262
Türkmenistanda ýurduň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleriň I tapgyrynyň netijeleri yglan edildi. Ders bäsleşigi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde guraldy.
I tapgyrda Türkmenistanyň taryhy, matematika, iňlis we türkmen dilleri boýunça onlaýn-ders bäsleşikleriň dördüsinde paýtagtymyzdan hem-de ýurdymyzyň welaýatlaryndan ýokary synp okuwçylaryň 469-sy çykyş etdiler.
237 okuwçy has köp utuk toplap, bäsleşikleriň jemleýji II tapgyryna gatnaşmaga hukuk aldylar. Olaryň hatarynda Aşgabatdan 81, Mary welaýatyndan 42, Lebap welaýatynda 32, Balkan welaýatyndan hem şonça, Daşoguz welaýatyndan 26 we Ahal welaýatyndan 24 okuwçy bar.
Jemleýji II tapgyry 22-nji aprelde onlaýn görnüşde geçirmek meýilleşdirildi.
Ders bäsleşiklerde I, II we III orunlary eýelän ýeňijiler hem-de baýrak eýeleri, şeýle hem höweslendiriji orunlara mynasyp boljaklar Türkmenistanyň ýokary diplomatiýa mekdebinden Hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşinden ýadygärlik baýraklar gowşurylar.
Ýurdumyzda ders bäsleşikleri «Watanyň daýanjy – bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!» diýen şygary astynda geçirilýär.
Ders bäsleşikleri ählumumy parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi gazanmakda bilimiň eýeleýän belent ornuny alamatlandyryp, 2018-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen yglan edilen Halkara bilim gününe bagyşlandy.
Ders bäsleşikleriň geçirilmegi ýurduň ýaşlarynyň intellektual başarnygyny artdyrmaga, okuwçylary hünärlere ugrukdyrmaga ýardam bermäge, olaryň zehinlerini ösdürmäge, has zehinli we ukyply okuwçylary ýüze çykarmaga gönükdirilendir.