img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmenistanda Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

190

...

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kristofer Alberto Martinez Berroterandan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidenti Nikolas Maduro Morosyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Latyn Amerikasy ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmegi maksat edinýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi pikir alyşmalaryň mazmunyny düzdi.

Doly ygtyýarly wekil Mejlisiň düzümi we alyp barýan işi, onuň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleri kanunçylyk-hukuk taýdan üpjün etmekde eýeleýän orny bilen tanyşdyryldy. Şunda parlament ugry boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň iki dostlukly döwletiň arasyndaky gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga hyzmat etmäge ýardam berjekdigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda jenap Kristofer Alberto Martinez Berroteran parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we döredijilikli başlangyçlary giň halkara goldawyna eýe bolýan Bitarap Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.