401
Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, dabara ýurduň nebitgaz toplumynyň işgärleri we hünärmenleri gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine olaryň hünär baýramy mynasybetli iberen Gutlagyny diňlediler.
Soňra baýramçylyk mynasybetli gutlag çykyşlary diňlenildi.
Nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärleri netijeli zähmet çekmäge döredilýän giň mümkinçilikler, döwrebap şertler üçin döwlet Baştutanyna hoşallyklaryny beýan etdiler.
Baýramçylyk çäresiniň barşynda «Nebit-gaz» gazetiniň we Türkmenistanyň nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi tarapyndan geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara baýraklar, Hormat hatlary gowşuryldy.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezinde baýramçylyk konserti boldy.