img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmenistan we Ýewropa bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklar berkidiler

312

...

Türkmenistan we Ýewropa bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklar berkidiler


ÝB-niň «Erazmus+» maksatnamasyna ýokary baha bermek bilen Türkmenistan we Ýewropa bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek teklip edildi. Bu barada R.Meredow 2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Lýuksemburgda geçirilen «Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi» atly 19-njy ministrleriň duşuşygyna aýtdy. Daşary işler ministri öz çykyşynda ÝB bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we uzak möhletleýin maksatly özara gatnaşykda ileri tutulýan ugurlary belläp geçdi.
Şeýle hem ministr Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegini azaltmak baradaky ygrarlylygyny tassyklady. «Ýaşyl guşak» ýaly milli maksatnamalar barada çykyş edip, döwlet Baştutanynyň howanyň üýtgemegi boýunça meseleleri çözmek üçin Aşgabatda Howa tehnologiýalary sebit merkezini döretmek baradaky teklibi öňe sürýändigini belläp geçdi.
Lýuksemburgda geçirilen ministrler duşuşygynyň netijesinde ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin Bilelikdäki Ýol kartasy, şeýle hem ÝB-Merkezi Aziýa ministrleriniň
19-njy duşuşygynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.