img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmenistanda tölegli okan talyplar ilkinji gezek iki ýyllyk tejribeligi geçmezden diplom alarlar

2772

...

 

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň tölegli esasda bilim alan talyplary ilkinji gezek ozal ähli uçurymlardan talap edilýän hünäri boýunça iki ýyllyk tejribeligi geçmezden diplom alyp bilerler.

Uçurymlara diplom bermegiň tertibindäki bu üýtgeşme Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň TDH-nyň web sahypasynda çap edilen degişli Kararyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Ýatlap geçsek, geçen ýylyň tomsunda döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň tölegli fakultetlerini tamamlanlary iki ýyllyk hökmany tejribelikden boşatmak baradaky başlangyç bilen çykyş etdi.

Diplom bermegiň tertibine girizilen bu üýtgeşme ÝOM-laryň «lukmançylyk» we «pedagogika» hünärleri boýunça tölegli okan uçurymlaryna degişli bolmaz — olar hökmany iki ýyllyk tejribeligi geçmeli bolarlar.