabatEducation@state.gov salgysyna ýüz tutup bilersiňiz.